20:01
Dünýäniñ göwheri / hekaýa
DÜNÝÄNIÑ GÖWHERI

Radioda ýene-de şol ajaýyp, imrindiriji owaz ýaňlanyp başlady. Bagşynyň şirin owazyna eýelenen sözler ýüregime ýetdi:

Gözüm röwşen tapar gördügim saýy,
Gyzlaryň soltany-hany Ogulbegeg-eý, Ogulbegeg-eý... 

Men bu owaza maýyl bolup oturşyma, şol birwagtky wakalary hakydamda getirdim.
... Mana düşünip başlanymdan, öz adymdan närazylygym güýçlenip ugrady. Türkmende owadan-owadan atlar barka, näme üçin maňa ala-böle beýle bigelşik at dakdylarka diýen pikir gijede-gündizde rahatlyk berenokdy. Güljeren, Gülsoltan, Gülşirin, Güljemal, Nurjemal dagynyň atlaryna-da, özlerine-de gözüm gidýärdi. Meniňem adymyň şolaryňky ýaly owadan bolmagyny isleýärdim-de ejeme igenip başlaýardym. Şonda ejem meni köşeşdirýärdi:
–    Seniň adyň hemmeleriňkiden owadan ahyry, Ogulbeg! Oglanlaryň begi, ýeri saňa başga näme gerek, heý, owadan kemi barmy? 
Men şonda müzzerip oturardym-da, has hem şumjarardym.
–    Onda garramda menem Ogulbeg daýza ýaly bolarynmy? 
Ejem hezil edip gülerdi-de, yzyndanam ýaltanman düşündirerdi:
–    Wah, çaga başyňa döneýin, balam. Munuň alada edýän zadyny gör-ä. Ýok, balam, sen onuň ýaly bolmarsyň. Sen, görýärmiň, nähili naşyja. Şunlugyňa-da galarsyň. Uz owadan gyz bolup ýetişersiň enşalla. Ogulbeg görgüsi ýamanyň görmedigi görde galypdyr ahyryn. Ogullary urşa gidip, şol ýerde wepat bolupdyrlar.  Adamsyny ondan has öň tutha-tutlukda tussag edenmişler. Şeýdibem, ýeke galyberipdir, pahyr. Ynha, indi dünýä sygman, birhili dälirän ýaly bolup ýör, görgüli. 
Öz adyma gezek gelende bu zatlara aklym ýetmeýän ýalydy. Oba arasynda onuň-munuň gapysynda mysapyrja gezip ýören daýza bilen atdaş bolasym gelenokdy, oňa meňzäsimem. Ýöne etjek zadym hem ýokdy, olam Ogulbegdi, menem Ogulbeg. 
Käte-käte joralarym bilen gepim alyşmadyk çagy, olar içimi ýakjak bolup, maňa “Ogulbeg däli” diýerdiler. Şonda meniň gaharym ýetjek derejesine ýeterdi-de, bir gizlinjek ýerde oturyp, aglap başlardym. Tä aglap-aglap içim mazaly boşaýança, sesimi goýmazdym. Bir gün men şol bukuja ýerde aglap otyrkam, Nursoltan gelnejem üstümden geläýdi. Ol meniň bolup oturşymy görüp, ylgap ýanyma geldi: 
–    Ogulbegim, näme aglaýaň, köşek, kim seniň göwnüňe degdi, hany, aýt maňa. Goý sesiňi özüňem, aglamaňy bes et. 
Ol hem gürleýärdi, hemem aldygyna meniň gözýaşlarymy süpürýärdi. Yzyndan hem ýaňagymdan taýly gezek ogşaşdyryp başlady. 
–    Ýör, öýe gideli, süýjüje çaý bereýin men saňa. Beýdip aglap otursaň, ulalaňda gözleriň kiçijek bolar. Sen ýaly owadanja gyzyň gözleri kiçijek bolsa, gelişmez ahyryn, ýa sen şonam bileňokmy, ejeň ony aýtmadymy saňa ýa ejeň bir zat diýip käýedimi? 
Men “jük”  diýip kellämi ýaýkadym. Ol meniň garşylygyma bakman, elimden tutup, öýlerine alyp gitdi. Nursoltan gelnejemiň ýeke özi ýaşaýardy. Ejemiň aýtmagyna görä, Annageldi kakam urşa gidip gelmändir. Gelnejemiň ogul-gyzam ýok. Käte-käte Nursoltan gelnejeme gözüm giderdi. Onuň derek ýaly boýuna, baýdak ýaly sypatyna, Nursoltan diýen ajaýyp adyna öz ýanymdan guwanardym. Men onuň özüniňem, adynyňam muşdagydym. Nursoltan meniň üçin dünýäde iň owadan atdy. Nursoltan gelnejemem iň owadan aýaldy. Şonuň üçinem eý görýän gurjagymyň ady Nursoltandy. 
Gelnejem derrew çaý  demledi. Nogul-nabatly süýjüdany öňüme süýşürdi. 
–    Al balam, süýji bilen çaý iç, çaý seniň gaharyňy basar. Ýa çaýyňa gant ataýynmy? 
Şeý diýip gelnejem meniň saçlarymy sypady-da, ýene-de mähremlik bilen ogşap başlady. “Meňem seniň ýalyjak gyzym bolaýmaly ahyry”. Onuň bu bolşuna näme üçindir, hopukdym. Gowy görýän zadym gantly çaý bolsa-da, oňa milt edip bilmän, müzzerdim galaýdym. 
