14:55
Dostumdan geçmegiñ wagty gelmedimi?
DOSTUMDAN GEÇMEGIÑ WAGTY GELMEDIMI?

Owganystanyñ welaýat merkezi Şybyrganda arap şeýhleriniñ köşklerini ýada salýan alty gatly mermer köşgüñ zallaryny ajaýyp halylar, haşamly kürsiler, diwanlar, ýatylýan otaglara çenli oturdylan iñ soñky "Led" telewizorlary bezeýär.
Köşgüñ owadanlygyna aýratyn özüne çekijilik berýän gymmatbahaly lýustralar ýaş we owadan gyzyñ toý lybasy ýaly gözüñi gamaşdyrýar. Howluda duran on biri bronirlenen ýetmiş-segsene golaý "Lexus" kysymly "Land Cruiser" awtoulaglary bar.
Bu ýer kyrk ýyllyk owgan urşunyñ iñ jedelli şahslaryndan biri bolan General Dostumyñ köşgi. Iki hepde mundan öñ Şybyrganyñ terrorçylar tarapyndan eýelenmegi bilen birlikde köşgem Talibanyñ eline geçdi.
Köşgi talananda General Dostum Ankaradady we üýtgeşmeleri gahar-gazaba, biçärelik duýgusyna gark bolup tomaşa edip oñmaly boldy.
Awgustyñ başynda duýdansyz Kabula dolanan General Dostum Prezident Aşraf Gani we beýleki ýolbaşçy işgärler bilen ýygnak barsyny geçirip, Talibany demirgazyk etraplardan kowup çykarmagyñ meýilnamasyny düzüp başlady.
Dostumyñ ýurda dolanmagy tarapdarlarynyñ arasynda uly joşgun we umyt döredenem bolsa, özbek lideriñ çäkli harby ukybyny we bolgusyzlyklaryny gowy bilýänler onuñ "Taliban indi demirgazykdan nädip çykjakdygyny pikirlensin, Demirgazyk Owganystan Talibanyñ mazary bolar!" diýen sözlerini ýañsyly ýylgyryş bilen garşyladylar.
Talibandan arassalama operasiýasy üçin Mazary-Şerife gelen Dostum öñki bäsdeşi Atamuhammet Nur bilen bile goranyşa taýýarlanyp ýörkä 14-nji awgustda Taliban şähere girdi.
Demirgazygyñ iki uruş lordy Atamuhammet Nur bilen Dostum ýeke ok atmazdan lýuks awtoulaglaryna münüp, yzlarynda müñlerçe esgerden we militandan ybarat ýaragly adamlaryny taşlap, Haýratan köprüsiniñ üstünden Özbegistana gaçdylar.
Atamuhammet ýanyna bir topar adamyny alyp ýetişenem bolsa, General Dostumyñ gorag gullugynyñ başlygy General Setdar Han, Jüzjanyñ häkimi Haşim reýis we Jüzjan etrabynyñ ýerli dolandyryş edarasynynyñ başlygy Möwlewi Haýat ýaly iñ ýakyn adamlaryny ýanyna almazlygy uly lapykeçlik döretdi.
Köprüden geçmän yzyna dolanan bu üç şahs gaçmaga ýerleri bolmandygy üçin mejbury ýagdaýda Talibana boýun boldular.
Ýogsam bolmasa otuz ýyl bäri Dostumyñ ýanynda gezen bu adamlar düýnki güne çenli onuñ sözünden çykman, Şybyrganda Talibana garşy köçeme-köçe söweşip, gahrymançylyk görkezipdiler we özbek lideriñ ýetişip barýan ogly Ýarmuhammedi şirin janlaryny orta goýup gorapdylar.
Elbetde, bu, General Dostumyñ iñ ýakyn adamlaryny taşlap gaçan ilkinji gaçyşy däldi.
Özbek lideriñ bu meselede uzak geçmişi bar. Kyrk ýyllap onlarça gezek hataryny üýtgedip, ýaranlaryny, sponsorlaryny we hemaýatkärlerini aldawa salypdy, lapykeçlige uçradypdy.
Segseninji ýyllaryñ başynda kommunistleriñ guran milisiýa otrýadyna giren ýaş özbek ýigidi Abdylreşit tegelek on ýyllap basybalyjy ruslaryñ hyzmatynda öz halkyna garşy söweşdi.
Düzgün-nyzamly goşun dargansoñ, kommunistler onuñ ýerine milisiýa otrýadlaryny gurup, muña giren taýýarlyksyz-okuwsyz ýaşlary höweslendirmek maksady bilen çin barsyny paýlamaga başlapdy. Şeýdibem Dostum gysga wagtyñ içinde ulalyp otuz ýaşamanka general bolupdy.
