11:29
Dinler bar, Hudaý ýok!
DINLER BAR, HUDAÝ ÝOK!

"- Hojaýyn, Hudaýyñ ýeke-täk habary bolsa we olam diýseñ möhüm ýekeje setire sygsa, siziñ pikiriñizçe näme bolardy?
- Muny dört söze sygdyryp biljek: "Hemmäñiz maña ýalñyş düşündiñiz!"


Ýokardaky replika "Hudaý bilen söhbet" ("Conversations With God") çeper filminden… Heniz tomaşa etmediklere görmegi maslahat berýärin. Diñe çeper filme tomaşa edip däl, ýurdumyzda bolup geçýän zatlara we dünýäniñ şu gidişine seredibem aýdýaryn: sygnalgamyz, kyn meseleleriñ öñünde tutunmak islänimiz, adam bolup galmagymyza mümkinçilik berýän magnawy ugur hut dini, pelsepewi, syýasy düşünje işläp düzenler tarapyndan zaýalandy. Tejribe diýlen kesgitlemäniñ indi ne ahlaky, ne-de ruhy zeminde gürrüñini edip bilýäris. Magnawy baglanşygy dindar düşünje birnäçe ritualy ýerine ýetirmek, ýa-da syýasy lidere ses bermek, ýa bolmasa haýsydyr bir jemagatyñ içinde ýer almakdyr öýdýär. Muny ähli dinleriñ eýerijileri babatda-da aýdýaryn. Tejribe näme, Hudaý tejribe edilýärmi (synalýarmy), edilýän bolsa dogry ýerde bolmagymyzy nädip üpjün etmelidiginiñ soragy häzirki döwrüñ adamlarynyñ añynda ýok. Minaly meýdandan ýöreýändigimi bilmän duramok. Kant ýaly filosoflar akyl öz çäklerini aşyp bilmez, aşan ýagdaýynda bulaşyp başlar diýipdir. Ruh, ahyret, Hudaý ýaly meselelerde akylyñ aýdýanlaryny ýalñyşma hasap eden Kant beýleki bir tarapdan ahlak pelsepesini şekillendirende Hudaýy, azatlygy, ölümsüzligi nazarda tutýar. Şeýle-de çagalygyndaky ata hojaýynlygynyñ kämillik ýaşda Hudaýyñ hojaýynlygyna geçýändigini öñe sürýän Freýd hem ýalñyşmakdan söz açýar. Başga bir tarapdan XI-XII asyrlarda ýaşan yslam akyldarlarynyñ ýalñyşmakdan söz açmaklary, tejribeden dem urmaklary we Hudaýyñ ýer üýtgetmejekdigi hakdaky pikirleri öz üstünde oýlanmagy talap edýän başga bir gürrüñ.

• TEJRIBESIZ IMAN BOLMAZ

Bu çekişmeleri bir tarapa goýup, şu kesgitlemäni bereýin:
Döwürdeş dindar düşünje diniñ içinden durmuşa seredýän ýaly bolup görünse-de, Hudaýy durmuşyñ daşyna çykaran ýagdaýda. Siz dünýäde her on adamdan sekiziniñ haýsam bolsa bir dini toparyñ agzasydygyna seretmäñ, biz aslynda gup-gury tejribesiz dindarlykdan söz açýarys. Näme diýýärdi, Ýunus Emre: "Meniñ ýüzüm ýerde gerek, maña rahmet ýerden ýagar”. Hany, nirede o rahmet? Eller asmana açylýar, kilisede, hawrada doga-dilegler edilýär, hemme ýerde uly-uly ybadathanalar gurulýar, ähli dinleriñ ketdeleri “meniñ dinim iñ hak din” diýe-diýe kürsülerden ahkam kesýär. Dogrudyr welin, näçämiz Hudaý bilen duşuşdy? Jöhidi, hristiany, musulmany dillerinden düşürmeýän "Hudaýy" bilen bitinleşdiren dinlerinden ýola çykyp “meniñ ýüzüm ýerde gerek” diýip, hereketlerini rahmete öwürdi?
Din bar, dine giriş bar, emma tejribe ýok!
Diniñ dilde ritorikasy bar, sözde rituallary bar, ýöne Hudaýy ýok.
Hudaý sanylyp ýapyşylan zatlar Hudaý diýip çokunylýan kimdir birileriniñ fantaziýalary. Hudaý diýlip göz öñüne getirilýän şekil-şemaýyl we başgalary saýrylaşdyrma.
A iman bolsa tejribe-synagdyr. Hudaý synagy kişini salyhatlylyga (ahsenül takwim) alyp barýar. Bu synagdsn geçen adamlara gabat gelseñiz, hökman olary tanarsyñyz: ýüz-gözünden, gep-sözünden, sesinden, özüni alyp barşyndan, durmuşa bolan garaýşyndan, pula bolan gatnaşygyndan, wezipedir derejeleriñ garşysynda özüni saklaýşyndsn bilersiñiz. Saldamly hereketlerine, agraslygyna seredip, dogry ýolda barýan adamdygyny añlarsyñyz. Akyla, ýaradylyşa, tebigatyñ kanunlaryna, barlykdaky her bir adama, her bir jandara “Allanyñ ahlagy bilen ahlaklanyñ” sözüniñ üstünden nazar aýlar.
Diýjek bolýanym, din - Hudaý bilen akyl we ruhy synagda ýüze çykýar, Hudaýyñ ýok ýerinde iman dinedir, ýagny jesede!

