15:11
Dostlam bar eken

DOSTLAM BAR EKEN

Parahat durmuşym bagtly günlerim,
Görüp bilmän, gö:rü:p bolup göz diken.
Şatlanyp dünýäde söýülsem, söýsem,
Gaýgylanýan duşmanlarym kän eken.

Her ýerde göz goýup, yzym yzarlap,
Ýola düşeýärler çüý bilen tiken.
Emma, gyýylma sen, eý, garyp köñlüm,
Agyma aglaýan dostlam bar eken.

Ahmet ARAZOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 65 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 4.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýokarky gatdan seredilip ýazylan goşgy / Goşgular - 11.02.2021
Peýwagtyna seýran edip ýörşüme... / Goşgular - 10.02.2021
Dostum / Goşgular - 25.03.2021
Kem-kemden / Goşgular - 16.03.2021
Arman, göwün bolýaň... / Goşgular - 20.03.2021
Şahyry atdylar gara zyndana / Goşgular - 07.04.2021
Tomus günleri / Goşgular - 08.02.2021
Durmuş derýasynyň üstünde / Goşgular - 03.06.2021
Iki bende sygan ömür / Goşgular - 03.06.2021
Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Всего комментариев: 6
0
6 Ahmet   [Mowzuga geç]
Bellikler ucin minnetdar

0
4 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
"Dost kyn günüñ gerek
Duşmanam berdiñ
Şat günüñde aglap biljek ajaýyp"
G.Ezizow.

Hiç hili täzelik däl-dä şu pikriñiz awtor.Dostumyzam bar duşmanymyzam.Duşman göripçilik edýär,dost derdiñi paýlaşýar.Goşga salynmajak derejede adaty pikir-dä.
Üstesine-de menden öñ biriniñ iki setirde (belkem dört setirde) aýdyp giden zadyny iki bende saljak bolup azara galmazdym.
Gödeklik eden bolsam bagyşlañ.Üstünlik!

0
5 Ahmet   [Mowzuga geç]
Billiklerine minnetdar. Her kim her hili dusunya hemme kisin garaysy den gelmeya. Asyl bir zada her kim her hili gorup(oz dunya garaysy bn) ona baha beryar ol aslynda bir zat bolsada. Onsanam Su wagt cenli gaty kop zatlar aydyldy sygyrda kop temalarda Dostluk, soygi, watan... Biri sol zady yazpdyr dip beylekiler yazman goyanoklar. Sebabi sol dusunja her kim ozuce baha beryar ozuce netije cykaryar. Onsanam sygyrda eydip yazmaly dp yazp bolanoga koplenc ozune tasir eden seni pikirlendiryan, aladalanyryan...zatlar barada yazylyar garaz we sm.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Şatlanyp dünýäde söýülsem, söýsem,

“Şatlanyp söýmek” - düşnükli, ýöne “şatlanyp söýülmek” nähili bolýar?

—-

Her ýerde göz goýup, yzym yzarlap,
Ýola düşeýärler çüý
bilen tiken.

Yzyň yzarlansa, yzarlaýanlar seniň yzyňda bolýar, onda, ýoluňa, ýagny öňüne nädip tiken düşeýärler… umuman, düşnükli, ýöne onda-da… “yzym yzarlap öňüme tiken düşediler” diýlende bir hiljek paradoks bolýan ýaly…

—-

Agyma aglaýan dostlam bar eken.

“Begenemde begenýän, gynanamda gynanýan” diýlendd dogry eşdilse-de “aglamda aglaýan” diýilse geň eşdilýär.
Men-ä aglak dostdan, agymy diňdirjek dostyň bolmagyny islärdim.
Dost diýeniň aglak bolmasynlaý.

0
2 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
Ahmet Arazow goşgylarynda hemişe ynsan häsiýetiniň beýanyna agram salyp gelýär.Ol adamyýet gatnaşyklarynyň oňaýsyz taraplaryny öz goşgylarynda yzygiderli teswirleýar.

0
1 Aksary   [Mowzuga geç]
Gysgadan gowja bolupdyr.
Üstünlik!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]