Kommunist Prezident Najibulla General Dostumyñ barha güýçlenip barýandygyny görüp, ony wezipesinden çetleşdirjek bolýar, emma howpy wagtynda eşden Dostum ýakyn adamlary bilen tarapyny üýtgedip mojahetleriñ tarapyna geçensoñ, 1992-nji ýylyñ aprelinde kommunist režim çökýär.
Dostum demirgazykda ýedi etrapdan ybarat awtonom häkimiýeti guranam bolsa, köp wagtlap agalyk edip bilmedi. 1997-nji ýylda onuñ iñ ýakyn kömekçilerinden General Mälik Talibanyñ tarapyna geçensoñ, Dostum Türkiýä gaçmaga mejbur bolupdy.
Bu, Dostumyñ birinji gaçyşydy. Şol wagtdan bäri şumada çenli döwrüñ içinde özbek lider haçan götüne gyssag düşse Türkiýä gaçmagy endigine öwürdi.
Türkiýe bolsa otuz ýyllap, 1992-nji ýyldan bäri Dostumyñ arkasynda durup gelýär.
Türkiýäniñ gözünde General Dostum owgan türkleriniñ lideri we ol ýerdäki türki halklaryñ simwoliki şahsy.
Dostum Türkiýäniñ türkçülik babatdaky duýguçyl çemeleşmelerini görensoñ, özüni türkçi we turançy yglan etdi, hatda Türkiýä gelende türk diline iñ ýakyn dil bolan türkmen dilinde gepläp başlady.
Ýogsam bolmasa, türkmenler Dostumyñ piñine-de däldi, ol turuwbaşdan türkmenlere garşy äsgermezçilikli syýasat ýöredýärdi.
Owgan hökümetinde we döwletinde öz partiýasyna bölünip berlen ýerleri we jogapkärli wezipeleri özbeklerden dolduryp, türkmenleri tutanýerlilik bilen häkimiýetden daşda saklady hem-de ilçilik ýaly wezipeleri-de olaryñ elinden aljak bolup jan etdi.
Elbetde, General Dostumyñ türkmenlere garşy turuwbaşdan ýöredip gelýän bu agzalaçylykly syýasaty bu ýurtda ýaşaýan iki gardaş türki halky biri-birinden daşlaşdyryp bilmedi.
Çünki Owganystandaky türkmenler bilen özbekler ýüzlerçe ýyldan bäri et bilen dyrnak ýaly biri-birinden aýrylmaz derejede ýakyndylar we häzirem şeýleligine galýar.
Gunduzdan Farýaba çenli birnäçe ilde garym-gatym halda ýaşaýan, biri-birleri bilen guda, Emir Teýmirleñiñ, Babyr şanyñ, Alp Arslanyñ, Soltan Sanjaryñ hekaýatlaryny diñlänlerinde birmeñzeş buýsançly duýgyny başdan geçirip döşleri gaýşarýan, Alyşir Nowaýynyñ ýa-da Magtymguly Pyragynyñ şygyrlary okalanda seri dumanlaýan türkmenler bilen özbekler elmydama biri-birlerine ýakyn, elmydama ekiz dogandan tapawudy ýok gardaşlardyr.
2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabr wakasyndan soñky döwürde, ýagny soñky ýigrimi ýylda General Dostum gap-çanak dükanyna giren pil ýaly hereket etdi.
Bolmanam frontlara, söweş meýdanlaryna öwrenşen özbek lideri üçin Kabul müñ bir tüýsli pyssy-pyjurlyklar bilen doly syýasat sahnasy mina düşelen meýdanda ýöränden tapawudy ýokdy.
Şonuñ üçin döwrüniñ owgan prezidenti Hamid Karzaý we onuñ oruntutary Aşraf Gani bilen arasynda ýygy-ýygydan düşünişmezlik döredi. Karzaýam, Gani hem saýlaw döwründe tükeniksiz wadalar bilen Dostumy aldap-oýnaýardylar, emma işleri bitensoñ ony ulanylyp bolan elýaglyk ýaly bir gyra zyñýardylar.
Owgan liderler munuñ bilenem çäklenmän, Dostumyñ iñ ýakyn adamlaryny oña garşy tora düşürip, özbek lideri eýmenç ýalñyşlyklary eder ýaly, şeýdibem öz aýagyna palta salar salar ýaly edýärdiler.
Onuñ öñki kömekçilerinden Ekberbaý 2008-nji ýylda guran partiýasynyñ bir şahamçasyny Şybyrganda açmakçy boldy welin, Dostum onuñ Kabuldaky öýüne dökülip, Ekberbaýy we ogluny alyp gaçdy, birnäçe günläp olary gynady.
Owgan lideri Dostumyñ öýüniñ daşyny gabawa aldy welin, Türkiýe ara girip, şol wagtyñ daşary işler ministri Aly Babajanyñ gulluk uçary ugradylyp, Dostum gyssagly Ankara getirildi.
