05:07
Dostoýewskiý we psihologiýa
DOSTOÝEWSKIÝ WE PSIHOLOGIÝA

Dostoýewskiniñ adyny eşitmedik ýok. Emma ony hakykatdanam tanaýarysmyka? Ýa-da näçe adam onuñ kitaplaryny eline alyp okap gördükä? Freýd psihoanalitikanyñ düýbüni tutujydy, emma şolam "Nirä giden bolsam, menden öñ şol ýere giden şahyr gördüm" diýipdir. Ýazyjy-şahyrlar añüstüniñ ýerasty dünýäsine lukmanlardan, hukukçylardan, psihopatlardan has çuñ görnüşde aralaşapdylar. Stefan Sfeýg bolsa "Dostoýewskiý psihologlaryñ psihologydyr..." diýip, oña psihologiýa ugrunda aýratyn orun berýär. Nämüçinmi?
Meselem... Stanford tussaghanasy tejribesini ýatlalyñ. Ýönekeý adamlary gözegçi we tussag diýip ikä bölüp, emeli türmä ýerleşdiripdirler. Eýse soñra näme bolandyr öýdýäñiz? Gözegçiler özlerini oýnaýan roluna aşa aldyryp, şeýle sadist, haramzada adamlara öwrülipdi.
A birmahal Dostoýewskiý näme diýipdi?
“Dünýäniñ iñ gereksiz, iñ ýaramaz adamyny alyp, kassir ediñ. Özüni kimdir öýdüp, şobada sizi äsgermän başlar.” Başga bir synaga ser salalyñ...
Siziñ pikiriñizçe adam iñ köp ýalany kime sözleýär? Söýgülisinemi, ejesine? Ýa dostlarynamy? Ýok. Özüne... Psihologlar muny 1959-njy ýylda geçiren kognitiw (познавательный) synagynda anyklapdyrlar.
Çykan netijede adamlaryñ öz añyny manipulirleýändigi, mese-mälim hakykaty öz peýdasyna görä düşündirip üýtgedibilýändigi ýüze çykaryldy.
Eýsem bu synagdan tegelek ýetmiş dokuz ýyl öñ Dostoýewskiý "Doganlar Karamazowlarda" näme ýazypdy: "Esasy zat, adamyñ öz-özüne ýalan sözlemezligi. Özüne ýalan sözläp, sözlän ýalanyna ynanan kişi öz içindäki we töweregindäki hakykatlaty tanamazlyga, munuñ netijesinde-de özüne we daş-töweregindäkilere hormat goýman başlaýar. Özüne ýalan sözleýän kişi hemmelerden çalt öýkeläp bilýär.”
Eýse bu aýdylýanlar psihologlaryñ psihology üçin adaty zatmydy? Ýok. Düýbünden beýle däldi. Muny onuñ özü-de aýdypdy:
“Meniñ şahsyýetim hemişe pessimistik, näsag we heýjanly boldy” diýip. Meselem, ol ölemen humarhondy. Onda-sa nähili… Kitaplarynyñ köpüsini humar oýnap eden bergilerini üzmek üçin ýazypdy. Freýd onuñ humara bolan garaşlylygyny “çäkden aşan islegiñ krizisi” diýip düşündirip, Dostoýewskiniñ dowamly humar oýnap öz-özüni jezalandyrandygyny öñe sürüpdi. Ýagny oýnan humarynda keýp däl-de, güýçli ýykgynçylykly instinkt bardy. Edil mazohistler ýaly.
Dostoýewskini okaman bu dünýäden geçip gitmek, adamyñ öz durmuşyna edip biljek iñ uly ýamanlygydyr...

Murat ALPAÝ.





Категория: Psihologiýa | Просмотров: 160 | Добавил: Gökböri | Теги: Murat Alpaý | Рейтинг: 3.3/3
Awtoryň başga makalalary

Psihologiýa bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 13
0
13 Yusup   [Материал]
"... dunyade in beyik, in akyldar hasap edilyan, dunyade ozuni sowgatly sayyanlaryn hemmesinin urc edip okayany F.M. Dostoyewskini ozume halypa diysem, sizin onunuzde yalan sozledigim bolardy. Belkem onun an derejesinin ozumunkiden juda tapawutlygy ucundir. Dostoyewskini uly lezzet, howes bilen okap bilmeyarin. Has takygy, ol mana eygertmeyar. Diymek, men intak ona okujy bolmagada yetishen daldirinda. Yone onun institutyn ekzameni mejbur edenson gyssaglyrak okalan eserlerine (ozumi synap gormek ucun) yanadandan dolanmak hyyalymam yok dal."

