17:58
Dolan käbäm!
DOLAN KÄBÄM!

Dolan käbäm!
Ýürek seni küýseýär,
Küýseýär mähriňi, ýyly sözlerňi.
Sensiz dünýäm boşap galdy mähriban,
Küýseýärin nur dökülýän gözlerňi.

Dolan käbäm!
Men senden ganybam ýetişmedim-ä,
Az pursat özümi bagtly duýaýyn,
Haýyş edýän bir gezejik geläýdä,
Seň gujagňa dolup çaga bolaýyn.

Dolan käbäm!
Sen gideňsoň menem birden ulaldym,
Jigilerim soraýar: " Ejemiz hany"
Aýtsana olara nädip diýeýin:
" Ejemizi bizden aldy, bu pany"

Dolan käbäm!
Sen gideňsoň öýümizem boşady,
Sowlan ýaly boldy ullakan bazar,
Seni alyp gitmäge nädip dözdükä,
Gül ýüzüňi soldurmaga, bu hazan.

Dolan käbäm!
Maňa hiç kim: " Aýna gyzym" diýenok,
Mähir bilen garaýan ýok ýüzüme,
Allajan ejemi bir pursat beräý,
Gurban bolsam onuň birje sözüne.





Категория: Goşgular | Просмотров: 65 | Добавил: Mahremlik | Теги: Aýna Amangeldiýewa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Дело о поджоге Рейхстага / Goşgular - 11.01.2022
Ykbalyma / Goşgular - 08.01.2022
Halas et! / Goşgular - 12.01.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022
Durmuş hakykaty / Goşgular - 13.01.2022
Могила Гете / Goşgular - 11.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 6
0
6 Mahremlik   [Материал]
Sag boluň siziň ýazan şu teswiriňize gaty mätäçlik çekip otyrdym sag boluň köp köp hemaýat (podderşkaňyz) üçin

0
4 Mahremlik   [Материал]
Hmm düşnükli sag boluň köp köp maslahatyňyz üçin ýöne ýüregim gysdyda ýazaýdym gaty gowy düşmese düşenm däldir

0
5 sabyrly   [Материал]
Goşgy setirleri (ýa-da başga eserler) — ýürek ýa aşa gysanda ýa-da aşa joşanda ýazylýan bolmaly pikirimçe.
Her kimiň bir ýazyp bilşidir, ýöne boldugyndan " gaty gowy düşürjek" bolmaly.

Gowy goşgularyňyzdan ýetirip duruň!

0
3 Aksary   [Материал]
Küýsegdir isleg goşgularynda aýdyp oturmak gelşiksizrägem bolsa

Akgynlylygy bozýarda
Ýada
"Seni alyp gitmäge nädip dözdükä,"
Alyp gitmeklige nädip dözdükä

Diýseñiz gelişmän durmazmyka diyyan özümçe

Sen gideñsoñ...
Sen gideñsoñ....
Seni alyp...
"Sen" "seni" "señ"-i kän ulanypsyñyzda,her topbakdada bar diýen ýaly

0
2 Mahremlik   [Материал]
nm bolmandyrmy ol setir

0
1 Aksary   [Материал]
Jigile(ri)m soraýar: " Ejemiz hany"

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]