21:45
Dünýäniñ ugry hanjak?

DÜNÝÄNIÑ UGRY HANJAK?

Biz polýuslardaky buzlaryñ ereýändigi hakda aýdyp durkak, Tibet daglaryndan başga bir habar geldi... Şol bir wagtda Agry dagynda-da bir partlama bolup geçdi. Aslynda Agryda otuz ýyldan bäri barha artýan ereýiş bar. Dagyñ başyndaky buzlar her ýyl öñküsinden biraz ýukalýar.
Birnäçe ýerde adamlar asmanda partlap-ýylpyldap gidýän yşyklar, sesler duýmaga başlady! Diýmek, dünýäde nämedir bir zatlar-a bolup geçýär.
Biz heniz CoVID-iñ nämedigini adamlara düşündirip ýetişmänkäk, bu gezek yklymara üýtgeşmeler bahanasy bilen sahna çykdylar. Hem Türkiýe yklymara üýtgeşmeler babatda halkara kadalaryñ ähli kararlaryna eýermegi makul bildi. Bu manyda yslam dünýäsine, türk dünýäsine ýene "nusgalyk ýurt" boljakmykak?!. (Alla gorasyn!)
Bu pitnäniñ gözbaşynda Günbatar dünýäsi bar. Günbataryñ "Kyýamata" degişli añastyny Injiliñ "Ýuhannanyñ habary" bölümi kesgitleýär.
"Ýuhannanyñ habarynyñ" 8-nji bölüminde geçýän şu jümleler size nämäni ýatladýar:
"Ýedi perişde ellerindäki ýedi surnaýy çalmaga taýýarlandy. Birinji perişde surnaýyny çaldy. Gan bilen garyşan çagba we ot döredi, ýer ýüzüne ýagdy. Ýeriñ üçden bir, agaçlaryñ üçden bir bölegi we jümle gök otlar ýanyp kül boldy. Ikinji perişde surnaýyny çaldy. Ot-ýalyn sowurýan dag ýaly uly läbik deñize pürküldi. Deñiziñ üçden bir bölegi gana öwrüldi. Deñiz jandarlarynyñ üçden biri öldi, gämileriñ üçden biri ýok boldy. Üçünji perişde surnaýyny çaldy. Asmandan otly kesewi ýaly bolup ýanan uly ýyldyz derýalaryñ, bulaklaryñ üçden biriniñ üstüne düşdi. Ol ýyldyzyñ ady Pelin. Suwlaryñ üçden bir bölegi Pelin deý zeñledi. Zeñlän suwdan içen adamlaryñ köpüsi öldi. Dördünji perişde surnaýyny çaldy. Günüñ, Aýyñ, ýyldyzlaryñ üçden bir bölegi uruldy. Netijede şuglasynyñ üçden biri söndi, gije-gündiziñ üçden bir bölegi yşyksyz galdy. Soñra gögüñ ortasynda uçup barýan bir bürgüdiñ gaty ses bilen: "Surnaýlaryny indi çalmaly beýleki üç perişdäniñ surnaý seslerinden ýer ýüzünde ýaşaýanlaryñ waý halyna, waý halyna, waý halyna! Bäşinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden ýere düşen bir ýyldyz gördüm. Düýpsüz guýynyñ açary oña