17:36
Dünýäniñ iñ gözel ýeri hakynda hekaýat
DÜNÝÄNIŇ IŇ GÖZEL ÝERI HAKYNDA HEKAÝAT

Görjek bolýan ýaly jadyly düýşi,
Ýaşlygyndan arzuw eden bir kişi.

Elmydam besläpdir ol ýüreginde,
Ýaşamaklyk dünýäň gözel ýerinde.

Agtaryp gözelden-gözel ýerleri,
Kän gezipdir saçyp maňlaýdan deri.

Iň gözel ýerleri tapypdyr ol kän,
Agzyn açyp oňa galypdyr haýran.

Görüp Täçmahaly, ençe baglary,
Şaglawuk, giň sähra, belent daglary.

Aradan geçipdir kän-kän aý-ýyllar,
Kän gezek açylyp solupdyr güller.

Ýürek gysyp misli aýagna duzak,
Hiç haýsynda ýaşap bilmändir uzak.

Aýlanyp-aýlanyp surnugan pahyr,
Öýüne dolanyp gelipdir ahyr.

«Iň gözel ýerini tapdyňmy gözläp?»,
Sorapdyrlar ýerli-ýerlerden sözläp.

Ol kişi gürläpdir dil açyp kem-kem,
«Iň gözel ýer ata Watanym eken!»

Aýdyň sizem gözel ýeri sorana,
«Iň gözel ýer Watanydyr ynsana».

Eziz YKBAL.




Категория: Goşgular | Просмотров: 23 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Eziz Ykbal | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021
Garaşmak / Goşgular - 13.03.2021
"Siz" diýme maña... / Goşgular - 11.02.2021
“Iň bolmanda, sen-ä wepaly maňa...” / Goşgular - 19.03.2021
Düýş / Goşgular - 12.02.2021
„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“ / Goşgular - 18.02.2021
Gökdepe mukamy / Goşgular - 14.01.2021
Näme boldy? / Goşgular - 26.05.2021
Muhabbet synagy / Goşgular - 18.01.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]