Nursoltan gelnejem welin, meni has hem ezizledi. 
–    Beýtme-dä, balam, sen göwnüňe kimiň degenini maňa bir aýt, özümjik petigulysyny bereýin. 
Men hossar tapynan ýaly boldum: 
–    Gelneje, ejem näme üçin maňa şu ady dakdyka? Indi hemme kişi maňa “Ogulbeg däli” diýýär. 
Nursoltan gelenejem nämäň-nämedigine düşündi-de, uludan demini aldy. 
–    Wah, balam, gürrüň mundan turdydiýsene! Ýeri seň adyň näme kemi barmyş. Gül ýaly. Hakyt oglanlaryň begi ahyry sen, onsoň näme üçin kemsinýäň?! Entek sen çaga, bilýänem dälsiň. “Ogulbeg” diýip aýdymam bar. Baý, gowy aýdym-a! 
Men gözlerimi mölerdip, oňa seretdim.
–    Men Ogulbeg daýza bilen atdaş-da. 
–    Wiý bolaňda näme, Ogulbeg daýzaň näme ilden kem ýeri barmy? Ýöne pahyryň güni kem. Ogul ýok, gyz ýok, ýoldaş ýok, olam men ýaly bir özi bir öýde gugaryp galan pahyr-da.  Annageldi kakaň toýumyzyň yz ýanyndan fronta gitdi. Ogulbeg pahyryň iki ogly hem urşa gidip gelmedi. Adamsam öň basylypdyr. Ynha, indi ol görgüli şolaryň agysyny aglap ýör. Kim ýüz berse, şonuň gapysynda. Azary-bizary ýok. “Öýe sygamok, dünýä sygamok” diýýär görgüli. Men şoňa ýüregim bilen ynanýan-da. Ynha, menem wagtal-wagtal öýe-de sygamok, dünýä-de. Şonda baş alyp ümdüzine gidiberesim gelýär. Çöllere çykasym gelýär.  Ýöne il-gün seniň ýaly naşyja gyzjagazlar bir gowy zat. Size seredip, derdim egsiläýýär. Soňam meni iş güýmeýär. Iş dagy bolmasa, meniňem Ogulbeg daýzadan gowulygym bolmaz.  Ine, ýaňy seň ýanyňa baramda-da, dünýä sygman durdym. Seň aglap oturanyňy görüp, özümi ýadymdan çykaraýdym. Adym owadan däl diýip, hijem kemsinmegin, aglamagyn. Aglasaň, owadanlygyň gider. Sen, gör nähili, owadanja. Men saňa bir aýdym bar diýdim-ä, ana şol aýdymda “Dünýäniň göwheri jan Ogulbeg” diýilýär. Sen entekler balaja bolýaň, balam. At adama görk berýän däldir, adam ady bezeýändir. Hergiz-hergiz ýadyňda bolsun. 
Şol gezek men Nursoltan gelnejemiň ýanynda gaty köp oturdym. Onuňam meni goýberesi gelmedi. Ikimiz birhili ysnyşaýdyk. Şondan soň men onuň öýündedigini bilen badyma ýanyna yglaýardym. Onuň aýdyp berýän ertekilerini, süýji-süýji gürrüňlerini hezil edinip diňleýärdim. Ol ýuwaş-ýuwaşdan adam ömrüniň manysynyň onuň ady bilen bagly däldigini, adyň owadanlygy üçin özüň artykmaç bolmalydygyny düşündirýärdi. Ol maňa öý-içerä seretmänem, keşde çekmänem, başga-da, gyzlara mahsus häsiýetleri-de öwredip başlady. Ese-boýa galanymdan soňa, Nursoltan gelnejemiň ýanyndan aýrylmadymam. Şol gezegem bileje toýa gitmegi Nursoltan gelnejem teklip etdi. 
–    Bar, keýijegim, ejeňden sorap gel. Ho-ol ilerki Hojaly daýylar toýlaryna Aşgabatdan ýörite bagşy çagyranmyşlar. Bileje gideli, birsellem bagşy diňläli.
Men derrew öýe gidip, ejemden rugsat aldym, hemem iň gowy görýän alaça köýnegimi geýdim. Biz toýa baranymyzda iňrik garalyp barýardy. Hoja agalaryň gapysyndaky aýtymda bagşy  daşyna märeke baryny üýşürip, aýdyma gygyryp otyrdy. Men indi öňki ýaly adymy halaman ýören gyzjagaz däldim. Indi uly gyzlyň dünýäsiniň gapysyndan girip barýan  Ogulbegdim. 
        Bagşynyň aýdymy şirinden-şirin ýaňlanýardy. Onuň her bir sözi, dutaryň her bir kakuwy ýüregimiň üstünden geçýärdi. Dogrusy, ol aýdymlaryň ählisi diňe meniň üçin ýaňlanýan ýalydy. Belki, bu heniz durmuşyň gyrasyndan ýaňy girip barýan ýaş ýüregiň telwasydyr. Ol ýerde mekan eýlän düşnüksiz duýgularyň teswiridir. Ynha, birdenem bagşynyň bokurdagyndan gaýnap çykýan sözler maňa has mährem eşidilip ugrady:

