20:48
Döwük küýze
DÖWÜK KÜÝZE

Ýegen Atagarryýewe

Alym kişi niçe gündür dyrmalap,
Bitin ele saldy döwük küýzäni.
Ol hamana altynly hum tapan dek,
Küýze bilen unudypdy dünýäni.

Ýazdy, pozdy, kelle döwüp oýlandy,
Topragyñ gatlagyn öwrendi kemsiz.
Ýagly petir ýaly gat-gat taryhyñ
Niçeme asyry ýatyrdy demsiz.

Deñeşdirdi ençe tapyndysyny,
Gözleriniñ göreji dek gorady.
Alym kän gürleşdi küýzesi bilen,
Aslyny, durkuny, hilin sorady.

Kim ýasapdyr,
kimse içipdir suwun,
Küýze ýekän-ýekän beýan edipdir.
Adam öz eliniñ hünäri bilen
Nesillere döwrün goýup gidipdir.

* * *

Goluñ ýaýyp, daşyn garan bir zaman,
Durmuş gözel, ýaşanyña degýändir.
Şükür, seniñ kimdigiñe garaman,
Aý, Gün señ üçinem ýaşyp-dogýandyr.

Penjireden girip, gapydan çykyp,
Dünýe durar,
adam gider bakyýa.
Bäş gün ömür, sarpa goýup adama,
Süýji-süýji ýaşaşalyñ, Aky aga!

Asyrlaryñ keşgin çeken metjitler
Dymyp saña köp zatlary aýdyp dur.
Munda diñe il-gün diýip baş goýan
Owadan adamlañ ady galypdyr.

Sona ÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 34 | Добавил: Haweran | Теги: Sona Ýazowa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Çilimkeş / Goşgular - 16.02.2021
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
Adam / Goşgular - 21.03.2021
Unutma / Goşgular - 30.05.2021
Goşgular / Goşgular - 16.03.2021
"Nohur" diýmek, "dostum" diýmek mongolça..." / Goşgular - 03.02.2021
Arzuw / Goşgular - 12.03.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
Nyşan / Goşgular - 08.02.2021
Bu dünýä özüni görer özümde.. / Goşgular - 06.01.2021



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
Alym kişi niçe gündür dyrmalap,
Bitin ele saldy döwük küýzäni.

???
—-
Penjireden girip, gapydan çykyp,
Dünýe durar,
adam gider bakyýa.

Penjireden girip gapydan çykmagyň manysy nämäkä?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]