00:16
Dünýäniñ
DÜNÝÄNIÑ

Wepadar uz gelinleri,
Gyzlary söýgi dünýäniñ.
Ähli zada baha kesýän
Güýzleri söýgi dünýäniñ.

Pugta düwülen ýumrugy,
Aýasy söýgi dünýäniñ.
Günleriniñ ýaz güneýi,
Saýasy söýgi dünýäniñ.

Ýyldyzly, Aýly gijeler,
Owadan gyzy diñlärin.
Asmany, zemini bilen
Özi çyn söýgi dünýäniñ.

* * *

Jana-jan dostumdy,
Gitdi dünýäden,
Gitmänkä başyndan ýigitlik ýazy.
Ajala aldyryp ýaz ýaly ýigdi,
Ýaz ýaly ömürden ýitirdik ýazy.

Şonda bildim ajylygyn ajalyñ,
Hem bildim durmuşyñ süýjüligini,
Owal-ahyr bizi ýaşadýan zadyñ -
Bildim bu dostlugyñ güýjüligini...

Indi öýlerine barmak ýeñil däl,
Indi öýlerine barmazlyk agyr.
Barsam - enäñ derdin gozgaýan ýaly,
Barmasam - iýýän dek ýüregniñ ýagyn.

Aşyrguly BAÝRYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 173 | Добавил: Mahymm | Теги: Aşyrguly Baýryýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gelsene... / Goşgular - 19.01.2022
Söýdüm... / Goşgular - 22.01.2022
Göwnüm geçdi / Goşgular - 08.01.2022
Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
Mähriban / Goşgular - 07.01.2022
Призрак / Goşgular - 18.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022
"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 puo   [Материал]
молодец

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]