10:05
Derýa gözbaşyndan hapalanmasyn

DERÝA GÖZBAŞYNDAN HAPALANMASYN

Edep-ekram, ahlaklylyk, arassalyk hakynda gürrüň edilende, näme üçindir, pikirler deňzine gark bolýaryn. Bütin durkum jümşüldäp, dünýe elenýän ýaly bolýar. Käbir zenanlaryň sähelçe kynçylyga döz gelmän ýeten derejeleri, gözgyny keşpleri, heniz-henizler terlenip durmaly, ýöne wagtyndan ir solan ýüzleri meni juda gynandyrýar. Indiki ýetirip gelýän ýaş gyzlaryň arasyndan hem şeýle ýagdaýa düşjekleriň bardygy bolsa, meniň kalbymy gyýym-gyýym edip barýar. Gyz-gelinleriň ählisini bir ýere ýygnap, olaryň öňünde şol başy sämäp duran gelinleri, aldawa düşen gyzlary gürledesim gelýär, namys diýlen zadyň nähili belentdigini gygyryplar aýdasym gelýär. Sähelçe şowsuzlyga özlerini ýitirip, howsala düşüp, ýaramazlyga baş goşan zenanlar ýadyma düşende, gözlerime biygtyýar ýaş gelýär. Gahar bilen gynanjyň netijesinde didäme dolan ýaşlar bolsa, gözlerimiň owasyny dolduryp, saklanyp-saklanyp, ahyry arman bilen kirpik serhedini bozup, aşak gaýdýar. Ýöne ol gözýaşlar düwme-düwme bolup, togalanyp däl-de gussa bilen syrygyp, özbaşlaryna ýol ýasap, ýaňagymdan şol akyp dur, akyp dur. ''Adam üçin iň howply zat özüňi ýitirmekdir, dowla düşmekdir. Adam özüni ýitiren ýagdaýynda, aljyraňňylykdan ýaňa çalam-çaş bolýar. Şeýle ýagdaýda paýhasyň öňe salynmagy zerur. Paýhasa bil baglan adam islendik kynçylygyň ýeňip biler, onuňam sebäbi adamdan beýik we güýçli başga hiç zat ýokdur''. Elbetde, bu sözleri dile getiren Irina Trius ynsanyň paýhasyna onuň zehinine, erkine juda belet bolmaly. Onsoňam bejerip bolmajak agyr kesele duçar bolan bu zenanyň ýokardaky sözlerini ýerine ýetirmek juda kyn däl ahyry. Ýöne başga bir zat sähel ýerde özüňi ýitirmek adama ähli zatdan beter howply. Çünki ynsan aljyran mahaly özüne-de, hereketine-de jogap berip bilmeýär. Mahlasy ol sözüň doly manysynda özüni ýitirýär. Şeýle ýagdaýda-da adamçylyga sygmajak ýaramaz işlere böwet açylýar. Onsoňam sähelçe kynçylygy çykgynsyz ýagdaý hasaplaýan ýaş zenanlara, uly gyzlara näme diýip, näme aýtjagyňy bileňok. Adamyň islendik wagtda bu derde uçrap biljegi gümansyz. Emma soňky döwürde, näme üçindir, ýeňip geçip bolaýjak kynçylyklaryň, şowsuzlyklaryň öňünde ejizläp, öz ynsabyň, wyždanyň, ar-namysynyň öňünde hata edýän zenanlaryň sany göwnümize bolmasa, hasam artýan ýaly. Eýsem kimdir biriniň maşyny, puly, baýlygy bilen bagtly bolup bolarmyka? Ýöne baýlyga, zada göz gyzdyrýanlaryň, oňa imrinýänleriň köplenç öz boýdaşymdygyny ýatlanymda, başga bir zadam hakydamda janlanýar. Eýsem, zenan öz üýtgeşik dünýäsi bilen zenan ahyry. Her bir aýal maşgalanyň hem gowudan gowy geýnesi gelmegi tebigy hadysa. Elbetde, halal zähmet, arassa ahlak bilen gowy geýinmeli. Emma ''Süri agsaksyz bolmaz'' diýişleri ýaly, gelin-gyzlaram hil-hil. Şu ýerde çalarak tanaýan gelinlerimden Aýläle bilen Altynjemal hakda gürrüň bermekçi. Olaryň birinjisi ýaňy-ýetişip gelýärkä ejesi bilen kakasy goş bölüşýär. Elbetde bu ýaş gyza agyr degýär. Ýöne ejesiniň ýeňles hereketi, öýlerine gelip-gidýän erkek adamlaryň üýtgeşik ''sowgatlary'' süýji dili ony-da biparh goýmaýar. Günleriň birinde daýaw pyýada gije Aýläläniň ýatan otagyna barýar. Ony süýji sözleri bilen aldap, ýanynda esli oturýar. Ýaş gyza sylaglaryny gowşurýar. Sowgatlardyr mylaýym söze imrinen Aýläle soňunyň beýle zatlara ýazjagyny ýada-da salmaýar. Birdenem erkegiň özüne erjeşibermesinden gorkup, ejesini kömege çagyrýar. Ene welin, gelmeden-ä geçen, gaýta:
