22:30
Doga-dileg
DOGA-DILEG

Häkimlik isläne - häkimlik bergin,
Baýlyk isleýäne - eçilgin baýlyk,
Kölege küýsäne - ganatyñ gergin,
Seniñ erkiñdedir bu beýik barlyk,
Men medet soraýan Seniñ adyñdan,
Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan.

Sahylara sahylyk ber, beglik ber,
Guýulara çüýremeýän çöwlük ber,
Hassalara däri-derman, saglyk ber,
Ogulsyza ogul, agtyk-çowluk ber,
Men medet soraýan Seniñ adyñdan,
Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan.

Gaýratsyza gaýrat, tapsyza tap ber,
Kuwwatsyza kuwwat, zatsyza zat ber,
Ýatlara ýakyn ber, huşsuza ýat ber,
Bagtsyza bagt bergin, atsyza at ber,
Men medet soraýan Seniñ adyñdan,
Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan.

Derwüşe jinde ber, pakyra sena,
Elguşa ganat ber, hakyra pena,
Mömine sogap ber, Genjime dünýä,
Ýolsuza ýol bergin, jaýsyza bina,
Men medet soraýan Seniñ adyñdan,
Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan.

Şalara adyllyk, raýata amal,
Ýüwrüge toýnak ber, ozmasyn çaman,
Pirlere tagat ber, açlara tagam,
Dilsize dil bergin, zehine - galam,
Men medet soraýan Seniñ adyñdan,
Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan.

Sözlere erkinlik, düzlere - giýa,
Ata-enäñ yhlasyn kylmagyl ryýa,
Ýigide erk bergin, gyz-gelne haýa,
Eý, Perwerdigär-ä, ýa bar Hudaýa!
Halas et bendäñi dowzah odundan,
Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan.

Deñlik ber-de, deñsiz bilen deñ etme,
Kemlik ber-de, il yrsgalyn kem etme,
Bozgaklaryñ bozuk başyn jem etme,
Ylham ber hem owazymyz sem etme,
Giñlik ber dünýäme Öz dergahyñdan,
Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan.

Bilbilleri gülzaryndan çykarma,
Ygrarlyny ygraryndan çykarma,
Deñizleri kenaryndan çykarma,
Ýer tebsiräp, kararyndan çykanda,
Derýa dolsun gara daglañ garyndan,
Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan.

Özüñden özgeden hiç zat soratma,
Aşyklary dildaryna zar etme,
Eliñ giñ aç, köñlümizi dar etme,
Magşar güni didaryña zar etme,
Şan ber ile şöhratyñdan-şanyñdan,
Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan.

Ýoklukdan bar eden Ylahy-Emin,
Bize dergahyñdan beripsiñ zehin,
Baýnamasyn görip, goý, ýansyn bahyl,
Bismillahy er Rahman, er-Rahym,
Mähriban, rehimli Allañ adyndan,
Kasam ki, çykarma bizi ýadyñdan.

Atamyrat ATABAÝEW.

"Watan" gazeti, 21.01.1995 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 96 | Добавил: Haweran | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 4.7/7
Goşgular bölümiň başga makalalary

Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Durmuş otlusy / Goşgular - 20.03.2021
Ýene-de bir owadan goşgy / Goşgular - 20.03.2021
Huşsuz nazarym / Goşgular - 12.02.2021
Seniñ dünýäñ / Goşgular - 22.02.2021
Özüm hakda / Goşgular - 22.02.2021
Gözler gözellikde eglensin / Goşgular - 02.02.2021
Pursat / Goşgular - 08.03.2021
A.Çüriýewe bagyşlanan goşgulardan / Goşgular - 10.04.2021
Durmuşyň keýpi / Goşgular - 04.06.2021
Всего комментариев: 1
0
1 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Ine goşgy. Atamyrat Atabaýewiň muşdagy men.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]