00:34
Doglan günüm
DOGLAN GÜNÜM

Bu gün gowy sözleñ diýilýän güni,
Bu gün joşgun ýürekleriñ töründe.
Ýagşy sözler kerpiç ýaly örülse,
Bu gün bir ullakan ymarat döräp,
Meni mährem gujagyna alardy,
Gorardy epgegiñ gyzgyn deminden.
Ýel-ýagmyryñ güýji ýetmez üçege,
Sowuk gyşy geçirip bor üşemän.
Ýagşylyklañ ýarsy güýjäp,
keminden,
Ýamanlyklañ ýarsy güýçsüz galardy...

Bu gün ýagşy sözleñ diýilýän güni,
Bu gün ýürek islegleri sözlerde.
Ýagşy sözler ýumak bolup çözlense,
hemem şol ýumakdan örülse geýim.
Şol sözler kelläme telpek bolardy,
Başyma göterýän mertebäm deýin.
Şol sözler egnime köýnegim bolar,
Özüme biçilen ýaly ölçegi.
...Bu gün gowy sözleñ diýilýän güni -
Bu gün ýüz kilolyk gapanda däl-de,
şol sözlerde
meñ agramym ölçeldi...

Jumageldi MÜLKIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 41 | Добавил: Haweran | Теги: Jumageldi Mülkiýew | Рейтинг: 2.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Başga / Goşgular - 08.02.2021
Alla hem şahyr / Goşgular - 25.03.2021
Çilimkeş / Goşgular - 15.01.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
Redaktor bilen düýşdäki söhbet / Goşgular - 18.03.2021
Göreş / Goşgular - 20.03.2021
Sensiz / Goşgular - 10.04.2021
Dag we Asman / Goşgular - 10.11.2021
Ýene-de bir owadan goşgy / Goşgular - 20.03.2021
Aýdym / Goşgular - 24.05.2021



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
doglan günüň gutly bolsun.
gowy manyly goşgy.
--
Ýagşy sözler ýumak bolup çözlense,
hemem şol ýumakdan örülse geýim.
Şol sözler kelläme telpek bolardy,

telpek geýimmi?
belki, başa geýilýän geýimdir.
örülýän telpek barmy?
belki örülen şapkadyr.

üstünlikler!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]