19:39
«Dowamdadyr mert zürýady ýigidiň»
«DOWAMDADYR MERT ZÜRÝADY ÝIGIDIÑ»

Sözbaşymyzdam hem bolşy ýaly, häzirki zaman milli söz sungatynda «mertlik» pelsepesi barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak täsin şahyrana eserleri göz öňüňe gelýär. Halypa zenan şahyrymyz özüniň «Mertlik gerek», «Mertligi biz bilen», «Watan ogly mertden geler», «Dowamdadyr mert zürýady ýigidiň» atly şygyrlarynda, «Arkadagym, merdanamsyň, merdimsiň», «Merdiň aty diňe öňe Arkadag» atly poemalarynda we başga-da birnäçe liriki eserlerinde «mertlik» taglymynyň many-mazmunyny anyk-aýdyň açyp görkezýär hem-de bu düşünjäniň türkmen ýigidini bezeýän ajaýyp gylykdygyny, şeýle gylygy şahsy häsiýetine öwren gerçegiň bolsa hakyky Watançy oguldygyny şahyrana dilde örän ussatlyk bilen beýan edýär.
Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň çeper döredijiligindäki «Mertlik» pelsepesi özüniň köp öwüşliligi we çuňňur mazmunlylygy bilen, her bir okyjynyň aň-ünsüni özüne çekýär. Halypa zenan şahyrymyzyň çeper obrazlylyga, nepis duýgulara, baý mazmuna ýugrulan «Mertlik» pelsepesi häzirki zaman türkmen şygryýetiniň guwanjyna-buýsanjyna öwrüldi. Beýik söz ussadynyň «Mertlik» mazmunly ajaýyp şygyrlaryndaky birnäçe goýazy pikirler uly pelsepe çuňluklaryna uzalyp gidýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, onuň «Mertlik» pelsepeli şahyrana eserleriniň mazmun çuňlugy we giňligi diýseň haýran galdyrýar.
Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň mähriban Arkadagymyzyň beýik şahsyýetini, milli Liderimiziň Watanymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan taýsyz tagallalaryny wasplaýan ajaýyp şygyrlary onuň «Mertlik» pelsepeli çeper döredijiliginiň nepis hem önjeýli bölegi hökmünde aýratyn bir tema öwrülip, okyjyny has-da özüne bendi edýär. Halypa zenan şahyrymyzyň häzirki zaman türkmen şygryýetine wajyp bir tema hökmünde getiren «Mertlik» pelsepesi türkmen halk döredijilik eserlerindäki we Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyndaky «Mertlik» pelsepesinden döwrebap mazmunlylygy bilen tapawutlanýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, TYA-nyň Magtymguly adyndaky dil-edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Käbe Borjakowa: «Häzirki zaman nukdaýnazaryndan mertlik, munuň özi hamyrmaýasy–batyrlyk, gaýduwsyzlyk, ar-namyslylyk, şol bir wagtyň özünde hem ylymlylyk, bilimlilik, kämillik, maksadaokgunlylyk, çözgüt edip biljilik, adalatlylyk, tiz pähimlilik, sagdyn bedenlilik, polat ýaly erklilik, täze tilsimatlardan baş çykaryp bilijilik, päk ahlaklylyk, giň we çuň gözýetimlilik, jogapkärçilik, işjanlylyk, erjellik... diýmegi aňladýar.» – diýip, örän jaýdar belleýär. Diýmek «mertlik» – türkmen ýigidiniň şahsyýetini bezeýän ajaýyp gylyk-häsiýetiniň şahyrana dildäki çeper aňlatmasydyr.
Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa türkmeniň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhynda beýik döwletleri gurup, Watany gülledip ösdüren mert ýigitleriniň dowamaty bolan mert nesillerine ýarym asyrdan gowrak wagtlap garaşandygyny «Ahmyrly ýyllara ýüzlenme» atly şygrynyň:
Men artyk sözlemäýin, ýetikdir derdim meniň,
Ýol söküp, gözlemäýin dogmandyr merdim meniň – diýen setirinde beýan edýär. Ussat halypa zenan şahyrymyza özüniň ömürboýy garaşan mert şahsyýetini, türkmeniň mert ogluny görmeklik bagty Berkarar döwletimiziň häzirki bagtyýarlyk döwründe miýesser edýär. Ol bu bagty ýurdumyzda häzirki ajaýyp döwrümizi esaslandyran Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Şahsyýetinde görendigini, milli Liderimiziň mertliginiň ýeke-täkdigini, ony hiç bir ynsan oglunyň gaýtalap bilmejekdigini, özüniň «Gahryman Arkadag» poemasynda uly buýsanç bilen nygtamaklyk bilen:
...Aýt, kime başardar mertligi bilen,
Il öňünde Özüň ýaly sak durmak.

