10:58
Dostumyñ ýadygärligine
DOSTUMYŇ ÝADYGÄRLIGINE

Indi köp zat ýatdan çykyp gidipdir,
Gör, nireden el bulaýar çagalyk!
Otyryn men taýagyma söýenip,
Gözler kütelipdir, başym çalaryp.

Söhbetler bozulyp, ýerler boşapdyr,
Iç dökmäge jan gözledim, tapmadym.
Tümmege öwrülen dostlarym ýatlap,
Uzak gije oýa batyp, ýatmadym.

Ýatlamalar indi ýalňyz syrdaşyň,
(Garrylygyň ýatlamasy başgadyr!)
Ahwalat kän tükenyksiz ýollarda,
Käsi ýakymlydyr, käsi gagşadar.

Egsilmezdir ýatlamalar ýumagy,
Şolar bilen aýlar, günler geçip dur.
...Ýaňyja bir ajy habar eşitdim—
Ýene bir dostumyň ömri öçüpdir...

Allaýar ÇÜRIÝEW.




Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kemalyma... / Goşgular - 09.01.2021
Syrajetdin Nagyşbendi / Goşgular - 14.04.2021
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 16.03.2021
Iki kitap / Goşgular - 03.06.2021
Perwana / Goşgular - 11.02.2021
Неоконченное стихотворение / Goşgular - 15.04.2021
Goşgular / Goşgular - 26.05.2021
Gel! / Goşgular - 10.02.2021
Dagdan agajy / Goşgular - 05.02.2021
Çopan / Goşgular - 30.05.2021



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
...Ýaňyja bir ajy habar eşitdim—
Ýene bir dostumyň ömri öçüpdir...

öňem biriniň aýdyşy ýaly "bu dünýäden çykyş beýlekä giriş, hamana otagdan-otaga gapydan geçiş..."
gapydan aňryk ätlänlere gapyň bärsinde durup gynanyp bolar.
ýöne, esasy zat gapydan aňyrdakylar seni garşylanlarynda olary gynandyrmazlyk bolmaly öýdýän.
"boşja geläýdiňmi?" diýdirmejek bolmaly....

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]