23:35
Derñemegiñ möhüm ähmiýeti bar
DERÑEMEGIÑ MÖHÜM ÄHMIÝETI BAR

Klawiatura çempiony käbir çepçi çaşşynyñ...
Köpbilmişsireýän populýar çepçi çaşşynyñ...
Kellesini guma sokan käbir sagçynyñ derñemek ýaly aladasy ýok bolmanam!
"Waý, nädip, faşist Le Pen Fransiýa ýaly ýurtda 42% ses alýarmyş?"
Aýdymdyr nagma bilen, goşgy bilen, feodal-kowçum gatnaşyklary bilen çepçi bolanlaryñ zeýrenmekden başga aýyl-saýyl etmek-okamak ýaly pikiri ýok indi! Ýogsam bolmasa…
Ara alyp jedelini etmeli düýpli ykdysady-syýasy meselelerimiz bar. Fransiýadaky saýlawlar aslynda bize aýna tutýar. Başlabereýin onda:
Ata Žan-Mari Le Pen 1972-nji ýylda Nasional partiýasyny («Национальный фронт»/«Национальное объединение») gurdy. 1974-nji ýylyñ prezident saýlawlarynda sesleriñ 0.74%-ni aldy. Özem:
F.Mitterranyñ ýeñiş gazanan 1981-nji ýylyñ prezident saýlawlarynda talaşgärligini görkezmek üçin almaly 500 müñ goluny toplamady.
Fransiýada sagçy Şirak, çepçiler Rokar, Kresson, Balladýur, sagçy Žýuppe we çepçi Žospen hökümetlerinin birmeñzeş neoliberal syýasatlary netijesinde oppozisiýadaky Žan-Mari Le Pen 2002-nji ýylyñ prezident saýlawlarynda sesleriñ 16.9%-ni alyp, ikinji tapgyra çykdy! Fransuz halky haýran galdy: Şirak ikinji tapgyrda 82.2% ses bilen rekord goýup, prezident saýlandy.
Fransiýa ynjalypdy. Emma häzirlikçe...
Ýigrimi ýyldan soñ geçen ýekşenbe güni gyzy Marin Le Pen partiýasynyñ sesini 42%-e çykardy. Onuñ bäsdeşleri indi 82.2% alyp bilenokdy: Makrona 58% ses berildi.
Neoliberalizm azgynlaşdygyça, giñ köpçülikleýin gatlaklar garyplaşdygyça Le Penlere berilýän sesler artdy!
Ertir näme bolarka?

• ÜÇÜNJI ÝOL KOMEDIÝASY

Ykdysatçy Žerar Dýumenil ve Dominik Lewi dagy Ýewropanyñ iñ uly fransuz döwlet ylmy-barlag instituty CNRS-de işleýär.
Bilelikde ýazan eserleri “Kapitalizmiñ marksistik ykdysadyýeti” kitabynda Fransiýa degişli gymmatly ykdysady maglumatlary berýärler. (Şeýle-de  “Uly ýolaýyrt. Neoliberalizme soñky nokady goýmak” atly kitaplary-da bar.)
Iki kitapda-da Ýewropanyñ we ABŞ-nyñ soñky ýyllarda jemgyýetçilik yzagaýdyşlyga girendigini nygtaýarlar:

“Hakyky sosialistleriñ göz öñüne tutýan maksady: Diñe raýdaşlyga esaslanýan deñlikçi "bileleşip ýaşamak" kollektiwleýin we ýekebara ýaşaýyşlara many-mazmun beren jemgyýetçilik-medeni gymmatlyklaryñ üstünde gurulyp bilner…
Munuñ netijeleri açyk: Deñsizliklere garşy göreşmek, her dürli häkimiýet ýa-da mülkiýet hiyerarşisi gaýgysyndan garaşsyz ýagdaýda hak-hukuklary kepillendirmek, tebigy gurşawyñ goralmagyna degişli zerurlyklary hemmelere gyradeñdigini düşündirmek, garawsyzlary goramak…
(Emma) Rewolýusion öwrülişik taslamasynyñ özünde saklaýan uly umytlaryñ ýeñilmesi az bolýan ýaly, ylymly we tapgyrlaýyn ösüşiñ ýollary-da segseninji ýyllarda petiklendi. Angliýadaky we ABŞ-daky sag güýçleriñ itermegi bilen "neoliberal rewolýusiýa" (aslynda has beter antirewolýusion) üstün çykdy…
Çep (sosialist) kabul edilen güýçleriñ sahnalaşdyran (Bleýrden Baýkala çen) "üçünji ýol" komediýasyny başdan geçirmäge mejbur boldy. "Modernlige" duwlanyp, kapitalist bazar we neoliberal globallaşma ideologiýasy üstün çykdy…”


Iki ykdysatçy Dýumenil we Lewi bulary kitaplarynda grafikler bilen, deñeşdirmeli maglumatlar bilen berýärler.

• ÇEP WE SAG PARTIÝALAR

Ikinji jahan urşunyñ soñundan ("garyşyk ykdysadyýet-Keýnesýen ykdysady syýasatlary bilen) Fransiýa segseninji ýyla çenli 4.7% ösdi.
Neoliberalizmiñ azgynlaşan 2000-nji ýyllarynda Fransiýa resessiýa girip, negatiw ugurda ösdi. (Ki, 2012-nji ýylda 0%, 2013-nji ýylda 0,8%, 2014-nji ýylda 0,2%, 2015-nji ýylda 0,8%.)
Işsizlik 11%-e çenli ýokarlandy.
Bu döwürde finans işleri barha artdy, düşýän girdejiniñ paýlanşygy ýaly birnäçe ugurlarda deñsizlikler çaltlyk bilen köpeldi. Keynesýen doly iş üpjünçiliginiñ maksady girdeji eýeleriniñ baýlygyny we mülklerini goramak maksady bilen ornuny üýtgetdi.
Kurs syýasatynyñ höweslendiren daşary ýurt kapital girişi, ösüşiñ tradision ugurlaryny aradan aýyrdy.
Global finans şereketleriniñ aksiýa girdejileriniñ derejesi grafiklerde “ýyldyrym çaltlygy bilen” asmana çykdy! Aslynda bolsa döwlet eýeçiligine, kapital bölüşigine gözegçilige, saglygy goraýyş, bilim, ylmy-barlag ugurlary ýaly jemgyýetçilik hyzmatlary bilen tanalan "garyşyk ykdysadyýete" mysal görkezilen Fransiýada öñki döwürlerde girdejiler finans maksatly bolmadyk önümçilik kärhanalarynda birigerdi!
Hawa, Fransiýada-da neoliberalizm “kagyz oýunçysy” ownuk finans toparyñ peýdasyna hyzmat edensoñ, giñ telekeçi gatlaga zyýan berdi. Ykdysady-syýasy neoliberalizm aslyýetinde sosial döwlete garşy edilen hüjümdi.
Bu eden-etdilige "Azatlyk, deñlik, doganlyk" şygary bilen taryh sahnasyna çykan sosialist hökümetlerem utgaşykly hereket etdi. Şeýlelikde fransuz halky neoliberal maksatnamany durmuşa geçurýän sagçy we çepçi partiýalardan daşlaşdy: ine, Le Pen seslerini şu düýpli sebäpler bilen 42%-e çykardy…
Haýsy synp kime ses berdi? Ertire galsyn...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 27.04.2022 ý.





Категория: Publisistika | Просмотров: 69 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]