05:09
"Derwüşleriň jindesini..."
"DERWÜŞLERIŇ JINDESINI..."

Derwüşleriň jindesini
Mahal-mahal geýip gezdim.
Sem edip nebsiň sesini,
Hak horlamaz diýip gezdim.

Ýöne men hem çig süýt emen,
Käteler pese düşdüm men.
Şonda-da, garaz öz eden
Telegimi duýup gezdim.

Göwün berip ýalanlara,
Köňlüme salmadym ýara.
Hä bermedim ýamanlara,
Ýagşylara uýup gezdim.

Muňa näme diýjek, ýeri?
Dolunmaz ýakynyň ýeri.
Özümden ýüz öwrenleri
Ilden gizlin söýüp gezdim.

Bilýän: maňa dakarlar at
Dost-duşmanlar, ýakyn-u-ýat.
Ýöne meni ýakmaz ol ot,
Sebäbi kän köýüp gezdim.

Parhy ýok: gyşmy ýa bahar,
Bu şeýle boldy her mahal:
Özüme garap kembaha,
Özgä sarpa goýup gezdim.

Orazgylyç ÇARYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: Mähriban | Теги: Orazgylyç Çaryýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
"Ýat itiñ guýrugy..." / Goşgular - 15.02.2021
Kaýyllyk / Goşgular - 22.02.2021
Çopan / Goşgular - 30.05.2021
Küýsemen / Goşgular - 15.03.2021
Ырка / Goşgular - 06.03.2021
Umman kartinasy / Goşgular - 16.02.2021
Şowhunly söýgini halamaýaryn / Goşgular - 02.03.2021
Ýa:t illerde rubagylar / Goşgular - 03.06.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Garayolly1936   [Материал]
Gowy goşgy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]