20:42
Döwkesen galasy

DÖWKESEN GALASY

Gyryñ üsti,
Demiñ tutýar giñişlik!
Ogurlap ummadan çykarýar sesiñ.
Otyr ýigriminjiñ gohuny eşdip,
Çakyr süñke dönen bir köne asyr.

Goñras daşlar ýatyr syryny gizläp,
Ýagşa aldyrmandyr,
                                    oda ýanmandyr.
Agzyndan seretseñ, jümşüldär kebzäñ,
Gara ýürek ýaly gara zyndanlañ.

Döw ähliniñ ýatyp görjek düýşi däl
Şeýle bir binalar ~ müñ bir gurbanly.
Gardaş, Gurbanmyrat, döwüñ işi däl,
Muny adam keser başy gowgaly.

Gowga bolaa bu ýaýlada ýetipdir,
Baş-başy gemirip öz arasynda.
Ýaý çekilip, ok güjümden ötüpdir,
Toplar gümmürdeşip tophanasynda.

Gije-gündiz gyryñ daşyna meñzäp,
Ýagy dökülipdir. Tozupdyr ýerler.
Döwürler aýlanyp, ýeñilip-ýeñmäñ
Hasabyny alyp gidipdir ýeller.

Bir gysym gum bolup galypdyr bu gün
Çakyşan kelleler,
                               şatyrdan ýaýlar,
Hanha, kän çyrpynan ýerleri suwuñ,
Ötlem-ötlem arz soralan jaýlar.

Ýeriñ myhy hasap edilen diwar
Eräp-eräp ýagşa ýuwlup gidipdir.
Ötüp barýan guşlar ýüregi awap ~
Galanyñ halyna gyýlyp gidipdir.

Gerşinde daş daşap horlanan ýeri
Düýeleñ, gatyrlañ, gaýratly pilleñ,
Ynsan zähmetiniñ harlanan ýeri,
Köýen ýeri beýik hünärment gullañ.

Gyryñ üsti,
Demiñ tutýar giñişlik!
Ogurlap ummadan çykarýar sesiñ.
Otyr ýigriminjiñ gohuny eşdip,
Çakyr süñke dönen bir köne asyr...


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 423 | Добавил: Нawеran | Теги: Baýram Jütdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Dostluk we söýgi / Goşgular - 09.03.2021
"Meniñ utulan günüm nähili gündi?.." / Goşgular - 24.05.2021
"Men bir gezek azaşypdym daglarda..." / Goşgular - 07.02.2021
Tomus günleri / Goşgular - 08.02.2021
Sungat bolup galaýyn / Goşgular - 01.01.2021
Şowhunly söýgini halamaýaryn / Goşgular - 02.03.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021
Под лаской плюшевого пледа… / Goşgular - 08.04.2021
Eger-de / Goşgular - 16.04.2021
Sen saz çaldyñ / Goşgular - 08.02.2021
Всего комментариев: 1
0
1 Korolewa Marguş   [Mowzuga geç]
Nirde bu gala?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]