23:59
Dileg
DILEG

Her ýyly söz göwünlik däl,
Aman diýmek ýeňilmek däl,
Bu ýollarda ýeňil ýük däl,
Gerden diledim, diledim.

Ýyllar ötdi düzüm-düzüm,
Derdin beren berdi dözüm,
Köňül içre ýagşy sözüm
Dürden diledim, diledim.

Gül ömrüň öýlesi bilen,
Yşk geldi meýlisi bilen.
Aýybym kän… Söýgüsi bilen
Örten diledim, diledim.

Ýetmese Ýokardan ýardam,
Ne haraý ah bile zardan?!
Barysyny Biribardan –
Birden diledim, diledim.

Kakamyrat REJEBOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 134 | Добавил: Aksary | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje! / Goşgular - 05.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Ykbala haýyş / Goşgular - 14.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Seň Adyň / Goşgular - 21.01.2022
Iň mähriban adam / Goşgular - 12.01.2022
Hoş geldiň ylham / Goşgular - 19.01.2022
Ugurtapyjy towşan / Goşgular - 04.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 11
3
11 Hyýalkeş   [Материал]
Tumarly, bagyşlañ welin gaty agressiw gepleýäñiz. Ynsanyñ halaýan kişileriniñ arkasynda durup geplemegi üçin hökman aklawjylyga bellenip pul tölenmegi gerek däl. Telewizorda çykyş etmek meselesinde uzyn monolog ýazyp biljek ýöne düşünmejek ynsana wagtyñ harçlanyña degmez. "Halypañ özüñe nesip etsin!" diýipsiñiz. Sag boluñ! Tañryýalkasyn!

1
8 Hyýalkeş   [Материал]
Tumarly kimiñ telewizorda okaýan goşgularynda derek bar?! Ol ýerde talabyñ başgaçadygyny hemmämizem bilýäs ahyry. Kakamyradyñ "Nesildäki" goşgularyny okap görüñ ýa-da şu saýtdakylaryny. Men-ä nähili ýazmalydygyny şondan öwrendim.

-1
9 Tumarly   [Материал]
Deregiñi görkezip bolmaýan ýerde körüñ bamy? Ýa-da ikiýüzli gürläp "talaba" görä çykyş etjek bolup iliñ gözünde nähili pes derejä düşyändiklerinden habarlary barmy? Gowy adamdanam zat öwrenipsiñ. Halypañ özüñe nesip etsin.

-1
10 Tumarly   [Материал]
Aklawjylygyny etmek saña galdymy?

0
7 Sergezzan   [Материал]
Maňa-da dileglerni gysganma dos, meslikden ejir cekyan

0
6 Aksary   [Материал]
Kimdir biriniñ pikirine goşulmak islemesemem...

Ilki bilen telewizorda çykyş edip görmeli...

0
5 Tumarly   [Материал]
Şuñ telewizorda okalýan goşgularynd-a derek ýok.

0
4 aylarshabayramowa   [Материал]
Ajap goşgy

0
3 Aksary   [Материал]
Sagboluñ genneje siziñkem şeýle bolsun.

0
2 Gumlygelin   [Материал]
@Aksary, gowy goşgy. Ömrüñ bolsun!

0
1 permanh2206   [Материал]
Kakamyrat halypan gosgylary gaty tasirli. Yetirip durun

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]