16:46
Jemşit şa
JEMŞIT ŞA

Haýbat peleginiň güneşi bolan Jemşit Adam alaýhyssalamdan soň, şemsi – gün hasaby boýunça müň ýyldan soň, patyşalyk tagtyna geçýär. Käbirleri oňa Süleýman alaýhyssalam hem diýipdirler. Emma Jemşidiň hem jynlary we şeýtanlary özüne boýun egdirendigini hemmeler tassyklaýarlar. Jemşit patyşalygy dolandyryp, abadanlaşdyryş işlerine meşgul bolup, pikirini älemiň we älemdäkileriň bähbidine gönükdirmäge sarp edipdir. Jemşit pagtany we ýüpegi ýüplük etmek we eriş-argaç görnüşinde mata dokamak bilen tikinçiligi ýola goýupdyr. Şeýdip, ynsanlar ýalaňaçlyk aýbyndan halas bolup, eşik tikinip geýnipdirler. Ol adamlary toparlara bölüp, ynsan gatlaklaryny döredipdir. Dünýä işlerine höwesi bolmadyk, diňe ahyrete üns berýän takwalar we terkidünýäler üçin daglarda ybadathanalardyr metjitler gurup, olara öz ybadatlary bilen meşgul bolar ýaly şertler döredipdir. Soňra esgerleri garamaýaklardan bölüp, birden ýüze çykaýjak şer işleri we pitneleri dep etmek üçin olara belli wezipeleri tabşyrypdyr. Ol alymlar we hekimler gatlagyny hem döredipdir. Obalylary bolsa ekerançylyga höweslendiripdir. Ol känlerden göwher we nepis gymmatbaha daşlary çykarypdyr. Ut , anbar, müşk we dürli-dürli atyrlar öndüripdir. Ol her zady tejribe edip görer eken. Ol ýerlerde her hili miweleri we ösümlikleri barlap görüp, olaryň aýratynlyklaryny derňäpdir. Aýtmaklaryna görä, şerap Jemşidiň döwründe ýüze çykypdyr.

Hekaýat

Şerabyň ýüze çykyşy şeýledir: Üzüm iň ýakymly miwedir. Üzüm howanyň üýtgemegi we gyş leşgeriniň hüjüm etmegi bilen zaýalanýan eken, gyş hem bahar pasyllarynda üzümi ulanyp bolmaýan eken. Onuň şiresini hemme wagt ulanar ýaly üzümiň suwuny alypdyrlar. Şeýlelikde, üzümiň suwuny alyp, bir gapda goýupdyrlar. Jemşit her gün gelip, ony görer eken. Ilki üzümiň suwy öz-özünden güýçli gaýnap, köpürjikläp başlapdyr. Soňra köşeşip, gaýnawy ýatypdyr. Jemşit her gün ony tagamyny dadyp, onuň tagamyny lezzet biliş «mähegine» hödürleýän eken. Gaýnawy ýatansoň, üzümiň suwy ajap, turşap süýjüligini ýitiripdir. Jemşit tagamyň üýtgänligi we ajylygy üçin, ol jan alyjy zähere öwrülendir öýdüp, onuň agzyny baglap goýupdyr.
Jemşidiň bir sahypjemal kenizi bar eken, gün onuň jemalynyň enekesi bolup, aý ol gözeliň kämil jemalyndan gün-güzeranyny görüpdir. Bu keniz güýçli kesele duçar bolup, dertden ýaňa sabyr-takatyny elden gideripdir. Ahyry ölüme razylyk berip, öz-özüne: «Şu beladan ölüp dynmagym üçin, şol zäherden içip ölmegim gerek» diýipdir.
Şeýdip, keniz şerapdan bir bulgur alyp, birazrak içipdir. Kenizde sandyrama emele gelip, kelleagyry aýrylýar. Soňra gutulyp, keýpli halda öýüne gelýär we uky ony basmarlaýar. Näçe gije-gündiz gözüne uky gelmedik bu keniz bir gije-gündizläp ýatýar. Oýanan wagtynda, ol bu dertden halas bolandygyny duýýar. Ol bu ýagdaýy Jemşide gürrüň berýär. Jemşit hem şeraby dadyp görüp, lezzet alýar. Şondan soň şeraby köp kesellerde ulanyp, şypa tapypdyrlar hem-de «şaderman» diýip at beripdirler.

Hekaýat

Aýtmaklaryna görä, şerap Keýkubadyň döwrüne çenli rugsatly bolup, adamlar ony hemişe içipdirler. Bir gün Keýkubat sährada gezip ýörkä, bir garganyň ýerde süýnüp ýatan bir serhoşyň gözüni çokup duranyny görýär. Bu ýagdaýy gören Keýkubat şeraby haram edýär we: «Hiç kim şeraply oturlyşyk gurmaly däl we bu permany berjaý etmeli» diýip jar çekdirýär. Biraz wagtlap adamlar onuň gylyjynyň zarbyndan gorkup, şerap içmegi taşlapdyrlar.
Bir gün bir şir ýatagyndan gaçypdyr. Onuň adamlara uly zeperi ýetipdir we hiç kim ony tutup bilmändir. Bir ýaş oglan öňe çykyp, ylgap onuň gulagyndan mäkäm tutýar we ony ýere ýazýar. Soňra şiriň eýesi ýetip gelip, ony tutup zynjyrlaýar.
Bu ahwalaty gören şa şeýle diýipdir: «Serediň, bu nähili adam, serhoşmy ýa diwana?». Ýigidi şanyň ýanyna getirip, onuň bu ýürekliligi we gaýraty barada soranlarynda, ol şeýle jogap beripdir: «Men birnäçe wagt bäri agamyň gyzynyň yşgynda ýanyp ýörün. Agam meniň mümkinçiligimiň azlygy we garyplygym sebäpli gyzyny maňa berenok. Bu gün bolsa yşk ody soňky çägine ýetip, hyjuw güýji hetden aşdy. Öýde biraz köne şerap bardy. Ondan bir bulgur içip: «Janym tenimde wagty hiç bolmanda biraz wagt meniň ýüregimde yşk gamynyň yzasy kemeler diýdim». Şondan soň Keýkubat: «Şeraby garga gözüňizi çokar derejede içmäň, şiri zynjyrlar derejede içiň» diýip jar çekdiripdir.