Bir ýyl Ankarada sürgünde bolan Dostum 2017-nji ýylda has eýmenç eden-etdilige baş goşdy. Bu gezek onuñ öñki kömekcilerinden Ahmet Işçini ogurlap, soñam zorlandygy aýdyldy.
Bu masgaraçylyk dile düşende Dostum Owganystanyñ Prezidentiniñ birinji kömekçisi wezipesinde otyrdy.
Dostuma ýene bir gezek Ankaranyñ ýoly göründi we ýene bir ýyllap Türkiýede mejbury sürgünde boldy.
Prezidentiñ birinji kömekçisi wezipesinde oturan adamyñ adynyñ adam ogurlygy we jynsy zorluk ýaly agyr jenaýatlarda geçmegi etmişiñ agyrlygyndan beter uly biabraýçylykdy. Emma ne tarapdarlary, ne onuñ arkasynda durýanlar ondan el çekerli däldiler.
Soñky prezident saýlawlarynda Dr. Abdyllanyñ tarapyny tutan General Dostum koalizasiýanyñ şärikdeşi hökmünde hökümetden üç ministriñ ýerini we özünden başga hiç kim üçin hiç hili many añlatmaýan marşal çinini aldy, özem muny alty aýa çeken dilegçiligiñ netijesinde aldy.
Marşal çini syýasy söwdalaşygyñ netijesinde alnansoñ, Kabulda munuñ üçin gutlag çäresi-de geçirilmedi.
Şybyrganda geçirilen çärä-de owgan döwlet apparatyndan hiç kim gatnaşmady diýen ýaly. Diñe koalizasiýa şärikdeşi Dr. Abdylla we Aşraf Ganiniñ kanselýariýa müdiri Şakir Karger Şybyrgana gelip, Dostumyñ egnine marşal çinini göterýän pogonlary dakyp gitdiler.
Tarapdarlary ony türk dünýäsiniñ ýaşap ýören ýeke-täk marşaly diýip mazamlasa-da, Dostum Hojadükge obasynyñ mekdebinde altynjy synpyny gutarandan soñ okuw diýen zadyñ nämedigini görenogam-bilenogam.
Üýşmeleñlerde eline tutdurylan tekstleri başlangyç klasa gatnaýan çagalar ýaly hetjikläp okaýandygam şonuñ üçin.
Elbetde, kyrk ýyl bäri owgan syýasatynda işjeñ ýer alan Dostumyñ oñyn netijesini beren işleri-de az bolmady.
Gaýtam onuñ döwründe özbek jemgyýeti owgan syýasatynda häkimiýetiñ şärikdeşi boldy, özbek we türkmen dilleri ýerli derejede resmi dil statusyny aldy, özbek sözi syýasatda-da, sungat we ykdysadyýet dünýäsinde-de ýygy-ýygydan tutulýan söze öwrüldi.
Emma Dostum asyl etmeli işini doly etmedi. Ondan owgan türklerini bir agza bakdyryp, bu ýurtdaky türki halklaryñ pozisiýasyny berkitmek islenipdi. Ol muny etmegiñ ýerine özüne Türkiýeden iberilen millionlarça dollarlyk kömegi makalamyñ başynda-da agzalan şol howalaly köşküni salmaga we beýleki şahsy bähbitleri üçin harç edip, iñ ýakyn adamlarynyñ diñe göwnüni däl, el-aýaklarynam döwüp, tälim berlen taýýarlykly kadrlary ýanyndan daşlaşdyrdy.
Töwereginde dogry-dürs adam galmansoñ, bir ogluny partiýanyñ başlygy, beýlekisini serkerde, gyzyny-da senator etdi.
Şeýdibem, Dostumyñ çaga wagtyndan bäri Ankarada okap ulalan üç perzendi okuwlaryny gutaryp-gutarmanka bir demde owgan syýasatynyñ depesine oturdyldy.
1992-nji ýyldan bäri General Dostumyñ arkasynda duran Türkiýäniñ şu ugurdaky eden çykdajysy dogrusyny aýtmaly bolsa, öli çykdajydyr. Ýagny, munuñ Türkiýe respublikasyna ne maddy, ne medeni, hiç bir babatda peýdasy bolmady. Şonuñ üçinem masgaraçylykly eden-etdilikleri bilen Türkiýäniñ dilini gysga eden we göti gyssaga düşende paty-putusyny alyp, Ankara gaçyp gelýän General Dostumdan geçmegiñ wagty gelip ýetdi.
Türkiýe owgan türklerini goldajak bolsa, üýtgäp duran syýasy ýagdaýy we şertleri ünsli seljerip, has tapawutly alternatiwalara ýönelmelidir. Hernäme-de bolsa, zyýanyñ ýarpysyndan gaýtmagam bir peýda.
Galyberse-de, owgan türkleri diñe Dostumdan ybarat däl.

