20:26
Diriligiň başlanyşy
DIRILIGIŇ BAŞLANYŞY

Ýol boýy ýaşulynyň aňynda ''ajalyň ýetse gidibermeli-dä'' aýlanýardy. Bu sözlem onuň kellesine gelýän pikirleri ýetişibildiginden kowjak bolýardy. Ýöne pikir boş söze eýgertmeýär.
''Pahyr göwnüne gelenini göni aýdardy. Ýöne bir gödek töhmet bolsa, hiç kim ondan gatam görjek däldi. Ol dogrusyny aýdardy. Aýbyňy ýüzüňe aýdyp dursalar kime ýakýar?''
Ýoly ýarpyraberenlerinde ýoldaşy ýaşula: ''Uly il ýaly gezibermeli-dä. Ters eden bilen nä işiň, dogry eden bilen nä işiň'' - diýdi. Ýaşuly oňa jogap bermedi. Onuň öleni ýamanlykda ýatlasy gelmedi. Ýaşuly diňe içinden ''onuňam zat bilen işi bolman geziberse, gününiň gowy geçjegine akyly ýetendir-le'' diýip, pikir etdi.
''Isa pygamberem adamlaryň bolşuny bolşy ýaly aýdany üçin agaja çüýläpdirler''.
Ynha, iki kişi ýörite onuň özüni däl, jesedini ýygnamaga barýardy. Olar merjen daşyny däl, onuň boş gapyrjagyny ýygnamaga barýardylar.
''Dirikä bir ýerde tiredeşi bolsa, ''şo däli bolsa onda barymyzam däli, bizem dälihana salyň'' diýip hökümediň jaýynyň agzyna ýygnanaýan bolsak, belki onda...'' ýaşuly daşyndan ''hmm'' etdi. Ýanyndaky onuň näme üçin beýdenine düşünmedi. Ýük agyr bolsa adam pahyr ýoluň gysgarak bolanyny isleýär. Ahyr dälihanaň diwarlaram göründi. Halasgär diwar. Ol ýumşak oturgyçda, kondisionerli kabinetda arkaýyn oturyp, arkaýyn aýlyk alan, arkaýyn edenlerini eden adamlary ondan, aýal maşgala bolsa-da dogrusyny aýdany üçin howply elemente öwrülen adamdan goran halasgär diwar. Şonda-da özüni kellesi kadaly işleýän hasaplaýan adamlaryň, ol diwary alkymlap barsa kelleleri kadasyz işleýän diýlip içine dykylanlara nebsi agyrýar.
Ýöne ol ''kadaly'' işleýänlerdenem, ''kadasyz'' işleýänlerdenem däldi.
Sag halyna dälileriň arasynda on iki ýylyny geçirip, şol ýerde-de jan bereni üçinem bu adamlar onuň jesediniň öňünde baş egäýmelidiler. Muňa olaryň ikisiniňem akyly ýetýärdi. Ony saklan diwarlaram eýmendiräýmelidi. Häzir weli o diwarlar, demir Derweze hiç zat. Olaryň dirä güýji ýetýär.
''Indi sen çagaň galdyran haýatjygyça-da ýok. Sen o pahyryň tenini saklasaňam ruhuna erkiň ýetenok. Onuň ruhy bir wagtdan bäri biziň ýokarymyzdan ýylgyryp, seredip durandyr...''
Ýaşuly serpmeden gaýdan ýaly boldy. Ruhy ýylgyrýandyr diýýäniň özi ýoldaşy bilen tirkeşip, ýylgyryp göründi.
- Men ölemok. Garyndaşlarym men ölsem meni ýygnarlarmyka ýeri? Şony biläýeýin diýdim. Ýygnajak ekeniňiz, Taňryýalkasyn.
Maşyn yzyna dolandy. Onda onuň jesedi ýokdy. Ýöne ýene olaryň ikisem dymyşyp barýardylar. Hiçisiniň ol arzylanan jesediň ýoklugyna begenmek ýadyna düşenokdy. Olaryň ikisinem gahar bilen utanç bogýardy.
Soň sähel wagtdan ol hakykatdanam ýogaldy. Ony getirmäge ýene gitdiler. Ýok diri getirmäge giden bolmady, ölüsini getirmäge gitdiler. Bu gezek maşyn jesetli dolandy. Ýaşulyň aňyndan onuň yzyndan birinji gezek gidişleri aýrylmaýardy.
''Ol dirikä diri ýakdy, ölensoňam-a ýene masgara biz bolduk''.
Ol häzirem turaga-da ''men diri'' diýäýjek ýalydy. Hakyky dirilik adam ölenden soň başlanýan bolaýmasyn, eger dirikäň diri gezen bolsaň?..