Bu mertligi gözläp bolmaz her kimden,
Çykmaz ol erkinden, bäri berkinden,
Beýdäýmege kesbi-kärden bolmaly,
Aý Eneden, hem mert ärden önmeli – diýen ajaýyp şahyrana setirleri dile getirýär. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa beýik Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüniň manysyna mazmundaş öňe süren «Mert ýigit mert ärden öner», «Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dogar» diýen şahyrana taglymlarynyň mukaddes Watanymyzyň häzirki Bagtyýarlyk zamanasynda hem öz beýanyny tapýandygyny «Arkadagym merdanamsyň, merdimsiň» atly poemasyndaky:
Asla bolup bilmez Sen bolup biljek,
Diňe Saňa bagly ertämiz Gerçek,
Dowamyň barlygy yzyň eýerjek,
Arkadagym, Merdanamsyň, Merdimsiň – diýen, «Dowamat dowamdyr, dowam Arkadag» atly poemasynyň:
...Baksa nazaryňy Kerim ýatladýar,
Dowamatyň dowam, dowam Arkadag! – diýen ajaýyp şygyr setirlerinde belleýär. Halypa zenan şahyrymyz bu liriki eseriniň ikinjisinde Gahryman Arkadagymyzyň agtygynyň keşbindäki mertlik gylyk-häsiýetiniň nesil-nebere yzarlaýandygyny, ýagny agtyga kakasyndan geçen mertligiň onuň kakasyna kakasynyň kakasyndan geçendigini, edebi dilde aýdanymyzda, onuň atasyna atasynyň atasyndan geçendigini:
– Mertlik geçip barýar at:a atadan,
– Ataga atadan ýol ýatyr bärde – diýen şygyr setirlerinde uly buýsanç bilen belleýär. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, özüniň bu şygyr setirlerinde, «Dowamdadyr mert zürýady ýigidiň», «Dowamat dowamdyr, dowam Arkadag» atly poemalarynda we başga-da birnäçe liriki eserlerinde milli Liderimiziň dowamatynyň türkmen halkynyň häzirki Bagtyýarlyk döwrüniň dowamatydygyny uly buýsanç bilen beýan edýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, şahyr beýik Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigit mert ärden öner», «Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dogar» diýen parasatly taglymlary bilen «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüniň manysyna mazmundaş «Watan ogly mertden geler», «Dowamdadyr mert zürýady ýigidiň» diýen ajaýyp şahyrana pikir-garaýyşlaryny öňe sürýär. Munuň özi bolsa, halypa zenan şahyryň aňrybaş ussatlygyndan habar berýär.

Toýly JÄNÄDOW.

Makalaň çapa çykan ýyly: 10.10.2021 ýyl
Makalaň WEB çeşmesi
Makalaň metbugat çeşmesi: «Zenan kalby» žurnaly
Goşmaça bellikler: Makala «Zenan kalby» žurnalynda «Gözel halypanyň şygyrlaryny okap...» ady bilen neşir edildi.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 115 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Toýly Jänädow | Рейтинг: 1.0/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 16
0
16 Hyýalkeş   [Материал]
Gynançly ýeri näme bilýäñizmi? Ýañky "şahyryñ" "uzyn gije ýatman oturyp ýazdym" diýen syýasy şygyrlarynyñ döwür täzeleninden soñ dargap gitjekligi.Özüm-ä gysga ömürli eseri ýazmak üçin bir minudymam sarp edip biljek däl.
Men-ä o döwürlere ýetişmedim welin öñki ýolbaşçy döwründe-de "Sen ölseñ menem ölerin" äheñindäki sözleri barmyş "Gahrymanymyzyñ".

-1
Sungatyñ ömri adamyñka seredende wagtlaýyn däl. Ol adamzada dahylsyz hakykatyñ gözelligi, ol gözelligiñ dürli görnüşlerde ýüze çykmasy. Adamlar sungata diñe gulluk edip bilerler. Ýöne şol gulluk gözelligiñ özi ýaly arassa bolmaly.
Saña şu Toyly oka!

0
11 Adamzat   [Материал]
Gözel Şagulyýewa ýaly iliň gözünden düşen köşk şahyrlary barada öwgüli makala ýazmagyň özi awtoryň gaty sada ýa-da has mekirdigini aňladýar. :))

0
13 Zara   [Материал]
Sada meñzänok, mekir bu. Diñe şuñ ýaly Mowzuk goýup "agyz ysgaya", niyeti nämekä şuñ. Dawa sebäp bolýan zatlaryny öçürdip admini garalamakmy? Misginsokar ýalak bolup.

