16:40
Dört pasylda ýazylan dürli goşgular
DÖRT PASYLDA ÝAZYLAN DÜRLI GOŞGULAR

• Ýazda ýazylan goşgy

Men ýaza garaşdym
Ýüregimden ýer edip.
Garaşdym guşlaryñ höwürtgesini
Timarlap, taýýarlap garaşyşy dek.

Garaşmagyñ bir öz lezzeti başga,
Garaşmak gowurak gowuşmadan-da.
Bahara garaşmak - hamyla gelniñ
Oýlanmasy ýaly dogluş hakynda.

Ruhuñam durlanýar gök ýüzi bilen.
Pikirler möwjeýär etene deýin -
Ýumurtgadan çykjak bolup urunýan.
Men olary saklap näme edeýin?!

Dünýäni gaplaýar gülleriñ ysy,
Eşdilýär etenäñ jürküldisi-de.
Şeýdibem oýanýar owadan pasyl,
Ýaşyl pyntyklaryñ tirpildisine.

• Tomusda ýazylan goşgy

Depämde gök asman, degräm düñle çöl...
Şol gün teşne halda galypdym sensiz.
Şonda meniñ süýr depämden gün geçip,
Agypdyr eñkim...

Gelmändiñ,
Buýrulyp ýowuz höküme,
Jeza garaşýan bir günäli bendi
Ýaly garaşypdym.
Soñra ökünip,
Sen hakda oýlara, gümana çümdüm...

Hawa, sen gelmändiñ, habar almandyñ,
Meni goýup gidip, öz dünýäm bilen.
Bu gün saýlan köşgüñ harabalygyn
Bilýänsiñ deñäñde meñ külbäm bilen...

Men indi aýñaldym, geldim essime,
Şol günki duýgular serden göçüpdir.
Seniñ göz öñümde galan keşbiñem
Süýr depämden gün geçende öçüpdir...

• Güýzde ýazylan goşgular

Gözlegimde ýol söküp günlerde bir gün,
Sorap-idäp, tapsañ şol öñki öýïm,
Boş bolsa öñküje oturýan ornum,
Ejir çekip çyndan hem seni söýüp.
Bilersiñ dünýeden ötenmi, gülüm,
Sorap gelseñ meni günlerde bir gün.

Şonda sen ýas tutup, köýmegiñ, gülüm,
Geýginiñ gülgüne köýnegiñ, gülüm!
Seniñ şindi ýaglyk görmedik başyñ
Şol günem, goý, bolsun asman deý açyk.
Çünki duşuranda ajaýyp bir gün
Señ başyña orap gülli öýmäni,
Çemen deýin baglajagmy aýdypdym.
Sen wada beripdiñ baky söýmäni
Hem meñki boljagyñ günlerde bir gün.

Şol günüñ täsirne düşüp täzeden,
Sorap-idäp gersiñ günlerde bir gün.
Şonda meñ bogmadyk güllermiñ çüýräp,
Bilersiñ solanyn hyýaly öýmäñ.
Sen bolsa gelensiñ gülberiñ süýräp,
Emma meni, hatda salgymam tapman,
Delalat islärsiñ boş galan öýden.
Şonda sen üns bilen ýüregñe diñ sal...
Duýarsyñ, kanda men, günlerde bir gün,
Meñ dünýäm göwnünde düñderilgidir...

* * *

Säher, ýagyşdan soñ, howa dymyksy
(Bir alamat bolsa gerek ýokardan).
Tebigata güýz gelipdi ymykly,
Suwa görä ýaprak köpdi akarda.

Säher bilen ýagyş ýuwan köçä-de
Ýapraklardan düşelipdi paýandaz.
Bular gökden injek melek üçinmi,
Seýle çykjak ýar üçinmi, aýan däl...

* * *

Sen meni, gör, nirelerden gözleýäñ?!
Men şu ýerde, men bärde.
Beýle bagty takdyr maña dözmeýär,
Ideme sen meni owadan törden.

Geliber sen yzlap aýak yzymy,
Ol yzlary ýel-ýagmyrlar ýuwmaýar.
Çünki kyn ýollarda çyzgap dyzymy,
Ötüpdim men gujak açan ýurda, ýar!..

Şu sözlemden many alabilmeseñ
Hem deñämden geçseñ görmän, seretmän.
Onda seniñ ýa yhlasyñ kemterdir,
Ýa men saña gerek däl!..

• Gyşda ýazylan goşgular

Ýylyñ ilki gary owadan ýagýa,
Gözel görnüş synlap dursañ gyrada.
Gözýetim görnenok gowlukdan ýaña,
Köçelerde gijräk ýanar çyralar.

Aslynda-ha, geregi-de ýok olañ,
Gijä bezeg arçalaryñ ak tansy.
Iki zady ýada salýar ýodalar:
Eräp barýan ýaşlygmy hem ak gandy...

* * *

Bu agşam - tukat agşam,
Senli günlem ýatladýar.
Sensiz hyýalym agsap,
Pikirlerim ýadadýar.

Sebäp aýdyp bilmedim
Men olary hiç gezek.
(Telefona jañ gelýär:
Ýañlanýar saz - "keçpelek").

Aý, bolýa-la, şu pursat
Gerek däl-ä hem söhbet.
Sen däldigiñ-ä belli,
Jañ edýänem geñ görmez...

Daşary - meñ ertirim,
Gök terk edip Aýyny
Batyrypdyr pikrim deý
Bulutlaryñ laýyna.

Bu agşam - tukat agşam
Gör, ol kimiñ hyýaly?!
Aý çykdy hanha agsap,
Sensiz galan men ýaly.

Orazmyrat MYRADOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 31 | Добавил: Haweran | Теги: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Duralgada / Goşgular - 12.03.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
O ýer.. / Goşgular - 07.02.2021
Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny... / Goşgular - 10.02.2021
Wagt hem söýgi / Goşgular - 08.02.2021
Syr / Goşgular - 01.06.2021
Ümsümlik we sen / Goşgular - 10.04.2021
Gamgyn goşgy / Goşgular - 11.02.2021
Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Sen maňa dymma diýme!.. / Goşgular - 10.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]