Hydyr AMANGELDI

Makalaň çapa çykan ýyly: 18.10.1990 ýyl

Makalaň metbugat çeşmesi: "Яш коммунист" gazeti

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 132 | Добавил: Jeksparro | Теги: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 7
0
5 Mähriban   [Материал]
Annasoltanyň ýatan ýeri ýagty bolsun!
Hydyr aga, janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun! Ajaýyp eserleriňize sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!

0
4 Haweran   [Материал]
Mundan has beter howp bar:
Käbirleri öz añlaryna öz elleri bilen däliñ köýnegini geýdirýär. Jemgyýete geýdirilendenem erbet ýagdaý. Däliköýnek geýen añ pikirlenmegiñ el-aýagyny duşaklaýar. El-aýagy duşalgy düşünje bilen nämäni, nirä çenli gepleşip bilersiñiz? Işiñ ýamany, öz añlaryndaky däliköýnegi halaýanlar, garşydaşlaryna şeýle köýnegiñ ýokdugyny görenlerinde göhleri gelýär, her edip hesip edip oña-da bu köýnegi geýdirjek bolup çyrpynýarlar. Köýnegi geýmekden ýüz dönderenleri bolsa, taýýar tokmaklar bilen urup señseledýärler. Gara güýje daýanyp, ideologiýany ulanyp, edermenlik satýarlar.
Sowet döwrüniñ birgiden türkmen ýazyjylaryna, Annasoltan Kekilowa, Paýzy Oraza edilenler şunuñ özi dälmi. Şol bir añlar, şol bir kelleler ilki öldürýär, soñra heýkelini dikip, ýoldan geçeni olara sežde etmäge çagyrýar. Hamana Annasoltany 12 ýyllap zeýli zyndanda ýatyran bu kelleler däl ýaly.
Öli söýüjilige nekrofiliýa diýilýär. Siz aýdyñ, ömrüniñ ahyryna çenli ezýet çekdirip, ýanap, horlap, ölenden soñam yzyndan aglamjyraýanlara, ölen bendäniñ ady bilen gün görjek bolýanlara näme diýmeli?

(Ýazgy dürli çeşmelerden terjime edildi we baýlaşdyrylyp, teswirde berildi.)

