15:56
Dolan!
DOLAN!

Uçup ýördük el berişip howada
Uly-uly arzuwlara başlaşyp
Söýgümizi tapypdyk biz sabada,
Öýle wagtam ýetip geldi - hoşlaşyk

Ol sabanyň günäsi-de ýok asla,
Gaýtam ol, päk söýgümizi duşurdy
Birden aýralygam geldi-de haslap,
Süýjäp başlan söýgümize diş urdy

Ah, indem...
Gutsyz göwnümi pa:ralap
Çekip ýörün şol dişiniň yzasyn
Sen bolaýsaň, kesselerem arylap,
Şübhäm ýokdur gezjegime - yzasyz

Men-ä seni köpden bäri tanaýan
Senem meni - menden gowy bilýäň-ä
Ýalňyz goýma, ýollaryňa garaýan
Dolansana,
dolansana,
dünýäme...!

Ylham GURBANALYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 44 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Марьонетки / Goşgular - 20.01.2022
Подземная река / Goşgular - 26.02.2022
Ve “Ut Pictura Poesis” Adıdır Onun / Goşgular - 03.02.2022
Ýyllaň geçýänine gynanamzok biz..." / Goşgular - 23.02.2022
Как падший ангел / Goşgular - 04.02.2022
Звезда / Goşgular - 25.02.2022
Ukudan oýanmak ýa-da Jentlmene telegramma / Goşgular - 23.02.2022
Ejeme hat / Goşgular - 23.02.2022
Men ak daglary gördüm / Goşgular - 13.02.2022
Ykbala haýyş / Goşgular - 14.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]