11:38
Dümew
DÜMEW

Keselleriñ öñini almaklykda her bir adamyñ, şol sanda ene-atanyñ we mugallymyñ hem ýardamy zerur bolýar. Diñe bilelikde geçirilýän işleriñ netijesi çagalaryñ we olaryñ maşgalalarynyñ sagdyn bolmagyna ýardam berer.

Belli bolşy ýaly, ynsan saglygyna täsir ýetirýän esasy sebäpleriñ biri howa we onuñ çalyşýan wagtydyr. Güýzüñ gelmegi bilen dümew kesellerine has köp duş gelýäris.
Howañ sowamagy bilen ýoñlaman tomusa çykan adamlara duş gelmek juda kyn bolsa, eýsem 2-3 gezek kesel ýokan adamlara añsat duşmak bolýar. Bu ýagdaý her bir adamyñ bedeninde döreýän gorag güýçlerine, ýagny immunitetine bagly bolýar.
Bu keselleriñ sany uly adamlarda-da çagalarda bolşy ýaly okuw döwründe has ýygy duş gelýär. Bu ýagdaý umuman jemgyýetçilik, köpçülikleýin ýerlerinde, şol sanda mekdeplerde we başga okuw jaýlarynda jem, çagalaryñ köp adamlar bilen bir otagda geçirýän wagtyñ uzaklygyna bagly. Toý-tomaşalarda we umumy jemgyýetçilik ýerlerinde, şol sanda ulaglarda, okuw otaglarynda arassalanyp ýetişmeýän howadan köp adam bir wagtda dem alýar. Belli bolşy ýaly, howada dürli keselleriñ, şol sanda dümewiñ we inçekeseliñ hem möwjükleri bar.
Salkyn howanyñ çalyşýan pasyllary dümew keselleriniñ ýaýramagy, çagalar we bäbege garaşýan zenanlar üçin has howply bolup durýar.
Çagalaryñ ösüp gelýän bedeninde-de kesel dem alyş ýollarynhñ ýokarky bölümlerine geçýär we keseli agyrlaşdyrýar.
Geljekki enelerde göwreliligiñ dürli agyrlaşmalary bolup bilýär. Olarda düwünçegiñ düşmek ýa-da wagtyndan öñ dogum howpy, çaganyñ daşyndaky suwuñ köpelmegine ýa-da tersine azalmagyna getirip bilýär. Olardan başga, düwünçek bilen deñ döreýän we çaga dünýä inenden soñ gopup aýrylýan çörekçäniñ (çagañ ýoldaşynyñ) çişi ýa-da gatamagy ýüze çykýar. Göwreliligiñ birinji ýarymynda dümewiñ möwjükleri düwünçekde on iki synasynyñ bozulmagyna getirip, çagada dogabitdi kemçilige getirýär. Göwreliligiñ ikinji ýarymynda zenanlaryñ dümewlemegi dünýä inmedik çagada öýken, ýürek, bagyr we başga sowuklamamalara getirip bilýär.
Gynandyrýan zatlaryñ biri - dümewiñ möwjükleriniñ dermanlara durnuklylyk we çalt üýtgemek (mutasiýa) ukybydyr. Lukmançylyk ylymlarynyñ ösüşine garamazdan, dümewiñ öñüni almak üçin belli netijeli serişde bar diýip bolanok. Oña garşy esasy göreş ýoly bolup şahsy arassaçykyk we gorag güýçlerini ýokarlandyrýan çäreler bolup durýar.
Ol keselleriñ öñüni almaklykda her bir adamyñ, şol sanda ene-atanyñ we mugallymyñ hem ýardamy zerur bolýar. Diñe bilelikde geçirilýän işleriñ netijesi çagalaryñ we olaryñ maşgalalarynhñ sagdyn bolmagyna ýardam berer.
Otaglarda ýygy-ýygydan çygly arassaçylyk geçirmeli, ýygy-ýygydan penjireleri açyp, howany täzelemeli. Her bir adamda ýoñlamak alamatlary ýüze çykan badyna, ol işden, okuwdan ýa-da başga jemgyýetçilik ýerlerinden galmaly we bejergi almaly. Bu çäreler diñe başgalary kesel ýokmaklykdan goraman, eýsem kesellän adamda-da dümewiñ agyrlaşmalarynyñ öñüni almaklykda ähmiýeti uly.
Bedeniñ gorag ukybyny artdyrmak we ýokançlyga garşy çykmak üçin tebigy usullaryny we ösümliklerden taýýarlanan serişdeleri giñden ulanylmaly.
Ata-baba bilinip gelinýän em-ýomlaryñ ähmiýeti şu günler hem peselenok. Olardan sogan, sarymsagy iýmit üçin ulanmak keselden goraýandygy hemme kişä bellidir. Buýan köküni termosa demläp, içmek gorag ukybyñy galdyrmak üçin hem köp peýdalydyr.
Mundan başga, agzy dar gaba üwelen sogandyr-sarymsagy salyp, şonuñ howasyndan dem almak giñden maslahat berilýär. Şol garyndynyñ suwunyñ 1 çemçesini deñ möçberde ösümlik ýagy bilen garyp burunyñ nemli bardalaryna çalyp durmak dümewden goranmak üçin peýdaly. Bu çäreler dümewli adamyñ ýanynda bolañsoñ, dümewiñ alamatlary çala bildirip başlandan (ýagny, burnuñ gijilewügi, gözleriñ ýaşarmagy) edilse kömegi degýär.
Kesel getirýän möwjükleriñ täsirinden bedende zäherlenme alamatlary ýüze çykýar. Agyry, üşetmek, ysgynsyzlyk, kelle agyry, endamyñ gyzgynynyñ galmagy. Bu döwürde hökman lukmanyñ barlagyndan geçmeli we onuñ maslahatyna görä bejergi almaly. Lukmana ýüz tutulýança zäheri çykarmak üçin köp mukdarda suwuklyklar içmeli. Olaryñ düzüminde askorbin turşusy, duzlar bolsa has amatlydyr. Tomus günleri guradylyp ýygnalan miweleri we ir-iýmişleri termosda demläp 5-6 sagatdan soñ içmek masalahat berilýär. Olardan itburun, ülje, alma, ýertudy we ş.m.. biziñ ýurdumyzda köp duş gelýänleri ulanyp bolar.
Dermanhanalarda dümewlemäniñ öñüni almak üçin satylýan serişdeleri ulanmak hem peýdalydyr. Saglygyñ aladasyny kesellemezden öñ etmelidigini unutmañ.

Gözel GOJAÝEWA,
Saglygy goraýşyñ habarlar merkeziniñ işgäri.





Категория: Medisina | Просмотров: 39 | Добавил: Haweran | Теги: Gözel Gojaýewa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Medisina bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 2
0
2 Arzyman   [Материал]
Gaýta öňküje alýan grip waksinamyz gowudy. Abraý bilen gyşdan çykarardy. Bumatkydan soň-a gyşa çenlem ýedi gezek gripletjek. Ýokarda aýdylyşy ýaly, em-ýomlar bilen yňa-dyňa ýaşanyň gowy öýdýän.

0
1 Bagabat   [Материал]
Iki ýyl mundan ozalam: "Äý dümewdirdä-raý!" diýip gol salgalardy. Kesel diýlibem hasap edilmezdi.
Indi: "dümew" diýen sözüň "d" harpyny eşitseň: "ziňk" edeniňi duýman galýaň...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]