01:10
"Dünýe bize ýakyn geldi..."
"DÜNÝE BIZE ÝAKYN GELDI..."

Dünýe bize ýakyn geldi
Çakymyzdan,
Ýakynmyzdan.
Ýakyndanam ýakyn geldi.
Biz oňa daşdadyr öýtdük
Ol-a ynhajykga eken.
Gözümiziň alnynda,
Burnumyzyň üstünde,
Gulagmyzyň düýbünde,
Elimiziň aşagynda,
Dilimiziň ujunda...
Bir salymlyk dyzyn epen.
Biz oňa başgadyr öýtdük.
Ol bolsa şu dünýä eken.

Dünýe bize ýakyn geldi,
Çakymyzdan,
Ýakynmyzdan..
Ýakyndanam ýakyn geldi...





Категория: Goşgular | Просмотров: 79 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Mynajat / Goşgular - 27.03.2021
Güýzüm sen / Goşgular - 30.05.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
...Göwnüm gaçdy / Goşgular - 24.03.2021
Nädemde näme? / Goşgular - 14.02.2021
Dag ahwaly / Goşgular - 12.02.2021
Hatlar / Goşgular - 26.05.2021
Kelle / Goşgular - 20.03.2021
Durmuşdan duýgular / Goşgular - 07.01.2021
Bu dünýä özüni görer özümde.. / Goşgular - 06.01.2021



Всего комментариев: 6
0
6 mango   [Материал]
Ol-a ynhajykga eken.
Gözümiziň alnynda,
1) Burnumyzyň üstünde,
2) Gulagmyzyň düýbünde,

1) dünýe "Burnumyzyň üstündekä" edeninene zat diýilmeýän, " ýüzüň üstünde burnuň bar" diýilmeýän dünýe ýada düşdi....
2) "Gulagmyzyň düýbünde" diýen ýerinde şo ýerik ýerleşen dünýäň gulagynyň düýbine bir şapbat çalyp içiňi sowadasyň gelip gidýä....

(ýene-de gowy goşgy)

-3
5 Tumarly   [Материал]
Her jedelimizde diýen ýalam Suraýyñ goşgularynyñ gürrüñi gidýär.

-3
4 Tumarly   [Материал]
Kitapcy saýty biziñ ücin uly baýlyk.

-3
3 Tumarly   [Материал]
Meniñ kakam edebiýatçy. Ejem mugallym. Umuman maşgalamyzda günde diýen ýaly edebiýatyñ üstünde jedel gidýär.

-3
2 Tumarly   [Материал]
Siziñ ajaýyp goşgularyñyz bar doganjygym.

2
1 Gumlygelin   [Материал]
Hawa Suraýjan.Ösen tehnologiýañ güýji bilen...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]