21:11
Döwran sürdüm
DÖWRAN SÜRDÜM

Döwran sürdüm sary Aýyñ astynda,
Yşkymy bagş etdim asylly ýara.
Aýyñ keşbi üýtgäp durdy asmanda,
Söýgim üýtgemedi pasyllar ýaly.

Meñem keşbim ýuwaş-ýuwaş özgerdi,
Saçda ak göründi, mañlaýda - gasyn.
Meñem keşbim ýuwaş-ýuwaş özgerdi,
Gyşmy, ýazmy meni üýtgeden pasyl?!

Sallançak yranýar - ýerbe-ýer bar zat,
Çaga bolan yşkdan gözüm süzlüpdir.
Eger bu ömürden ýetäýse bir zat -
Maña eçiljegi dözümsizlikdir.

* * *

Ýene ýürek gursagyma sygmaýar,
Ýene hyýalymda aglaýar guşlar.
Nämedir bir zatlar kalby üwreýär,
Bilýän, bu ömüriñ añzak gyşy bar.

Bu ömürim dört pasylyñ geýminde,
Geçip barýar, geçenini duýamok.
Göräýmäge bu adaty dünýede,
Nämüçindir, gözellikden doýamok.

Derýa akýar, öñküligne meñzemän,
Akym täzelenýär, derýasy - köne.
Sen düýn dogan bir ak çaga meñzeýäñ,
Saçy çal, dumanly, eý, garry dünýä!

Durdymuhammet GURBANOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: Haweran | Теги: Durdymuhammet Gurban | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şu sözi hiçwagt ýatdan çykarmaň! / Goşgular - 13.01.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021
Wagt hem söýgi / Goşgular - 08.02.2021
Ýerkümede dörän goşgular / Goşgular - 15.04.2021
Şahyryñ gyzy men... / Goşgular - 10.02.2021
Hyýal dünýäsinde hyýaly däl oýlar / Goşgular - 09.02.2021
Kaýyllyk / Goşgular - 30.01.2021
Gybat / Goşgular - 26.02.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021
Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]