17:29
"Diýýärler agydyr ölüm bezegi..."
"DIÝÝÄRLER AGYDYR ÖLÜM BEZEGI..."

Diýýärler agydyr ölüm bezegi,
Emma, ajal mañ ýeten gezegi.
Aglamañ adamlar, şatlanyñ, gülüñ,
Ruhum razy bolar, hatyrjem boluñ.

Seçiñ göwräm üzre nogul-nabady,
Sazandalar sazyn belentden çalsyn.
Meni alyp barýan adamlañ ady,
Gölegçiler däl-de, gelnaljy bolsun.

Sebäp men babamyñ ýanyna barýan,
Sebäp men atamyñ ýanyna barýan.
Meniñ dünýä gelmegime gatnaşan,
Ählije ötenleñ ýanyna barýan.

Özümi çaga deý duýaryn şol wagt,
Babam gelip sypalasa başymy.
Howsalaly göwnüm ynjalyk tapar,
Ata-babam üýşüp alsa daşymy.

Emma, men el üzmek islämok mundan,
Men ýene gelerin Huda halasa.
Sora meni säher sergin şemaldan,
Gözle memi bahar täze pyntykdan,
Garaş maña bu tebigat aglasa...

• "AJAL ALYP BARÝAR ADAM JESEDIN..."

Ajal alyp barýar adam jesedin,
Adam glaýar adamlaryñ añynda.
Şonuñ üçin aglamañyz bes ediñ,
Halk atly şu dowamatyñ barynda.

Göräýmäge meñzeş ýaly hemme-de,
Bar ýollaram gabrystana sowulýar.
Tükel adam ölýär-ýitýär dünýeden,
Üýtgeşikler ölen wagty dogulýar.

Ajal kesgitlänok ömrüñ çägini,
Akyl berip ýaşap ýörä Eflatun.
Ýaşyñy uzaldar ýagşy gylygyñ,
Paýhasyñ hem gowulyga yhlasyñ.

Halk atly dowamat şeýle adalat,
Ýagşy bolsañ ýaşadyp ýör öteni.
Ýamanlygñy welin ýatlap ýörenok,
Ýagşylyk edýär-de unudýar seni.

• "Mertlik hada, dostluk hakda, gaýta-gaýta dursak-da..."

Mertlik hada, dostluk hakda gaýta-gaýta dursak-da.
Watan hakda, ene hakda gykylyklap ýörsek-de,
Söýgi hakda, hormat hakda warsakylar ursak-da,
Çyn duýgular dilde däldir, däl hatda bokurdakda.
Bu duýgular añyrrakda, gusakdadyr, gursakda.

Mertlik baýdagyn parladyp, gowga güni ýatan bar,
Çyn dostuny entiredip, pul dostuny tapan bar,
Watanyny aýdym edip, soñ emgenmän satan bar,
Enesini ýola garadyp, pata güni ýiten bar,
Söýgiden ýangyn döredip, özün suwa atan bar,
Gözlerine sylap, seredip, ýeñsesinden atan bar,
Şonuñ üçin bu duýgular dile gelen pursatda,
Ynanmagyn, çynmy olar, ýatybersin gursakda.

Gursak sorag, dil keşp gorag, tiz ynanmak howupdyr,
Gyssanma sen, adam bar-a, aýby gadym towukdyr.
Durmuş sülçi, bir çatrykda, bir öwrümli pursatda,
Sözleñ bary wulkan ýaly atylarlar gursakdan.

Baýram AKATOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 166 | Добавил: Ahmet | Теги: Baýram Akatow | Рейтинг: 3.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Моцарт / Goşgular - 18.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..." / Goşgular - 18.01.2022
"Ötüp barýan mazarlygyň deňinden..." / Goşgular - 13.01.2022
Конец героя / Goşgular - 03.02.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Halas et! / Goşgular - 12.01.2022
Meň arzuwym - Sen / Goşgular - 20.01.2022
"Kyýamat diýip men nämä düşünýän...” / Goşgular - 29.01.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 3
0
3 Mähriban   [Материал]
Baýram Akatowyň gowy goşgulary bar. Birinji goşgyny hasam haladym. Ikinji goşgam gowy. Biziň Baýram Akatow ýaly edebiýatçynyň şygyrlaryna baha bermäge çakymyzam, bilimimizem ýok welin, üçünji goşgy biraz tamamlanmadyk ýaly. Ýa-da jemleme biraz güýçlendirilmelimi, nämemi? Hemem bu goşgular şahyryň öňküräk goşgularyna meňzeýär. Ahmet jigim, Baýram mugallymyň täze şygyrlaryndanam paýlaşsaňyz, hoşal bolardyk. Hormatly şahyra we edebiýatça üstünlikler!

0
2 mango   [Материал]
Ajal alyp barýar adam jesedin,
(ajal jesedi däl-de jany alýan bolmaly. jesedi alyp barýanlar gölegçiler. kiçijek näsazlyk).

Tükel adam ölýär-ýitýär dünýeden,
Üýtgeşikler ölen wagty dogulýar.
(wah. käşkä ol üýtgeşikleri dirikä gadryny bilsek. şu ýerde bir-ä komment ýazypdy, "türkmen diňe öldürip gadryňy bilýä" diýip).

Ýagşy bolsañ ýaşadyp ýör öteni.
Ýamanlygñy welin ýatlap ýörenok,
Ýagşylyk edýär-de unudýar seni.
(bu-da gyzykly).

Baýram dädä üstünlikler.
gowy goşgular.

0
1 mango   [Материал]
Sebäp men babamyñ ýanyna barýan,
Sebäp men atamyñ ýanyna barýan.
Meniñ dünýä gelmegime gatnaşan,
Ählije ötenleñ ýanyna barýan.

täzeden jemlemek. bu gowy zat.
umut beriji owadan setirler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]