- Ýeke gije bolanyň bilen hiç zat bolasy ýok - diýip, hemle urýar. Aýläle ertesi öýlerini terk edip çykyp gidýär.
Elbetde, tejribesiz ýaş gyzyň neneňsi günlere düşenini göz öňüne getirmek kyn däl. Ahyry bir gurluşykçy ýigit oňa hossar çykýar. Şondan soň olam il ýaly öý-işikli bolýar. Häzir şol birmahalky etmişi üçin saçlary agaran, ýüzüne wagtyndan ir gasyn düşen Aýläle ejesiniň ýüzüni göresiniň gelmeýändigini gizläbem duranok.
Altynjemal bolsa, sähelçe kynçylyga döz gelmän öz gününi öz eli bilen bulan zenanlaryň biri. Ol heniz mekdepde okaýarka lukman bolmagy arzuw edýärdi. Ýöne ol juda ýanyp duran bilimiň bolmasa, okuwa giräýmek aňsat däldi. Şonda-da ol arman-irmän her ýyl giriş ekzamenlerine taýýarlanýardy. Dört ýyl yzly-yzyna okuwa synanyşdy. Emma her gezek soňky ekzamenden ''ýykyldy'' ýa-da konkrsdan geçmedi. Ahyry bäşinji ýyl bir mugallymyň oňa ''ýüregi awapdyr''. Men mugallymyň adyny ýazmakda saklanýaryn. Sebäbi ol Altynjemal üçin nähili ýigrenji hem bolsa, il-gün ony oňat mugallym hökmünde tanaýar. (A.B.)
Şol ýyl Altynjemal studentleriň hataryna goşulýar. Näçe ýyl bäri öz arzuwyna ýetip bilmän ýören gyz hiç bir kynçylyksyz okuwa girýär, okap başlaýar. Okuw başlansoň, Altynjemal mugallymyň elinde oýnawaja dönýär. Şonda-da razy bolup ýören gyz has erbet ýagdaýa uçraýar. Bir gün mugallym oňa özi ýaly ýene birini görkezip, onuň hem diýenini etmelidigini aýdýar. Öňem okuw diýip ar-namysyny ýere çalan gyz şol gün Aşgabady terk edýär. Durmuşyň öwrümli, çarkandakly ýolunda büdrän Altynjemaly ejesi baran badyna durmuşa çykarýar. Gutaryp barýan okuwyny terk edip maksadyna ýetip bilmedik bu gelin häzirem geplese, gözlerinden monjuk-monjuk ýaş dökülýär. Görşümiz ýaly, erbet bolmak kyn zat däl eken. Sähelçe salym akyl, paýhasyň däl-de, ýüregiň diýenini eden wagtyň erbetligiň üstünden barýan ekeniň. Şonuň üçinem soň ökünip ýormez ýaly, paýhasa gulak guýmaly.
Özüni aldadan, kimdir birine gahar edip kynçylykdan basylan, ar-namysynyň öňünde ejizläp diňe Aýläle bilen Altynjemaldyr öýdýärsiňizmi? Ýok, diňe olar däl. Ençeme Aýläleler, ençeme Altynjemallar şeýle ýeňleslikleriň pidasy bolandyrlar. Aýsenem hut paýhasa däl-de, gahara gulluk edip, öz abraýyny ýere çalanlaryň biri. Adamsy Geldimämmediň başga bir gelin bilen tirkeşýändigini eşiden Aýsenem, ilki oňa üns bermese-de, günüsiniň gyzynyň bolmagy onuň ýarasyna duz sepýär. Yhlasy, söýgüsi basgylanan gelin zaryn-zaryn aglaýar. Bu äsgermezlik ony otdan alyp, suwa salýar. Şeýdibem Aýsenem öz ärinden ar-almagy ýüregine düwýär-de, başga biri bilen tirkeşip başlaýar.
Aýsenemiň keç ykbaly meni az oýlandyrmady.
Eýsem bir maşgala bir masgaraçylyk ýeterlik dälmikä?
Eger ähli gyz-gelinler şeýdip ejizlese, erkeklerden ''ar alsa'' dünýä nähili bolar? Öýi öý edýän aýal diýilýär.
Şonuň üçinem ýaşaýşyň gözbaşy bizden başlanýarka, biz ters ýola düşmejek bolmaly. Öz namysymyzy goramagy başarmaly.