Esedulla OGUZ,
owganystanly türkmen žurnalisti.

01.09.2021 ý.

© The Independentturkish

__________________________________

ESEDULLA OGUZ - 1969-njy ýylda Owganystanyñ Akdepe etrabynda (Gunduzda) doguldy. Owganystanda möwjän içki gapma-garşylyklar zerarly 1982-nji ýylda Türkiýä göçdi we 1988-nji ýyla çenli Türkiýede ýaşady. Uniwersitetde okap ýörkä Germaniýanyñ Mýunhen şäherinde ýaýlyma berilýän "Amerikan Radio Liberty" radioýaýlymynyñ türkmen dilinde berilýän gepleşikler bölüminiñ spikeri bolup işledi.
1995-nji ýylda radionyñ Praga göçmeginden soñ bu işinden çykyp, nemes bankynyñ halk bilen gatnaşyklar bölüminde işledi. Işiniñ daşyndan žurnalistlik kärini, hususanam Owganystan boýunça işlerini dowam etdirdi.
Dürli gazet-žurnallarda Owganystan we Orta Aziýa boýunça birnäçe makalasy çap edildi.
1996-njy ýylda ýazan "Türkmenistan. Stalinden Nyýazowa çenli" kitaby sebäpli Türkmenistana gelmek gadagan edildi.


• Kitaplary:

- 1996: "Türkmenistan. Stalinden Nyýazowa çenli" ("Türkmenistan: Stalin’den Niyazov’a");
- 1999: "Owganystan. Sowet okkupasiýasyndan graždanlyk urşuna" ("Afganistan Sovyet İşgalinden İç Savaşa");
- 2004: "Nyşanadaky ýurt Owganystan" ("Hedef Ülke Afganıstan").
- "Ýurdum we men" ("Ülkem ve Ben")

Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 86 | Добавил: Gökböri | Теги: Esedulla Oguz | Рейтинг: 4.0/1
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 1
0
1 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
Dostum turkmen dilinem suw ýaly bilýän eken. Aýanlyk ýyllarynda Aşgabada gelende ondan "Siz turkmen dilini nähili öwrendiňiz" diýip soradylar. Şonda ol "Men turkmen çagalary bilen bile oýnadyk, bile okadyk, bile ulaldyk" diýip jogap berdi.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]