07:29
"Doglan günüm... Üýşüp dosty-ýarlarym..."
"DOGLAN GÜNÜM... ÜÝŞÜP DOSTY-ÝARLARYM..."

Doglan günüm... Üýşüp dosty-ýarlarym,
Ýetip sahylygyň aňry hetdine.
Diläp ähli gowulygyn barlygyň,
Uzak-uzak ömür arzuw etdiler.

Hoş söz herne göwne gop beräýgiçdir,
Men bolsa, tersine... galdym howsala:
Uzak ömür hakda munça arzuwyň,
Ýeri, birden-biri hasyl bolsa nä?!

Mazasy bildirmez maňa hiç zadyň,
Sensizligiň ezýet-ejirlerinde.
Uzynlygynda däl...
Ýoluň manysy,
Megerem, kim bile geçenligiňde.

Gelsene, ýetiş sen dadyma derhal.
Sowgadam, hoş sözem... däl häzir derkar.
Edip boljak ähli arzuw edildi...
Gel, ähli arzuwlaň hasyly bol-da,
Maňa uzak ömri bagyşlap serpaý.

Kakamyrat REJEBOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 87 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“ / Goşgular - 18.02.2021
Ömür menzili / Goşgular - 15.03.2021
Şahyrlyk borjy / Goşgular - 16.03.2021
Düýş / Goşgular - 12.02.2021
Sil geldi / Goşgular - 26.02.2021
...Göwnüm gaçdy / Goşgular - 24.03.2021
Uzaga hat / Goşgular - 13.02.2021
Halturaçy we okyjy / Goşgular - 05.04.2021
1937 / Goşgular - 05.04.2021
Ýeňil goşgy / Goşgular - 20.03.2021



Всего комментариев: 6
0
5 Hyýalkeş   [Материал]
Teswire surat nädip goýulýandygyny öwredäýiñ. Kakamyradyñ doglan gününden surat goýjakdym-da.

0
4 Mähriban   [Материал]
Tüweleme, Kakamyrat 35 ýaşapdyr, simwoliki ýaş! Kakamyrat doganymyza uzak we haýyrly ömür dileýäris! Goý, jany sag, başy belent, hemişe we hemme ýerde gowulyklar we gözellikler hemrasy bolsun! Kakamyrat heniz talyp wagty 20 ýaşynda "Nesil" gazetine redaktor bolup işe başlapdy. Ýaşlar gazetine redaktor bolan döwründe biz ýaly ýaňy döredijilikde ýörjen-ýörjen bolup başlan ýaşlaryň goşgulary bir sözem üýtgemän diýen ýaly "Nesilde" çap bolýardy. Biziňem goşgularymyzyň gazetde görnüp başlamagyna ýardam beren hormatly ynsanlaryň biri Kakamyrat Rejepow bolmaly. Ýaşlara özüniň kömegini gaýgyrmaýan halypamyz - Orazmyrat Myradowyň adyny hem şu gün agzamaly diýip hasap edýärin.
Kakamyrat doganymyza maşgalasynda, işinde, döredijilikde, durmuşda... üstünlik arzuw edýäris.

0
1 sabyrly   [Материал]
"Uzak ömür hakda munça arzuwyň,
Ýeri, birden-biri hasyl bolsa nä?!"

"Uzynlygynda däl...
Ýoluň manysy,"

"Maňa uzak ömri bagyşlap serpaý."

Düşünmedim, uzak ömür dileýämi ýa dilenen uzak ömürden gorkýamy?

-1
2 Revo   [Материал]
Goşguda aýdyljak pikir aýan (düşnükli) bolmasa gowumyş. :)

1
6 sabyrly   [Материал]
@revo, myş-myşlara ynanmasan-a.

Pikir gizlin bolsa gowudyr, ýöne düşnüksiz bolsa, bilmedim-dä!

0
3 Aksary   [Материал]
@sabyrly'ner gezgin ya öt ýagşy diýýàn ýaly eşdilýä...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]