Durmuş akyp ýatan giň derýa bolsa,
Onuň gözbaşydyr gelin-gyzlarmyz,
Eger çeşmesini haraplaýsagam,
Şol suwdan içmeli ýene özlerimiz.

- Diýmek, bu jahanda diňe ynsaba hem päklige buýsanyp gezmeli.

Aýperi BAÝLYÝEWA.

"OWADAN" žurnaly, 1992.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 110 | Добавил: Jeksparro | Теги: Aýperi Baýlyýewa | Рейтинг: 0.0/0
Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 9
0
8 Mähri3251   [Mowzuga geç]
Dostlar umuman biz şu zatlara dogry düşünmeli. Häzirem we geljekde-de ýalňyşmazlygymyz üçin şular ýaly zatlara akyl ýetirmeli. Ýöne hawa "Süri agsaksyz bolmaz" diýlişi ýaly ýeňles gyzlaram aramyzda bar. Meniň bir synpdaş gyzym bardy. Şeýlebir gowy gyz welin ýöne ýelňes-dä. Oňa köp maslahatlar berdim. Diýenimi etmedi. Aý umuman köp oglanlar bilen halaşdy gürleşdi... Umuman gyzlaň zanny päk bolsun

0
9 Aksary   [Mowzuga geç]
Mähri! "Umuman gyzlaň zanny päk bolsun" we ýeñlesliklerden peýdalanýan az bolsun.

0
6 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
@Tumarly, ynanyñ maña käte zenanyñ zenana edýän ýamanlygyny erkek zenana etmez.
Gyzlaryñ ady üýtgedilmän edil mugallymyñ adynyñ berlişi ýaly meselem A.B. görnüşinde berlip bilnerdi.
Ýöne siz näme üçin meniñ diýen esasy zadym hakynda geplemän oña garañda ähmiýeti pes zatlara üns berdiñiz? Meñ esasy meseläm şol mugallymyñ ady berilsin, masgaralansyn, Gaýdyp hiç gyzy aldap bilmez ýaly işden çykarylsyn. Wezipesinden peýdalanyp, gyzlary aldawa salanlygy kanun öñünde jogapkärçilige çekiljek zat dälmi? Ýa men ýalñyşýanmy? @Haweran bu barada bilýänsiñiz hökman, aýdyp beräýiñ. Ýalñyşýan bolmagymam ahmal.
Baýgeldi, Yždan nire bolýar?

0
7 Aksary   [Mowzuga geç]
Bizdäki etraplaryñ birindäki geñeşlik, Ýolötene tarap ýöräñde.

0
2 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Şu makalany ýazan kişi beýle ar-namys diýip ölüp barýan bolsa şol gyzy aldan "mugallymyñ" adyny bermeli eken-dä. Gaýdyp gyzy aldamag-a añyrda dursun ile çykybilmez ýaly edip masgaralamaly eken-dä. Özüm bolsam-a etjegim şol. Ýogsa şol namyssyzyñ "mugallym" adyny özüne tug edinip şol bir edähedini gaýtalap ýörjekligi aý aýdyñ ahyry.
Bu makala gyzlaryñ hukugyny goramak üçin däl-de gyzlary masgaralamak üçin ýazylypdyr. Şeýle bolmanlygynda gyzlañ atlary şol durşuna berlip, olara el gatýan haramlañ atlary gysgaldylyp berlermidi?!
Käşgä şular ýaly makalany ýazýan adamlar gyzlarymyzy ýazgarmak ýerine olary düşen çukuryndan çykarmak üçin ýol salgy berseler.

0
3 Tumarly   [Mowzuga geç]
Makalany ýazanam zenan. Siz oña hemme gyzlary masgaralaya diyip düşünyañizmi?

0
4 Tumarly   [Mowzuga geç]
Gyzlaryň adynyň üytgedilip berilmändigini nädip bilyäň?

0
5 Aksary   [Mowzuga geç]
2-nji teswir kän zady ýatlatdy.
Yždanda bolan wagtlarym orta mekdep mugallymy bolan biri bilen söhbetdeş bolmak nesip edipdi. Onuň nähili adamdygyny ozalam gür beripdiler... Olam özi barada kän zat aýdyp beripdi, gysgajyk belläýin:

"...atly okuwçym bardy, gowşajykdan ynanjaňdy, menem gowşaklygyndan peýdalanyp potrat ýerime äkitýärdim, bu ýagdaý juda kän gaýtalanyp, ahyry üsti açyldy, şondan soň işden çykardylar, ile bakmaga ýüzüm galmady, toýa-ýasa çagyrýanam ýok. Diňe öýden girip çykýan, hemişe dükanlardan aýlyga cenli garaş diyip islän azygymy alýardym, indi şol gerek zadym göze dürtülip duran bolsada ,ýok gutardy diýip yzyma henizem gaýtarýarlar. Şol gyzy bisan edenligimiñ yzyndan ýetip bilemok, bir begenýän zadym onuñ bagty acylyp durmuşa cykyp gitdi. Wagt diylenem öz gyzymy birkemsiz edip ýetişdirdi, yralasañ düşjek, yralananam bolaýmasa, 26-synyñ içinde ahyry, bir gezegem sawçy bolyp gapy kakyan yok..."

0
1 Aksary   [Mowzuga geç]
Şu görnüşdäki wakalary başdan geçirenler aýdyp berse has gyzykly bolýar eken, sebäp ýazgyda azajyk ýoýýalarmy nämemi, kän täsir galdyryp bilmedi

Baş gahrymanlar üýtgeýä diýäýmeseñ,şol gaýtalanýan zatlar...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]