Beýt

Şerap bir şadermandyr,
Çeni bilen içilse.
Dury suw hem zäherdir,
Çendenaşa geçilse.

Hekaýat

Jynlar we ynsanlar Jemşidiň golastynda bolup, olar Jemşit üçin beýik ymaratlar gurupdyrlar, ýerden hek çykaryp-dyrlar we köşklerdir hammamlar gurupdyrlar. Jemşidiň permany boýunça döwler onuň üçin piliň dişinden we saçdan araba ýasap, ony reňkli ýüpek bilen bezäpdirler. Jemşit onuň üstünde oturypdyr. Jemşidiň permany bilen döwler ony eginlerinde göterip, asmana uçupdyrlar. Olar Demawentden Babyla bir günde gelip ýetipdirler, ýagny bu aralyk olar üçin bir menzil bolupdyr. Bu waka baharyň ilkinji gününde, ýagny ösümliklere jan girýän, aryklaryň akýan we gülzarlyklaryň peýda bolýan möwsüminde, Ferwerdin aýynyň birinde ýüze çykypdyr. Şonuň üçin ajamlylar bu güni mübärek hasaplap, ony Nowruz diýip atlandyrýarlar we bu güni baýram edipdirler.
Taryhçylar bu rowaýaty getiren bolsalar-da, hakykatyň talabyna we şerigatyň hikmetine salgylansak, beýle sypat diňe Süleýman pygamberiň mugjyzasydyr . Allatagalanyň hikmeti bilen Süleýmanyň aýagy ýel ýaly ýyndam bolupdyr.
Süleýmanyň patyşalygy we mertebesi şeýle bir belent derejä ýetipdir welin, Günüň altyn tegelegi onuň islegine görä yzyna gaýtarylypdyr . Ol öz elleri bilen ýasan sebediniň bahasyndan arpa çörek edinip, şonuň bilen hem agzyny açýan eken. Päline, niýetine görä hem sogap berlipdir. Süleýman howa üzre gadam goýanda, onuň gadamy howada daýandyrylypdyr. Gurhan hem şeýle beýan edýär: «Süleýmana irden bir aýlyk, agşam bir aýlyk ýol aşýan ýeli berdik» .

Hekaýat

Aýtmaklaryna görä, Jemşit mülküniň giňdigini we güýjüniň kämildigini gören wagtynda, özüni unudyp, şeýtanyň aldawyna düşüp, gopbaryp, bendeligi özüne namys bilip, hudaýlyk dawasyny edip ugrapdyr hem-de halky özüne boýun bolmaga çagyrypdyr. Adamlar bu işi halamasalar-da, onuň gylyjyndan we syýasatyndan gorkusyna onuň «Hudaýdygyny» tassyklapdyrlar. Emma ahyrynda onuň haýbaty gowşap, bagty ýatypdyr, işleri bulaşyp, döwletiniň örki üzülipdir. Pars dilinde Biweräsp diýlip atlandyrylýan Zahhak Hymýary Ýemenden uly leşger we sansyz goşun bilen ýöriş edip, Jemşidiň üstüne duýdansyz hüjüm edýär. Jemşit söweşe taýýar bolmandygy sebäpli, halas bolmak üçin gaçmakdan başga ýol tapmandyr. Şeýdip, ol gaçypdyr. Zahhak onuň yzyndan leşger sürüp, uzaga gaçyrman Jemşidi tutupdyr we ony dinden çykyp, Hudaýlyk dawasyny edenligi üçin öldüripdir.
Aýtmaklaryna görä, Jemşit perişan bolan güni: «Her kim dine hormat goýmasa, din ony öldürer» diýen sözi diline getiripdir. Onuň höküm süren möhleti barada dürli pikirler bar. Käbirleri bäş ýüz ýigrimi ýyl, käbirleri bolsa ýedi ýüz on dokuz ýyl diýipdirler.

Hiç şanyň zulmundan ynjamaz ýaly,
Ýürekler jebirden-jepadan doly.
Sebäbi gördük biz erbetden-erbet,
Toprak äleminde köp geldi gabat.
Gündizden soň gije gujagyn açar,
Jemşitden soň Zahhak ol tagta geçer.

© Muhammet Awfy. "Hekaýatlar ýygyndysy" kitabynyň I jildi.
Pars dilinden terjime eden: D.Orazsähedow





Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 110 | Добавил: Bagabat | Теги: Muhammet Awfy | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 2
0
2 Nurdan   [Материал]
"Dury suw hem zäherdir,
Çendenaşa geçilse.".
Hawa, her zadyñ çeni-çaky bar, dürs ulanyp başarsak şerabyñam dermanlyk täsiri bar, gereginden artyk ulansak ýönekeý, suwam ýüregini bulap bilýär adamzadyñ. Manysy uly terbiýeleýjilik güýji ýokary hekaýatlar üçin sagboluñ, ýetirip duruñ.

0
1 Jeksparro   [Материал]
Isgender, Jemşit saldyran,
Beýik binalar görüner...

(Magtymguly Pyragy)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]