Atajan Tagan.

0
12 Sergezzan   [Материал]
Tupoy men, zato bagtly

0
11 Sergezzan   [Материал]
Çünki bütin ynjalyksyzlygyň, bütin alaçsyzlyklaryň sebäbi aňdyr. Rahatlyk, aň bolmadyk wagty bardyr

0
10 Sergezzan   [Материал]
Birahat ýaşaýyn diyseň köpüräk oka

0
8 Bagabat   [Материал]
Şu ýerde, öz-özüme dahyllylykda bir rus nakyly ýadyma düşdi:
"Мели, Емеля, твоя неделя.".

Türkmençä çeper terjime etseň:

"Geple Jepbe, seňki bu hepde" bolýa :-).
Ýa-da: "Ýaňra Gazak, seňki gezek" bolýa :-).
Ýa-da: "Samra Nobat, seňki nobat" bolýa :-).
Ýa-da: "Eňter Bulak, seňki gulak" bolýa :-).

0
Hmm. Sabyr kanagat etmeli.

0
7 Bagabat   [Материал]
Анекдот в тему:

Filologiýa fakultetiniň talyplarynyň biri Lew Tolstoýyň döredijiligi barada sapaga taýýarlyksyz gelipdir welin, onuň nadanlygyna hem ýaltalygyna gahary gelen mugallym:
-Lew Tolstoýy okamadykdan medeniýetli hem bilimli adam çykmaz!-diýipdir.
-Edil beýlede dä bolaýmasyn, ýoldaş mollum!-diýip ikilikçi talyp äwmän-alňasaman garşy çykypdyr:-Mysal üçin, Gomer, Ibn Sina, Haýýam, Puşkin, Lermontow, Dekart, Lomonosow, Deržawin we beýleki müňlerçe beýik adamlaryň Lew Tolstoýdan birje setirem okamandyklaryny men-ä anyk bilýärin. Hä?!

0
6 Bagabat   [Материал]
"Многие вещи нам непонятны не потому, что наши понятия слабы; но потому, что сии вещи не входят в круг наших понятий.".

"Köp zatlaryň bize düşnüksizliginiň sebäbi düşünjämiziň pesligi üçin däl-de, şol zatlaň biziň düşünjelemmiziň çägine girmeýändigi üçin şeýle.".

© Козьма Прутков

0
Gaty köp zat aydasym gelyar welin, borlay. Solo sun rio

0
4 Bagabat   [Материал]
Makala bolsa, gowy.
Özboluşly.
Manyly.
Dünýägaraýşyňy giňeldýär.
Dostoýewskiý agaň döredijiligi hakda.

0
3 Bagabat   [Материал]
Ýene-de bir zat:
2014-nji ýylda ÝUNESKO-ň geçiren seljermesiniň netijesinde Ýeriň ýüzünde 781 milliondan gowrak adamyň doly sowatsyzdygy (ne okap, ne ýazyp bilýändigi) anyklanypdyr.
Şol sanda:
Hindistanda – 286 million;
Hytaýda – 54 million;
Päkistanda – 52 million;
Bangladeşde – 44 million;
Nigeriýada – 41 million;
Efiopiýada – 27 million;
Müsürde – 15 million;
Braziliýada – 13 million;
Indoneziýada – 12 million;
Kongo Demokratik Respublikasynda – 12 million...

Çeşmesi: https://tass.ru/obschestvo/1646440. 10.12.2021ý.

0
Diñe sun rio

0
1 Bagabat   [Материал]
"Dostoýewskini okaman bu dünýäden geçip gitmek, adamyñ öz durmuşyna edip biljek iñ uly ýamanlygydyr...".

Ýazýan adamlaň hemmesem ullakan (ýa-da “ullokon”) geplemegi (dogrusy: “ýazmagy”) juda gowy görýär.

Indi statistika ýüzleneliň:

1989-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky hasabata görä: SSSR-de 293 047 571 adam ýaşapdyr.
SSSR-ň ilaty, Ýeriň ýüzünde iň köp okaýan ilatlaň biri hasaplanypdyr.
1981-nji ýylyň noýabryna çenli maglumata görä: SSSR-de Dostoýewkiýni 428 gezek, umumy 34,5 millionlyk tiraž bilen çap edipdirler. Bu-da 1 ýylda däl-de, SSSR-iň hereket 70 ýylynda.

