05:47
"Dertlileriň derdine..."
"DERTLILERIŇ DERDINE..."

Dertlileriň derdine
Derman bolmaga geldim.
Dilsizleriň dilinde
Perman bolmaga geldim.
Diňe ynsaba nöker,
Gybatyň ýanynda ker
Ýeke belgisi bolan
Bir san bolmaga geldim.
Kalbymy ele alyp,
Elimi gora salyp,
Öz durýan bahamdan has
Arzan bolmaga geldim.

Öňküden ýeňil gopar
Gussamy duýan kişi.
Sözüme uýan gorkar
Bolmakdan juda kiçi.
Aňymda ajy ölüm,
Serhetsiz boşluk öňüm,
Ýöne ýersiz zeýrenip
Gynandyrman hiç kimi.
Nazar salyp asmana,
Daýanyp baky jana,
Bir pursatlyk göwrede
Aýan bolmaga geldim.

Orazgylyç ÇARYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 43 | Добавил: Mähriban | Теги: Orazgylyç Çaryýew | Рейтинг: 3.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kakañdyr / Goşgular - 25.02.2021
Ýitgi / Goşgular - 06.01.2021
Horasanyñ durnasy / Goşgular - 03.06.2021
Küýseg / Goşgular - 03.03.2021
Syr / Goşgular - 01.06.2021
Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021
Perzent / Goşgular - 20.03.2021
Söýgi söhbeti / Goşgular - 19.03.2021
“A men seň toýuňda çabga guýdyryn!..” / Goşgular - 10.04.2021
Duralgada / Goşgular - 12.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]