21:16
Döwrebap biçüwli täze "Ýedigen"
DÖWREBAP BIÇÜWLI TÄZE "ÝEDIGEN"

I. ÝEDI ÝETIM

1. Enesiz-atasyz bütin ýetim.
2. Enesi bar, atasyz ýetim.
3. Atasy bar, enesiz ýetim.
4. Aýalsyz ýetim.
5. Aýally ýetim (bu aýaly bederra, şerraý bolan ärsumaga degişli).
6. Perzentsiz ýetim.
7. Ilinden jyda düşen ýetim.

II. ÝEDI ZATDAN GORK

1. Ozaly bilen Hudaýdan gorkmaýandan gork.
2. Aýbygadym aýaldan gork.
3. Gara nebsiñden gork.
4. Býurokratdan gork.
5. Göze görünmeýän beladan gork.
6. Dile düşmez ogul-gyzdan gork.
7. Ýalan töhmetden gork.

III. ÝEDI ÝERE ELIÑ BOŞ BARMA

1. Mollanyñ öýüne barsañ.
2. Pal atýanyñ öýüne barsañ.
3. Tebibiñ öýüne barsañ.
4. Körpe ogluñ öýüne barsañ.
5. Gezýän gelniñ öýüne barsañ.
6. Gaýyn öýüne barsañ.
7. Görüñe-de boş barma, imanyñy alyp bar.

IV. ÝEDI ZADYÑY ILE YNANMA

1. Aýalyñy.
2. Peçadyñy.
3. Tüpeñiñi.
4. Içki syryñy.
5. Maşynyñy.
6. Mülküñi.
7. Göze görnen gyzyñy.

V. ÝEDI ZAT BAÝNAMAZ

1. Ene-atany ynjydan perzent.
2. Agzala öýüñ maşgalasy.
3. Aýaly gezegeniñ äri.
4. Alkaş çopanyñ sürüsi.
5. Ýolbaşçysy çöññe edara.
6. Der dökülmedik ýeriñ hasyly.
7. Patyşasy köp döwletiñ ili.

VI. ÝEDI ZAT ZERUR

1. Agzybirlik zerur.
2. Saglyk zerur.
3. Mylakatly aýal.
4. Gadyrdan goñşy.
5. Goluñda köp hünär.
6. Ile oñly başlyk.
7. Öleñde iman.

VII. ÝEDI ZAT TIZ GARRADAR

1. Ýaman aýal.
2. Betlagam är.
3. Dile düşmez ogul-gyz.
4. Mätäçlik.
5. Dikdüşdi ýolbaşçy.
6. Başa düşen köp ölüm hasraty.
7. Warak maşyn.

Pyhy TAGAN.

"Tokmak" žurnaly, 1992 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Degişmeler | Просмотров: 103 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Pyhy Tagan | Рейтинг: 0.0/0
Degişmeler bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 1
0
1 gomulgen   [Mowzuga geç]
Ayalsyz yetim bolyan bolsa, ärsiz yetim bolanokmy? Hany adalat?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]