0
3 Haweran   [Материал]
Dünýäde däliköýnegi egnine özi meýline geýen jemgyýet barmyka? Sosial zorluk edilmese haýsy halk egnine däliköýnek geýer? Däliköýnek diýilýän - diñe kelläñi bilen gollaryñy çykaryp bolýan göwräñe şaplaşyp duran uzyn halta köýnek. Ony geýensoñ eliñi-goluñy gymyldadyp, özüñi gorap bolanok. Emma ony geýene islän zadyñy etdirip bolýar. El-aýagyny hereketlendirip bilmeýändigi üçin ne işläp bilýär, ne iýip-içip. Däliköýnek geýdiren adamyñyz bir döwüm çörek üçin siziñ gul-gyrnagyñyz bolar.
Şunça wagtyñ içinde kim bu köýnegi egninden çykarmaga milt etse şobada taýak barsyny iýýär! Ine, iñ jygba-jygly ýeri-de şu ýerde. Ejaza şol ýere çenli. Şondan añyrsy "çyzykdan geçmegi" añladýar. Gulagyñyzyñ werziş bolan orkestri ýañlanyp başlar. Size diñe "hmmm..." diýip, armanly içiñizi çekip oturmak galar. Hawa, eger isleseñiz dymyp oturma hukugyny-da ulanyp bilersiñiz. Ýeri bolýa-da, siziñ öñüñizde şunça köp saýlaw goýanlara alkyş okamagy ýatdan çykarmarsyñyz-da, hernä...
Siz aýdyñ, şular ýaly şertlerde hemmetaraplaýyn netijeli çekişmek mümkinmi? Şablonlaryñ, ulanylyp şyrrygy çykyp giden galyplaryñ öñe tutulýan ýerinde kim bilen kim nämäni jedelleşip biler? Şeýle jedelden haýsy hakykat orta çykar öýdýärsiñiz?
Bular ýaly adamlaryñ arasynda sabyr-takat we giñ pikirli ýagdaýda hiç bir zady jedelleşip bilmersiñiz, şobada ideologik galyplary herekete girizip, sizi garalamaga synanşarlar, öz pikirlerine gabat gelmeýän islendik pikiriñ agzyna şol bir gulpy urarlar. Howada myjabatlar gaýyşar. "Bizden däl bolsañ, duşmansyñ" pikiri herekete geçer. Heniz pikiriñi aýdyp gutarmankañ batgalyga batar galarsyñ. Galmagally orkestr senden dynanyny baýram edip bellär. Indiki gezek kimiñki, kim aman sypar?.. şoñ gamyna düşer.

0
2 Haweran   [Материал]
Ölüp giden bendeleriñ üstünden dowam edýän ideologik kesek atyşmalar...
Biziñ jemgyýetimiziñ diýseñ täsin hüý-häsiýetleri bar.
Muña isleseñiz sosial trawma diýiñ, isleseñiz köpçülikleýin şizofreniýa, isleseñiz jemgyýetçilik böleklenmesi diýiñ - ýagdaý şo durşuna galar. Ajy hakykat şu: jemgyýetimiz iñ tebigy we adamkärçilikli taraplaryny-da başga-başga zatlaryñ sokusynda owup-döwüp, ýagyny çykaryp bilýär.
Bu jemgyýetiñ nädip şeýle bolandygy uzak gürrüñ. Bu gürrüñ aslynda iñ gowy adamkärçilik duýgularyna saýrylaşdyrylan ýokary bilimli bäş-üç sany adamyñ zorluk ulanyp "döwre görä aýakdaş gopmagynyñ" gürrüñi. Bir jemgyýetiñ strukturasy edilip taýýarlanan bu maksatnamanyñ görnüp duran ýagdaýy-da ýönekeý halkdan we halkyñ gazanan iñ gowy gymmatlyklaryndan üzñe bolmagy. Elbetde, bu maksatnama biziñ öz aramyzdan çykan zat däl, emma buziñ özümiz işläp düzen ýaly ussatlarça taýýarlanypdyr.
Bu jemgyýetiñ egnine geýdirilen däli köýnege doganlyk halklaryñ şahyrlarynyñ biri "Günbataryñ däli köýnegi" diýip at berýär. Şahyr adyny dogry goýupdyr. Adam pahyrda şeýle sorag döreýär: "Kim geýdirdi bize bu däliñ köýnegini?"
Meñ bilşimçe-hä, biz bu köýnegi geýmejek bolup kän aýak diredik. Däli köýnegini geýmejek bolup, öýünden-öwzaryndan, ýurdundan, ojagyndan, mal-mülkünden, azatlygyndan, şirin janyndan geçmegi göz öñüne tutanlar boldy. Annasoltanam şol köýnegi geýmejek bolanlaryñ biri. Ýazylmagyna ýol berilmedik taryh munuñ şaýady. Bu babatda döwri, şol döwrüñ ideologiýasyny, syýasaty, döwleti, galyberse-de halky aýyplaýanlar halkyñ günäsini boýunlaryna almaly bolarlar.