Aýşe SUJU.

"SÖZCÜ" gazeti, 01.11.2021 ý.





Категория: Filosofiýa | Просмотров: 143 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýşe Suju | Рейтинг: 1.7/3
Awtoryň başga makalalary

Filosofiýa bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 5
0
5 Hydyr   [Материал]
Alla her kimiň bir garaýşy bar. Bolmalysam şeýle. Men saňa düşünýän, senem maňa düşünensiň. Şonuň üçin, gürrüňi uzaltmakda many ýok bolaýmasa.

0
3 Mähriban   [Материал]
Hydyr aga bilen ylalaşýan.

0
2 Jeksparro   [Материал]
Şu Aýşe Sujunyň makalalaryny aýratyn edip ýygnaýaryn. Gaty gowy erkin makala ýazýar...

0
1 Hydyr   [Материал]
Geň pelsepe. Aýdýan zatlarynyň köpüsine garşy gitmek kyn. Hakykatdanam dini, ybadaty, Allany rituallardadyr öýtmek bar. Hasam ýaşlarda. Ynsanyň Alla düşünjesinde azaşmagyna Allany aýyplajak bolmak akylsyzlykmyka diýýän. Allanyň ýok ýerinde dinem ýokdur, ahlagam ýokdur, imanam. Alla hakda bir zatlar aýtmaga synanyşmak üçinem çuň Ylymyň eýesi bolmak gerekmikä diýýän. Hetdimi aşanymy bilýän. Ýöne şübheden daş duruň, Allany daşky sypatlarda gözlemäň. Alla biziň akyl ýetermizden juda uzakda.

0
4 Revo   [Материал]
"Allanyň ýok ýerinde dinem ýokdur, ahlagam ýokdur, imanam"
SSSR, döwlet derejesinde we raýatlarynyň aglaba böleginiň hudaýa ynanmaýanlygy üçin ateist döwleti hasaplanylypdyr. Diýmek, biz SSSR döwründe ýaşan adamlary ynançsyz (dinsiz) we ahlaksyz diýip bilerismi? Meň pikirimçä ýok. Sebäbi, şu wagtky dine bukulýan dinsizlerden, ahlaklysyraýan ahlaksyzlardan, has ynançly, ahlakly we dogryçyl adamlary hem-de adam gatnaşyklary bolan döwlet boldumyka diýip pikir etýärin. Ömrüniň köp bölegini SSSR-de geçiren adam üçin bolsa, SSSR-däki ahlaklylyk, birek-birege bolan gowy gatnaşyk we geljege, ýagty geljege bolan ynam barada mysallar getirmekligiň zerurlygy ýokmyka diýip düşünýärin. Ýa-da, Yslamyň döremezinden öňki (610-nji ýyldan öň) ýaşan (50 müň ýyl töweregi) ähli adamlary we adamlar toplumlaryny ynançsyzlykda we ahlaksyzlykda aýyplamak nädereje dogry bolup biler? Hydyr aga, göwnüňize degmek ýa-da ynançlaryňyzdan dändirmek niýetimde ýok, ýöne, ýene-de beýle ýowuz gönükdirme bilen ylalaşmaýanymy bellemeli bolýan. Hiçbir din adam aňyndan ýokary bökmedik ýa-da ýeriň göwrüminden atlamadykdyr.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]