23:18
Dünýäni bagryma basdym...
DÜNÝÄNI BAGRYMA BASDYM...

Dünýäni bagryma basdym,
Gül ýaly ekeni dünýä.
Ol şeýle eziz göründi,
Pul ýaly ekeni dünýä.
Tas gysyp janyn alypdym,
Gul ýaly ekeni dünýä.
Köwsarlap ýatyr gujakda,
Ýel ýaly ekeni dünýä.
Dünýäni bagryma basdym:
Gyz ýaly ekeni dünýä.
Al salyp, deşdi bagrymy,
Biz ýaly ekeni dünýä.
Ýaralarma yza berdi,
Duz ýaly ekeni dünýä.
Depelenip, leji çykan
Kiz ýaly ekeni dünýä.
Dünýäni bagryma basdym:
Şelaýyn ekeni dünýä.
Ganymy sordy söýgüläp,
Mylaýym ekeni dünýä.
Gulanym, keýgim, tawusym,
Ýylanym ekeni dünýä.
Diş gysyp, çümüp ahmyra
Dilänim ekeni dünýä.
Gürzüsin urdy böwrüme,
Ysrapyl ekeni dünýä.
Gülüp, güldürip öldürdi,
Ezraýyl ekeni dünýä -
Dünýäni bagryma basdym...

Ahmet MÄMMEDOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: Haweran | Теги: Ahmet Mämmedow | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Yşk öýüm / Goşgular - 26.02.2021
Seýrek nusga / Goşgular - 20.02.2021
Güýzüm sen / Goşgular - 30.05.2021
Esger jigime / Goşgular - 05.02.2021
Durmuşdan duýgular / Goşgular - 07.01.2021
Dünýäñ aýdymy / Goşgular - 03.06.2021
Durmuş otlusy / Goşgular - 20.03.2021
Nädemde näme? / Goşgular - 14.02.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Goşgular / Goşgular - 09.01.2021



Всего комментариев: 1
0
Menem şular ýaly bir dünýäni tanaýan. Reklama :))

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]