berildi. Düýpsüz çuñluklaryñ gapagy açyldy welin, guýydan tamdyryñ tüssesi ýaly tüsse çykdy. Guýynyñ tüssesi Günüñ we howanyñ ýüzüni gaplap aldy. Tüssäniñ içinden ýer ýüzüne çekirtge ýagdy. Bulara içýanyñ güýjüne meñzeş güýç berlipdi. Çekirtgelere ýer ýüzündäki ot-çöplere, ösümliklere ýa agaçlara däl-de, diñe alnynda Tañrynyñ möhri bolmadyk adamlara zyýan bermek buýruldy. Olara bu adamlary öldürmäge däl-de, bäş aýlap ejir çekdirmäge idin berildi. Çekdirýän ejiri içýanyñ adamy çakanda berýän yzasyna meñzeýärdi. Şol wagt adamlaryñ ölesi gelip ikiýana pelesañ urarlar, emma ölüp bilmezler. Ölüm olaryñ iñ uly arzuwy bolar, ýöne ölüm olardan gaçar. Çekirtgeleriñ daş görnüşi urşa taýýarlanan atlara meñzeýärdi. Başlarynda altyn täje meñzeş başgaplar bardy. Ýüzleri adamyñ ýüzi ýalydy. Saçlary aýalyñ saçyna, dişleri ýolbarsyñ dişine meñzeýärdi (…) Öñlerinde ýolbaşçy hökmünde düýpsüz çuñluklaryñ perişdesi bardy. Bu perişdäniñ ibrany dilindäki ady Awaddon, grek dilindäki ady Apollondyr. Birinji "waý" geçdi, ine, mundan soñ ikinji "waýam" gelýär. Altynjy perişde surnaýyny çaldy. Tañrynyñ öñündäki altyn altaryñ dört buýnuzyndan gelen ses eşitdim. Ses eli surnaýly altynjy perişdä "Ýewfrat derýasynyñ ýanynda duran dört perişdäni çöz" diýdi.
Edil şol sagat, şol gün, şol aý, şol ýyl üçin taýýar duran dört perişde adamlaryñ üçden birini öldürmek üçin boşadyldy. Atly goşunlaryñ sany 200 milliondy, sanlaryny bildim. Daşyndan atlary we çapyksuwarlaryny-da gördüm. Oduñ, gökýakudyñ, kükürdiñ reñkinde göwüs goraýjylar (bronžiletler -t.b.) geýipdiler. Atlaryñ kellesi ýolbarsyñ kellesine meñzeýärdi. Agyzlaryndan ot, tüsse, kükürt syçraýardy. Adamlaryñ üçden bir bölegi bularyñ agzyndan syçraýan otdan, tüsseden, kükürtden öldi. Atlaryñ güýji agzynda we guýrugyndady. Ýylana çalymdaş guýruklarynyñ ujy bilen zyýan berýärdiler. Aman galan adamlar, ýagny bu belalardan ölmedikler öz elleri bilen ýasan butlaryny taşlap, toba etmediler. Jynlara we görmeýän, eşitmeýän, ýöremeýän altyn-kümünç, bürünç, daş, tagta hudaýlaryna çokunmakdan ýüz öwürmediler. Adam öldürmekden, jadygöýlükden, jelepçilikdir ogurlyk etmekden ýüz öwrüp toba etmediler."

