07:33
Doglan günüň gutly, eje!

DOGLAN GÜNÜÑ GUTLY, EJE!

Aýlar geçip, günler geçip bu gün beýgelendir ýaşyň,
Biliňden kuwwat gitmesin, agyrmasyn belent başyň,
Manyly ömürde ýaşap ýyllardan ýyllara aşyň,
Doglan günüň gutly bolsun uzak ýaşaň käbäm eje!

Gutlarlar agtyk, çowluklaň bu gün seň daşyňa üýşüp,
Gollaryňdan tutar olar ene uzak ýaşa diýşip,
Bagryna basarlar käbäm seni çyn ýürekden söýşüp,
Uzak ýaşa, ýaşyň gutly saňa ýene ýüz ýaş eje!

Islegiňi amal etsin garşylajak täze ýaşyň,
Hiç gamlanma, mydam ýylgyr, çytylmasyn ýüzde gaşyň,
Dyza çöküp gutlajak men dyzlaryňa goýup başym,
Doglan günüň gutly bolsun mähribanym käbäm eje!

Hiç çägi ýok käbäm saňa aýdyljak alkyşly sözüň,
Mundan artyk bagt islemen, maňa berlen bagtsyň, özüň
Bu gün älem başyn egýär, nurlandyryp dünýäň ýüzün,
Sen dünýäniň göwer gaşy, sen jennetiň güli eje!

Käbä eneler deňelýär, isläp siz dünýäň gowlugyn,
Bu ömür manysyz bilyän, sensiz ýoklugyn gowlugyň,
Bagt guşy sensiň käbäm, bijesi özüň şowlugyň,
Dünýä dursun sen durawer mähribanym käbäm eje!

Gurbanmämmet MEREDOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 78 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Kerim Hallynyñ "Erkekler" goşgusyna jogap / Goşgular - 25.03.2021
Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
Hüwdi / Goşgular - 14.04.2021
Duralgada / Goşgular - 12.03.2021
Aýdylmadyk söz / Goşgular - 07.03.2021
Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021
Soltansöýünden 40 gazal -2 / Goşgular - 08.02.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Всего комментариев: 1
1
1 Aksary   [Mowzuga geç]
Biliňden kuwwat gitmesin,egsilmesin belent başyň,

EGSILMEK,azalmak manyny añladýar,başgarak söz gerek

Gutlarlar agtyk, çowluklaň bu gün seň daşyňa üýşüp,
Gollaryňdan tutar olar eje uzak ýaşa diýşip

Şu ýerde EJE sözi ters eşdilýär,Ene bolsa gowy bolaýjak ýaly

Umuman tüweleme goşgy gowy ýazylypdyr Gurbanmämmet!üstünlik

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]