0
15 Spring   [Материал]
A men bolsa muny sada, yñdarma, gaty dar düşünjeli, adaty bir gazet işgäri hasaplaýan.

0
8 edebiyatteswiri   [Материал]
Haweran, teswirler administratoryñ gözegçilik tassygyndan geçensoñ güýje girýär diýdiňiz. Taryhçynyň teswiri administratoryñ gözegçilik tassygyndan geçensoñ güýje girdimi. Siz Taryhçynyň körzehin teswirlerini goldaýaňyzmy?

Men makalalarym tankyt edilse gowy görýärin. Tankyt kämilleşmegiň açary. Mysal üçin mango "Mert ýigitden mert dogar" makalama teswir ýazyp-da. Teswir diýeniň şonuň ýaly teswir bolýar. Edebiýata, taryha düşünýän adamyň teswirem başgaça bolýar. Taryhçynyňky teswir däl-ä. Taryhçynyň teswiri Taryhçynyň körzehindigini görkezýär.

0
9 Haweran   [Материал]
Taryhçy awtorda. Okyjy-agzada däl.
Hiç kimiñkinem goldamok. Siziñkinem, oñkynam, ýene biriniñkinem. Her kimiñ öz pikiri.

0
1 Haweran   [Материал]
Saýta gelenok diýp gynanyp otyrdym, gelýäñ-de, "gan" edäýýäñ.
Surat ölçegden uly, saýtyñ girim-çykymyny kynlaşdyrýar, gaýrat et goýma uly surat.
Hem makalanyñ teksti barka, suratyny nämüçin goýýanyña düşünemok.

0
2 edebiyatteswiri   [Материал]
Bolýar. Uly surat goýmaryn

0
3 Taryhçy   [Материал]
"...gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak täsin şahyrana eserleri..."

Beter uly baha dälmaý?
Eserdir. Gowudyr. Emma bahasyz däldir, täsin däldir. Artykmaçlygy ýaly kem taraplaram bardyr. Iki setiri mysal getireniñ bilen tutuş eseriñ gowulygy bolýarmy? Täsinligi nämede?

Türkmen-dä bu. Birine ýallaklamasa, biriñkini götermese güni geçenok.

0
4 mango   [Материал]
@taryhçy. Tutuş bir milletiň adresine bir zat diýmegiňi dogry hasaplamok.
Menem özümi türkmen hasaplaýan we seniň umumylaşdyryp aýdan häsiýetleriň özümde bardyr öýdemok.

1
5 Taryhçy   [Материал]
Ýa-da iñ soñundan alaýyn. Sebäbi makalany okamaga sabyryñ ýeter ýaly däl iñ başy bilen iñ soñuna göz aylaymasañ:

"...ajaýyp şahyrana pikir-garaýyşlaryny..."

Negözel ajaýyp sözüni hemme yerde ulanyp işini gördüñiz.
Ajaýyp kitap, ajaýyp pikir, ajaýyp setir, ajaýyp adam, ajaýyp köçe, ajaýyp durmuş, ajaýyp bina, ajaýyp göle, ajaýyp, ajaýyp...
Nämesi ajaýyp? Nämesi şahyrana?

0
7 edebiyatteswiri   [Материал]
Mango, kimdigiňiz-ä bilemok. Ýöne, Size gaty göwnüm ýetdi. Gaty zehinli Siz. Teswir ýazaňyzda-da öz pikiriňizi belli alymlaryň, meşhur ýazyjylaryň syn ýazyşy ýaly ýer-ýerbe aýdyp bilýäňiz. Taryhçyňky ýaly boş gürrüň däl. Taryhçyň ýazýan teswirleri onuň körzehindigini görkezýär.

Mango, men Siziň zehiniňize guwanýan. Berekella diýýän. Ömrüň uzak bolsun.

0
10 mango   [Материал]
Toýly, bagyşla welin men siziň makalaňyza teswir ýazmadym.
Men diňe @taryhçynyň janykmasyna öz pikirimi aýtdym.
Taryhçynyň körzehinligi bilenem ylalaşyp bilemok.

0
14 edebiyatteswiri   [Материал]
Men Siziň ozalky makalalaryma ýazan teswiriňize diýýän

3
6 Taryhçy   [Материал]
@mango dost. Tutuş milletiñ, tutuş edebiýatyñ adyndan yazylan ýalançy makala başga hili edip aytmak mümkin dal we umumylaşdyryp aýdarça şular ýaly ta*akçylar kändirlaý.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]