23:16
Dört ýyl
DÖRT ÝYL

Kakama

Obadan urşa giden mugallym
Esger bolup gaýdyp geldi mekdebe.
Gaýdyp geldi ýene okuwçylarna
Gaýdyp geldi ýene kitap-depderne.

Hany onuñ söwer okuwçylary? -
Hany iküç ýyllap siñdirilen yhlas?
Oturanlar başga okuwçylardy,
Ýerinde bolsa-da şol tanyş klas.

Oglan-gyzlar ýedinjini gutaryp,
Her haýsy bir işe dargap gidipdir.
On üç sany söwer okuwçysyna
Öz dek deñ mugallymlyk edipdir.

Dört ýyl heýhat!
Oýlandy ýaş mugallym:
(Ýaş bolsa-da saçyna ak düşüpdir!)
...Ýa uruş dört ýyldan uzak bolupdyr,
Ýa ýigitler, gyzlar tiz ýetişipdir?!

Atamyrat ATABAÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 27 | Добавил: Haweran | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Во льдах / Goşgular - 28.02.2022
A dream of Rosetta. Ship goes to Italy / Goşgular - 26.01.2022
Призывание / Goşgular - 28.02.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022
Maslahat / Goşgular - 25.01.2022
Атлантида / Goşgular - 21.02.2022
Стихи на русском языке / Goşgular - 22.02.2022
Sen... / Goşgular - 01.02.2022
Бриллиантовые дороги / Goşgular - 04.02.2022
«Были павлины с перьями звездными...» / Goşgular - 17.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]