0
7 Bagabat   [Материал]
"Däli köýnek" - ýiti, özüneçekiji, şahyrana, köpmanyly, bir okda iki däl-de, birnäçe "towşan" urýan jümle bolupdyr. Ýeke özi giden bir hekaýalyk ýa-da powestlik.
Sag bol,@Haweran.
Ol jümlä garaýşy şu teswirleňdäki kontekstde işleseň, taryhyň belli bir tapgyrynda tutuş jemgyýete, medeniýete, ruhyýete diagnoz goýmaga barabar bolardanam asgyn gelmezmikä diýýän.

0
1 mango   [Материал]
Ahyr dälihanaň diwarlaram göründi. Halasgär diwar.
Bäh… bu diwar her kime bir hili görünýär…
Kim ony “bihaýa” hasaplaýar.
Kimem “halasgär”.
—-
Garyndaşlaryny synagdan geçirişi gyzykly.
Original kişi eken.
Makalaň soňy güýçli tamamlanýar: “Hakyky dirilik adam ölenden soň başlanýan bolaýmasyn, eger dirikäň diri gezen bolsaň?..”
Gowy ýazgy.
Minnetdar.

0
6 Bagabat   [Материал]
Meň pikirimç-ä, "haýa", "ejap" - adamkärçiligiň, siwilizasiýaň, medeniýetiň binýatlaýyn (fundamental) esaslarynyň birimikä diýýän.
Sebäbi:
1.Daş keşp, sypat - adamlaň aglaba köpüsi, ýaşaýan döwründe jemgyýetiň "ejap" paradigmasyna (grekçe: παράδειγμα, "nusga, görelde, model" laýyk gelýän daş keşp, sypat mahsuslyklaryny saklamaga ymtylýar. Elbetde depesi gök ýa-da ýaşyl irokezli, ýirim-ýyrtyk jinde eşikli gezýänlerem bar. Ýöne köpçülik jemgyýetiň sypat paradigmasyndan çykmaýar. Ejap edýär. Utanýar. Şeýlelikde haýa, utanç adamzat siwilizasiýasynyň sypat identifikasiýasyny saklamagy üpjün edýär. Daş keşp, sypat meňzeşligi bolsa islendik jemgyýetiňem jebisligini üpjün ediji serişdeleň esasysy.
1.Özüňi alyp baryş, mentalitet, etiket, medeniýet - adamlaň aglaba köpüsi ýaşaýan döwründe jemgyýetiň medeni ejap paradigmasyna laýyk gelýän görnüşde özüni alyp barmaga ymtylýar. Ýönekeý mysal, biz çagakak, toýlarda 7-8 sany oglanjyk bolup, bir uly jamyň daşyna üýşüp, çorluja, kirlije eliň nahara sokup dograma iýmek aýybam däldi, gelşiksizem, hiç kimiň ýüreginem bulamaýardy. Häzirki döwrüň toýlarynda çagalara iki bolup bir tabakdan nahar iýdirilýän ýerlerem ýok diýen ýaly. Ýa-da "gezekli çemçe" hakdaky aýtgy. Näme üçin? Utanylýar. Gelşiksiz hasaplanýar.
Şeýlelikde, sosiumyň we indiwidiumyň durmuşdaky ornunyň, özüni alyp barşynyň içki mazmunynyň hem-de daşky sypatynyň özenini haýa, ejap gönükdirýändigi hakda netije çykaryp bolýar.
Jemgyýet - ahlak münberinde dur. Ol münberiň sütünem haýa. Haýasyzlygyň başlanýan ýerinde jemgyýet içinden-daşyndan çüýräp, dargamaga başlaýar. Mysal: Gadymy Rimiň orgiýalary, Gadymy Müsüriň azgynçylyklary, Lut şähriniň ilatynyň ykbaly we ş.m..

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]