Gara-gara gözler bilen,
          Heý-heý, gözleşmeşek oýnagaly,
Şirin-şirin sözler bilen, 
          Heý-heý sözleşmeşek oýnagaly,
Näzik inçe biller bilen,
          Heý-heý, guçuşmaşak oýnagaly, 
Baldan şirin lebler bilen,
          Heý-heý, öpüşmeşek oýnagaly,
Ak hynaly gollar bilen,
          Heý-heý, guçuşmaşak oýnagaly,

Bagşynyň mylaýym sesinden tutuş süňňüm elenýärdi. Men öz bolşyma haýran galyp, bagşynyň owazyna imrindim. Ol bolsa, dünýäni bilmän, aýdymyna gygyrýardy. 

Bas gadam didäm üstüne, keýgim, 
Jüp basan aýajyklaryňdan,
Ýaz aýlary goýun sadmaga çekanda
Gum basan aýajyklaryňdan ... 
Jüp basan,
Gum basan,
Çör basan aýajyklaryňdan
Jan Ogulbeg, eý, han Ogulbeg...

Bagşynyň häsini ýetirip, onuň gapdalynda gor berip oturan adamlar has golaý-golaý süýşüp başladylar. Edil şol wagtam Ogulbeg daýza zöwwe ýerinden galdy-da, öý eýesine azmly gepledi:
–    Hojaly, bu näme etdigiň boldy? Utanaňokmy, uýalaňokmy, ýöne “Ogulbeg” diýip, gygyrdyp dursyň-la bagşyňy. Oba arasynda beýdip durmak aýypdyr ahyry. Öý arasynda öý ýokka “Ogulbeg” diýip gygyryp durmek bolmaz. Menden başga-da gelin-gyz kän şu obada. 
     Oturan märeke tutdy bir pakyrda. Kim Ogulbeg daýza gop berse, kimsi başga gop berip, “how” diýdigim diýip gygyrýardy. Men aýdymyň täsirinden çykyp bilmän, Nursoltan gelnejeme gysmyljyradym. Özümem indi bu ýdymy hiç kimiň şärik bolmazlygyny, onuň diňe meniň üçin ýaňlanmagyny isleýärdim. Hojaly  aga Ogulbege daýzany köşeşdirjek bolup başagaýdy.
–    Gelneje jan bu halk aýdym ahyryn. Bagşylaryň aýdyp ýörenine ýüz ýyllar geçendir. Ony Kemine şahyrymyz ýazypdyr. Gel, gowusy, çaý iç! Özümjik ýanyňda oturaýyn. – Hoja aga sözüniň soňuny degişmä ýazgyrdy. – Aý Ogulbeg gelneje, ýaş wagtyňyz, baý, agamyzyň başyny aýlansyňyz-la, çöp basan aýajyklaryňyz bilen. 
Ogulbeg daýza birdem üşerilip durdy-da, özüne gelişmeýän wäşilik degişme bilen jogap berdi.
–     Bu aýajyklaryň çöp bilen gum basyp ýörenine eslije wagt geçendir weli, senem-ä gündaga girip bilmersiň. Gumy, çöpi-çöri basýan aýajyklaň yzyndan, baý, kän ylgansyň-a. 
Ogulbeg daýzanyň sözleriniň manysyny doly tirip bilmesemem, onuň Hoja agany geplemez ýaly edenine düşündim. Şoldur-da-şoldur, men öz adymdan utanmadym. Onuň üçin ejeme-de igenmedim. Gaýta, indi men öz adyma buýsanýardym. Ogulbeg!..
Ine, ýene şol jadylyja owaz, şo-ol birmahalky şirinligi bilen ýaňlanyp dur:
“Dünýäniň göwheri, jan Ogulbeg...”

Ogulgerek USSAÝEWA.





Категория: Hekaýalar | Просмотров: 387 | Добавил: Нawеran | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Женитьба лейтенанта / рассказ - 02.01.2022
Şeftren / hikaye - 04.01.2022
Kapkaç / hikaye - 19.01.2022
Janköýerler / hekaýa - 22.01.2022
Soltangözel gelneje / hekaýa - 22.01.2022
Mukaddeslik hakynda bir kyssa / hekaýa - 24.01.2022
“Brawo, maestro!” / hekaýa - 22.01.2022
Direnmek Güzeldir / hikaye - 18.01.2022
Sogap / hekaýa - 24.01.2022
Mürepbe / hekaýa - 24.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]