23:18
Diñe Sen düşün
DIÑE SEN DÜŞÜN

Garşyma goýsalar müñ bir belany
Gaýtararyn ezyet bilmen mertdirin.
Emma almasynlar senli dünýämi
Bilgin Sensiz dünýäñ maña dertdigin
Goy düşünmesinler ýüregime-de
Oña diñe Sen düşünseñ ýeterlik
Sebäp kalbym içre ýaşaýañ, dünýäm
Düşünersiñ hokman, hokman özüñe.
Hasratdan gan õýen natuwan didäm
Ýollaryña bakar
gelersiñ diyip.
bilýärin, bu maña
ykbalymdan paý:
Neresse çaganyñ enesini ajalyñ
Alyp ýesir goýuşy dey öweýe
Kir kimirsiz duýgularmy goragsyz
gundagsyz
hossarsyz goymak.
"Ýalñyz syrdaşymsyñ, barlygym señki,
diñe sen düşünýäñ meñ ýüregime"
Diyip nalaç pyşyrdyña ruhumda,
Tisginer ýörerin her nepes, her dem.
Bizi šol duşurar, duşurar ýõrer
Dünýämi dünýäñe baglan düýşlerim...
Arassa namysym, yhlasym bilen
Garaşaryn setirlerñe garylyp.
Habar alyp bilmesem-de halyňdan
Ähdimize getirmerin garalyk.
Azar berer ýalñyzlygym beterläp.
Şonda-da,
Iller näme diyse diyibersinler
Maña diñe Sen düşünseñ ýeterlik.





Категория: Goşgular | Просмотров: 326 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 4.7/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Durmuş otlusy / Goşgular - 20.03.2021
Indi giç / Goşgular - 15.03.2021
A.Çüriýewe bagyşlanan goşgulardan / Goşgular - 10.04.2021
Düýş / Goşgular - 12.02.2021
Meñ zeminim... / Goşgular - 12.02.2021
Watan / Goşgular - 13.03.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
«Bu dert mugt berlenok, alnanok satyn—Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa...» / Goşgular - 06.01.2021
Ýygra söýgi / Goşgular - 31.01.2021
Ahyrzaman bolar / Goşgular - 13.01.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]