04:42
"Dünýäm saña näme boldy?"
“DÜNÝÄM SAŇA NÄME BOLDY?”

Törüňe düşdümi talaň,
Dünýäm saňa näme boldy?
Kerwenden üzülip galan,
Düýäm saňa näme boldy?

Dabany derde daglanan,
Depesi gökde garlanan,
Harlar içinde harlanan,
Haýam saňa näme boldy?

Bagryny owmaç deý owan,
Jigeri çeşminden çowan,
Saňa näme boldy, dogan,
Uýam saňa näme boldy?

Duýgularym alasarmyk,
Gamly başy ala garly,
Saňa näme boldy, dagym –
– Gaýam saňa näme boldy?

Gurbandurdy ORAZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 107 | Добавил: Aksary | Теги: Gurbandurdy Orazow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Bäbejik / Goşgular - 12.01.2022
"Он был студентом, театр любил и книжки..." / Goşgular - 18.01.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
Dillen durmuş / Goşgular - 17.01.2022
«Любовь ушла...» / Goşgular - 24.01.2022
Ýitmek / Goşgular - 12.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Waspnama / Goşgular - 16.01.2022



Всего комментариев: 3
0
3 Mahremlik   [Материал]
Gaty gowy sag bolun paylasanyňyz üçin

0
2 Aksary   [Материал]
Sag boluñ.
Suraý uýam siziñ 2008nji ýylda çap bolan "Gabanmak"goşguñyz goýduñyzmy şu saýtda,ýok bolsa goýaýyñ.

0
1 Mähriban   [Материал]
Sag boluň paýlaşanyňyz üçin!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]