"Ýuhannanyñ habary" jemi 22 bölümden ybarat. Men diñe şu günümize degişli 8-9-njy bölümleri gysgaça beýan etmäge synanyşdym.
Şeýle-de, size CoVID hakda ýene bir täzelik aýdaýyn: Hytaýyñ Halkara radiosy "Koronawirusyñ atasy Bariç biologik ýarag hökmünde ulanyp boljak başga bir wirusy öndürdimikä? Bu meseläni mazaly derñemek gerek". Bu nämäni añladýar. Bariç 2006-njy ýylda ýazan makalasynda rekombinasiýa tehnologiýasynyñ biologiki köpçülikleýin gyryş ýaraglary boýunça geçiren barlaglarynda peýdalanyp boljakdygyny ýatladypdy. Hawa, mälim bolşy ýaly, Barik SARS barlaglary ady bilen birnäçe ýyl bäri koronawiruslaryñ genleri bilen oýnaýar.
Biziñ Ekerançylyk ministrimiz-de yklymara üýtgeşmelere yşarat edip "täze düzgünli" döwre degişli pikiri orta atdy: Mundan beýläk has köp ýangynlar, gytçylyklar we suw-sil joşgunlary bilen gidişmeli bolarys. Mundan beterräk zatlaram bolmagy mümkin, emma ol häzirlikçe diñe şu üçüsini agzady. Ýogsam bolmasa, Stambulda, Egeýde ýakyn wagtlarda güýçli ýer titremeleriniñ bolmagyna garaşylýandygy gizlin syr däl.
Dr. Metin Duýar suw uruşlaryna ünsi çekip ýazan makalasynda gysgaça "Sferalaýyn yklymara üýtgeşmäniñ ýer ýüzünde emele getirjek suw ýeter-ýetmezliginiñ urşa şert döretmezligi üçin öñe sürüljek iñ dogry çözgüdi - muña degişli ýurtlaryñ bir ýere jemlenip, suw rezerwleriniñ ynsanperwerçilikli şertlerde gyradeñ ulanmaga berilmeginiñ meýilleşdirilmegindedir" diýýär. Emma munam etmek mümkin bolmajaga meñzeýär. Şu gidişine gitse, ýaşaýşyñ jany bolan suw ölümlere sebäp bolup biler. Şu ikiarada Türkiýede sintetik et önümçiligi ýola goýuldy. Hatda onuñ satylýan nokatlary-da açyldy. Wegetarianlaram indi bu ete meñzemeýän "etden" arkaýyn iýibermeli(!) Şeýle-de, biz mutasiýa geçiren siñekleriñ gelmegine garaşyp ýörkäk, Batmanyñ Gerjüş raýonynda 20 santimetre golaý uzynlykda et iýiji mähnet çekirtgeler peýda boldy.
Bir ýandan ereýän polýusyñ buzlary ýa-da belent daglaryñ depesindäki buzluklardan deñize we agyz suwlaryna garyşýan kristallaşan mikroblaryñ janly-jandarlarda mutasiýa geçirdip biljekdiginiñ howatyry dörese, başga bir ýandanam bize Aýa, Marsa gidip gelmekden söz açýanlar dünýäniñ belli-belli ýerlerinden ýer satyn alýarlar. Olaram bir günüñ dowamynda has sowuk we ekwatordan has yssy geografik giñişlikde ýaşamagyñ kynçylygyny hem-de dünýäde heniz üsti açylmadyk tebigy baýlyklaryñ Aýdaky, Marsdaky baýlyklardan has köpdügini gowy bilýärler. Emma bular ýaly hyýaly arzuwlara ynanýanlar boldugyça heniz-henizler Aýda amerikan baýdagy pasyrdar durar.
Hawa, dünýäde "paranormal hadysalar" bolup geçýär. Bularyñ bir bölegi müñ ýylda bir gezek bolup geçýän wakalar, bir bölegi bolsa muny peýläp ýangynyñ üstüne ot bilen gidýänleriñ gurnaýan pitnelerinden döreýär.
Global banda käbir ýurtlardan aldygyna ýer satyn alýar. Eýsem global banda nämüçin ýer satyn alýar, nämä taýynlanýar? Global banda "GreatReset"-e taýynlanýar. Birileri Egeý, Hataý, Urfa, Agry sebitlerinden ýerdir gaçybatalga satyn alýan bolsa, munuñ hökman bir sebäbi bolaýmaly. Fergana, Owganystan, Eýran, Yrak, Siriýa koridory möhüm. Trans Kawkazlar, Hazaryñ iki ýakasy, Gürjüstan koridoryndan Urfa, Adyýamanyñ üstünden Maraşa uzalýan koridor möhüm. Mäti, Mesih, Äjit-mäjit (Gog-Magog), Melhemeýi-Kübra, Armageddon, “Sekine”, taryhyñ soñy we medeniýetler arasyndaky çaknyşyk gürrüñiniñ agzalýan günlerinde bular ähmiýetli meseleler. Şu günlükçe bes. Salam we doga bilen.

Abdyrahman DILIPAK.

"YENI AKIT" gazeti, 12.08.2021 ý.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 113 | Добавил: Gökböri | Теги: Abdyrahman Dilipak | Рейтинг: 5.0/1
Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]