11:01
Doglan günüňe...
DOGLAN GÜNÜŇE...

(A.Alyýewa bagyşlaýan)

Gowudugny...
Seret dünýäňe
Dogulduňmy?..
Dogul ýene täzeden.
Alajaňa juda meňzeş günleri
Iýşip ýörkäk
Iýdip ýörkäk ýene-de
Ýaşaýarys ýylgyryp.
Köp şükür!
Oňatlyklar bizden ýüzün sowanok,
Entek sowanog-a kalpdaky söýgi.
Alňasaman, gyssanmaly hiç zada,
Ýene-de Ýaz geler baglarmyz güllär.
Hemem...
Juda garaşdyran ýyllaram
Ynanýaňmy?
Ynha görersiň...
Saňa bir ýakymly gowuluk buşlar.

Ýaşa, ynan...
Egsilmez söýgini dünýäňe doldur.
Ähli gussalarňy unut-da baryn,
Sen diňe ýylgyr.

Bilbil KAKABAÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 115 | Добавил: Bilbil | Теги: Bilbil Kakabaýewa | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021
Türkmeniñ sözi / Goşgular - 25.02.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
Wagt hem söýgi / Goşgular - 08.02.2021
Hyýal dünýäsinde hyýaly däl oýlar / Goşgular - 09.02.2021
Yşk öýüm / Goşgular - 26.02.2021
Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny... / Goşgular - 10.02.2021
Gamgyn goşgy / Goşgular - 11.02.2021
Watan / Goşgular - 25.03.2021
Perzent / Goşgular - 20.03.2021



Всего комментариев: 9
0
9 Mähriban   [Материал]
Bilbiljan, arada telewizorda bir gepleşik gördüm. Şonda elsiz-aýaksyz bir ynsan şeýleräk manyly sözleri aýtdy: Biri seň göwnüňe degse, sen başga biriniň göwnüni göter! Bu sözler Gurbannazar şahyryň şu setirlerine meňzeşräkmi: Diňe gül döreder şahyr ýüregi.
Gül döretmekde, öz aýdyşyň ýaly "Dünýä söýgi paýlamakda" diňe-diňe-diňe gowulyklar hemra bolsun, Bilbiljan!

1
8 permanh2206   [Материал]
Gowy ýazlypdyr. Galamyñ ujy ýiti bolsun. Paýlaşyp duruñ!

2
7 Garayolly1936   [Материал]
,,,, Ähli gussalarňy unut~da, sen, diňe ýylgyr"".

2
6 Sergezzan   [Материал]
Onat goshgy

2
5 sabyrly   [Материал]
"Doguldyňmy,
Dogul ýene täzeden"

Şu ýerini aýratyn haladym.

1
4 Aksary   [Материал]
Oňatlyklar bizden ýüzün sowanok,
Entek sowanog-a kalpdaky söýgi...

Şu setirler hasam gowy,ömrüñ bolsun

1
Doglan gün govy zat. Meniñem doglan günüm yetip gelyar. Hazirden garaşýan name sowgat bererlerkä diyip

1
2 Bilbil   [Материал]
@Haweran köp sag boluň! Meniň ýönekeýje goşgularyma uly baha berýäniňize hem-de ruhlandyrýanyňyza köpTaňryýalkasyn!

2
1 Haweran   [Материал]
"Gawun gawundan reñk alar". :)
(Ne ajap gawundan reñk aldyñyz welin, muña özüñizden beter men begenýän). Dowamly bolsun.
Dogry. Ýaşamaly, söýmeli, ynanmaly, ýylgyrmaly.
Bu ömür ýaşanyña, söýeniñe, ynananyña, ýylgyranyña degýär.
Şu gün doglanlaryñ ählisine iñ gowy arzuwlar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]