06:08
Deprek
DEPREK

Depilmek bir erbet zadam däl borly,
Ýanyberýäsiň
gözüňden ot syçrap,
içiňden alaw.
Görogly gaýrata galyberýäsiň.
Depmeseler,
iň bolmanda mendenem
Ses çykanok, how!

◇ TÜÝDÜK

Dünýäni yzyma düşürip,
eltýän ümüş-tamyş daňa.
Sesim diňlän çal möjekler
çümýär soňlanmaýan gama.
Adam!
Sen nä?
Aždarhalaň
özleri hem bendi maňa.

◇ "AÝAZ..."

Aýaz...
Doňak...
Şemal bar ýerde şuwlaýar...

Aý üstünde it uwlaýar....

* * *

Göwün tapman göwnüň ýere çökende,
Gök asmany elläp göresiň gelýär.
Goldaýan toparyň ýeňmese dagy,
Özüň futbol oýnaberesiň gelýär.

2014 ý.

* * *

Endamym ot alyp gelýär
Daglap gelýär ot meni.
Eý, meň mähriban söýgülim,
Öýkeleme elleriňi itäýsem,
Bu ýangyna, munça oda
Asla dözemok seni.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 96 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.6/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şemala / Goşgular - 18.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Aýdaýynmy?! / Goşgular - 23.01.2022
Финская мелодия / Goşgular - 24.01.2022
Goşgular / Goşgular - 17.01.2022
Заморозки / Goşgular - 24.01.2022
Pursat / Goşgular - 20.01.2022
Maslahat / Goşgular - 25.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Dillen durmuş / Goşgular - 17.01.2022



Всего комментариев: 7
0
7 Mähriban   [Материал]
Hoş sözleriňiz üçin köp-köp sagboluň!

0
6 Hyýalkeş   [Материал]
Ine, bular çuñ. Berekella!

0
5 Taryhçy   [Материал]
Suraý jigi örän synçy gyz bolmaly. Görseñizläñ muñ ediberşini:

Göwün tapman göwnüň ýere çökende,
Gök asmany elläp göresiň gelýär.
Goldaýan toparyň ýeňmese dagy,
Özüň futbol oýnaberesiň gelýär.

0
4 Aksary   [Материал]
Depmeseler,
iň bolmanda mendenem
Ses çykanok, how!

Bäh şu setir-ä diýýänim hakyt

Iñ soñky goşgam gowy eken ömrüñ bolsun uýam!

0
3 mango   [Материал]
suraý hanym, bu kiçijek "suratlaryňy" synlap, orta asyr golland suratçylary ýada düşdi. ol golland suratçylarynyň aýratynlygy - olar kartinalary kiçi (kiçijek) ölçeglerde çekipdirler.
menem saňa bir kiçijek "kartina" synlatmak isledim.
garaşyp ýatan biriniň suratjygy.

Ýatyryn

Ine, kölegäm,
boýumy aşdy.
soňra,
Gün ýaşdy.
ýatyryn
garaşyp...

0
2 mango   [Материал]
5-lik.
"deprek" bilen "aýaza" ýyzzylly 5-lik.

0
1 Tumarly   [Материал]
Hemmesi gowy. Elleriñe güller bitsin!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]