19:06
“Dost seni görmäge geldim...”
“Dost seni görmäge geldim”
Italmaz Akmyrat


Kän gündür, atygsap ýürek,
Dost, seni görmäge geldim.
Ýat bolmasyn birek-birek,
Giň gujak germäge geldim.

Düýne-ertä da:raşmakçy,
Hallar niçik? — soraşmakçy.
Ýagşylyklaň sanaşmakçy,
Bergimi bermäge geldim.

Duýup yssy mähriň baryn,
Gyrkyp ýalňyzlygyň taryn,
Saýlap kän ýollaryň birin,
Ýanyňda ýörmäge geldim.

Görnüp, ýüzüň güldürmekçi,
Küýsänimi bildirmekçi.
Saklanjak dostsuz künjekmi,
Ýüregi sermäge geldim.

Neberäňe — tutan hatar
Buýsanjym ömrüňe ýeter.
Gelmäňdensoň edip heder,
Gol berip durmaga geldim.

Göwnejaý görüp edebin,
Aýlawdan galan bedewiň.
Täk gardaş hasap edenim,
Gel diýdiň, gezmäge geldim.

Allanazar REJEBOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 117 | Добавил: Pegas | Теги: Allanazar Rejebow | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kemalyma... / Goşgular - 09.01.2021
Biz hakda / Goşgular - 08.02.2021
Watanym meniň / Goşgular - 17.01.2021
Wesýet / Goşgular - 22.10.2021
Suw kimin geçdi / Goşgular - 25.05.2021
Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
"Я бы хотела жить с Вами…" / Goşgular - 19.03.2021
Ahyrzaman bolar / Goşgular - 13.01.2021
Yşgyñ sungaty / Goşgular - 11.02.2021
Ýeňil goşgy / Goşgular - 20.03.2021



Всего комментариев: 5
1
5 Hyýalkeş   [Материал]
Beý diýmäweriñ Allanazar daýy, ömrüñiz uzak bolsun. Kimiñ haçan gitjegi belli däl. Maslahatymy kiçilik bilmän kabul edeniñize sag boluñ!

1
4 Allanazar   [Материал]
Hyýalkeş, maslahatyna sag bol, sanaşaly diýdigim dost dosta mydama ýagşylykda, meniň edenim azdyr bergilidirin diýjek bolupdym, özüme düşnükli bolansoň okana-da düşnükli bolarmyka diýdim. Wagt tapyp pikiriňi paýlaşanyňa minnetdar. Doglan ýylym 1958, köpi geçip azy galan diýlýäni-dä...

1
3 Hyýalkeş   [Материал]
Awtor, teswir ýazylmazlygynyñ sebäbi saýtda bir günüñ dowamynda kän goşgy (material) goýulýar. Oña-da häli-şindi täze materiallar goşulyp dur. Onsoñ okyjy hökmünde haýsysyny okap, haýsysyna teswir ýazjakdygyñ biler ýaly däl. Köpümizem işlämizsoñ, wagtam çäkli. Ýogsa, goşgy erbet däl.
Özüm-ä kän murapbagsöýer däl. Murapbagda çuñ pikir ýöretmek kyn bolýar. Sebäbi formasy bek. Şonuñ üçin şahyr goşguda köp pikri kapyýanyñ hatyrasyna aýtmaly bolýar. Onsoñ forma beter üns berlip mazmun ünsden düşürilýär. Bärde-de şonuñ ýaly. Özüm-ä mazmuny ilerde tutýan. Maslahatym: Murapbag däl-de boşaşada, ak goşgy görnüşinde ýazjak bolup görüñ ilki. Elbetde, ýaşyñyzy bilemok, menden uly bolsañyz maslahat berjek bolup oturşymy bagyşlañ! (bu zatlar ýaşa bagly dälem welin, onda-da)
Aslynda murapbagda çuñ manyny, şahyranalygy berip bilýän şahyrlar bar. Meniñ iñ gowy görýän murapbaglarymyñ biri Ysmaýyl Taganyñ "Nädeýin" murapbagy.Ine ondan bir bent:

Gözüñ umman, göreçleriñ adadyr
Men şol adañ bakyp ýörün padasyn
Lebiñ ömrüm, gözleñ göwnüm kadasyn
Öçürgiç deý bozup barsa nädeýin?!

Ýa-da Kakamyradyñ murapbaglary:

Gara gazma gyzsa sazlar öýkelär
Tomuslar ir düşse ýazlar öýkelär
Meni ne günlere saldyñ peýker-ä
Ykbal niçik iş eýledi, duýduñmy?

Mundan daşary goşgudan ýekeje bellik:
"Ýagşylyklañ sanaşmakçy
Bergimi bermäge geldim"

Dostlañ arasynda (eger olar hakyky dost bolsa) ýagşylyklar sanaşylmazmyka diýýän.
Döredijilikde, durmuşda üstünlik arzuw edýän.

0
2 Aksary   [Материал]
Allanazar kaka goşgy gowy, haysy maksat bilen gelenligiñ aýtmak ýaly bir zat-da.

Ine:

"Gel "diýdiň,
gezmäge geldim
Giň gujak germäge geldim.
Bergimi bermäge geldim.
Ýanyňda ýörmäge geldim.
ÝüregMi sermäge geldim.
Gol berip durmaga geldim.

Dost seni görmäge geldim.

1
1 Allanazar   [Материал]
Ýagşydan -ýamandan seslenen bolmady welin, seslener ýaly zat ýokmuka ýa...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]