19:56
Doganlyk
DOGANLYK

- Türkmenmi sen?
Meñzeýärsiñ türkmen-ä.
Gruzine-de, pürsýäne-de çalymdaş.
- Kakamokmy ýa gazaga, ermen-ä
Goýma galanlarnam,
Sana, garyndaş!

Gitjek ýerim barmy meniñ olardan,
Bary bilen
Aslymam bir, süññüm bir,
Geçdik indi,
Geçdik aýry bolardan,
Bary bilen şu günüm bir, düýnüm bir.

Bizi baky birleşdirip Watanmyñ
Perzentleri - bir-birine meñzeşdir.
Boýlary bir,
Eginleri deñleşdir.

1983 ý.

Gözel ŞAKULYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 49 | Добавил: Haweran | Теги: Gözel Şagulyýewa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hatyja / Goşgular - 15.02.2021
Seniñ adyñ / Goşgular - 29.01.2021
"Nätanyş zenan" atly suratdaky zenana / Goşgular - 12.02.2021
"Atsyz bolar eken zyýat şygyrlar..." / Goşgular - 21.03.2021
Perzent / Goşgular - 20.03.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
Taк / Goşgular - 04.04.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
Ýazha-ýaz! / Goşgular - 05.06.2021
Ýokarky gatdan seredilip ýazylan goşgy / Goşgular - 11.02.2021



Всего комментариев: 4
1
1 mango   [Материал]
1983-de aýdylan zatlaryň nädogrylygy bary ýogy 10 ýyla ýeter ýetmezden belli bolyr.

Gitjek ýerim barmy meniñ olardan,
Bary bilen
Aslymam bir, süññüm bir,

Gitjek ýerim bar eken meniñ olardan,
Bary bilen
Aslymam, süññümem bir däl eken,

1
2 Haweran   [Материал]
Ähli halklaryñ aslam, neslem bir, süññem, geljegem bir, duşmany-da bir (ezijiler, halklary biri-birine duşman edip, jeñleriñ hasabyna, ýaýradýan ýokanç keselleriniñ hasabyna döwran sürüp ýaşaýanlar), Watany-da bir (Ýer planetasy). Ideologiýalar çalşyp biler. Pikir welin könelmändir. Soñky pandemiýa munuñ hijem könelmejekdigini görkezdi.

0
3 Bagabat   [Материал]
Halypamyň ýanynda bir gezek şuňa meňzeş gürrüň edip, oturanlar öz "aňyrlarynyň" gadymydygyny aýdyp öwündiler. Şonda ol: "Hiç haýsyňyzyňam aslyňyz meňkiden gadymy däldir!" diýdi.
Biz geňirgenip oňa seredişdik. Hasam men halypamyň sözüne birhili boldum. Sebäbi onda öň munuň ýaly "tümmek gum" bilen öz-özüni mazamlamak häsiýeti ýokdy. Emma: "sakawyň soňuna seret" diýleni. Hemmämiziň ünsüni çekendigine göz ýetiren halypam şonda diýdi:
-Sebäbi meň aňrym pylan handanam däl, pylan işandanam, pylan baýdanam. Meň aňrym hut Adam ataň özünden gaýdýar. Haýsyň onsoň gadymylykda menden öňe geçip biljek?

0
4 mango   [Материал]
töwellä üçin Adam atany getirýäňiz-dä onda...

Bizi baky birleşdirip Watanmyñ
Perzentleri - bir-birine meñzeşdir.

watan bizi baky birleşdirjekdi (sowet halkyny döredip), ýöne arman 70-den kän geçip bilmedi.
perzentleri hem bir-birine meňzeş däldi.
ne sypat taýdan, ne ekonomika taýdan, ne medeniýet taýdan.....
ýöne zyýany ýok....
doganlyk meselesinde....
her wagt her ýagdaýda doganlyk gatnaşygy gerek, we ony saklamaly...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]