Indi arifmetika ýüzlenýäs:

293 047 571 : 34 500 000 = 8,494132492753623. Tegeleklesegem çykýar: 8,5.
Diýmek, diňe birwagtyň özünde, 1 ýylda ýaşaýan SSSR-ň ilatyna Dostoýewskiýniň 70 ýylda çap edilen tiražyny paýlasak, her sekiz ýarty adama bir kitapdan düşýär. Şol üç ýüz milliona ýakyn adamyň hemmesiniň – aýal-erkek, garry-gurty, bala-çaga, maýyp-müjrip, içegen-piçegen, bikär-jepakeş, sergezdan-öwzarly we ş.m. ählisiniň kitap okasy gelip ölüp ýatyr diýip gipotetiki hasap edeliň.
Onsoňam öz tejribämden ugur alyp aýdaýyn: Kitaby çalt okaýan. Mundan 28 ýyl ozal Dostoýewskiýniň “Jenaýat we jeza”-syny, takmynan bir hepde-de okadym. Özem okuwdan, işden boş wagtlarym, başga oýun-güýmenjä baş galdyrman okanymda.
Ýöne, menden çalt okaýan bardyr, haýal okaýan bardyr, deň okaýan bardyr. Şo sebäpli, statistikada hiç haçanam bir adamyň tejribesi görkeziji hökmünde alynmaýar. Ýöne onda-da, rus gardaşlarymyzyň: “за неимением гербовой пишем на простой” diýşi ýaly, başga hasaplamalaň ygtyýarlygymyzda ýoklugy sebäpli, şu birje adamyň tejribesinden ugur alyp, şol gipotetiki sekiz ýarty adamyň barysy gipotetiki bir hepdede Dostoýewskiý agaň bir kitabyny okap ýetişýär diýeliň.
Diýmek, şol gipotetiki sekiz ýarty adamyň hemmesiniň gezekli-gezegine Dostoýewskiý agaň birje kitabyny okap çykmagy üçin umumy tegelekläp alsak, takmynan 9-10 hepde geräm bolýa duruberýä.
Dostoýewskiý aga bolsa, 8 sany iri roman, 25 sanam powestdir-hekaýa ýazypdyr.
Ilki bilen romanlaryny göz öňünde tutup, sekizi dokuza köpeldýäs=72.
Soňra 25 powest-hekaýaňam her dördüsini bir romanyň göwrümine barabar diýip takmynan alsak, olam bolýa=6.
Onam dokuza köpeldsek, bolýa=54.
Iki jemimizi goşýas: 72+54=126.
365 günlük 1 ýylda bar, şunça hepde=52,14285714285714.
Ýüz ýigrimi altynam bölsek elli ikä, olam bolýa=2,423076923076923.
Şeýlelikde Dostoýewskiý agaň oçerkleridir-makalalaryny hasaba alman: “Murat Alpaý beý, ýokarda mysal getirilen “güýçli” hem “gümmürdili” jümläni aýdanda, diňe çeper eserlerini göz öňünde tutupdyr” diýen gipotetiki çaklamadan ugur alsak, Dostoýewskiý agaň çeper eserlerini basa oturyp okap çykmak üçin, diňe SSSR-ň “okajaň” ilatyna 2,4 ýyl gerek bolýar duruberýär.
Onda SSSR-däki ýaly “okajaň dä” ilata näçe wagt gerek bolar?

Netije: Arifmetika bilen çyn statistika gowy ylym dä bolýandan bolýan bolmaly. Sebäbi olary ýoýmasy kyn.
Oňa derek filosofiýa gowy ylym.
Kelläňe gelenini çalak-çulak taraşlap eňteribermeli.
Häzirki wagtda Zeminde "ýaşaýar" diýlip aýdylýan 7,5 milliard adamyň näçesi Dostoýewskiý agany okadyka?
Mysal üçin, Afrika ýurtlarynda, Owganystanda, Siriýada...
Ýa-da soragy başgaça formulirläliň: “Şonça adamyň näçesiniň Dostoýewskiýni okamaga eli degýärkä ýa-da has takygy Dostoýewskiý ýadyna düşýärkä ýa-da ondanam beter takygy, şeýle ýazyjyň taryhda bolandygyny, kitaplarynyň bolsa henizem bardygyny bilýärkä?!”...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]