19:50
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän
DÜNÝÄDE ŞEÝLERÄK ADAMLARAM KÄN

Gürleşseň, akylly danadyr özi,
Durşuna öwütdir her gepi-sözi,
Edil kalby ýaly.ş, aýykdyr ýüzi,
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän.

Hiç ýadaman söýgi sözün sözleýän,
Müň gözelden ýeke gyzy gözleýän,
Çyn söýginiň ýumagyny çözleýän,
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän.

Seniň pyşyrdyňy uzakdan eşder,
Tämiz kalby, göýä nura meňzeşdir,
Başyňa iş düşse, saňa dertdeşdir,
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän.

Haram baýlyk hakda ýada salmaýan,
Dogry ýoldan başga zady bilmeýän,
Gyşyk zat gözüne asla ilmeýän,
Dünýäde şeýleräk ädämlaram kän.

Hojarejep DAÑATAROW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 49 | Добавил: Mahremlik | Теги: Hojarejep Dañatarow | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hal / Goşgular - 02.01.2022
Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022
Ýagyş we Sen / Goşgular - 21.01.2022
Ir säheriň oýlary / Goşgular - 18.01.2022
Söýdüm... / Goşgular - 22.01.2022
Моцарт / Goşgular - 18.01.2022
Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
Gelsene... / Goşgular - 19.01.2022
Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]