01:42
Deñizçiniñ aýdymy

DEÑIZÇINIÑ AÝDYMY

Şu äpet tolkunlar gaýygym bolsun,
Şu kiçi gaýygym - tagtymdyr meniñ.
Eger dolanmaga birje maý bolsa,
Dolanyp biläýsem bagtymdyr meniñ

Ýogsa,uly ýola ýalñyz gaýykly
Kiçijek gaýykly, eýse, kim çykýar?!
Gowy zady wada bermeýän ýaly,
Deñiz öñküsinden bulanyk akýar

Gögüñ ýüzi bagtym ýaly garadyr,
Çakýan ýyldyrymam hasratym meniñ,
Hudaý bilsin, indi nirä baradyr?!
Ugrumy ýitirip, entedim telim.

Bu tolkunlar azaşdyrdy kän meni
Kän taýdyrdy şekili ýok damjalar,
Namart bolsam, goý, aparsyn gaý meni,
Şonda, belkem, gowga kalbym y:njalar

Şu äpet tolkunlar gaýygym meniñ,
Egnimiñ üstünde şu äpet asman.
Ýöne, biri garaşaýsa kenarda,
Onda men dolanyp gelerin hökman.

Bägül ATAÝEWA.

"Garagum" žurnaly, 11/2020


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 95 | Добавил: Елена_Прекрасная | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýagşydyr / Goşgular - 25.05.2021
Конекесир мой! / Goşgular - 19.03.2021
Eý, dost! / Goşgular - 25.03.2021
Uzakdaky dosta / Goşgular - 15.04.2021
Kaýyllyk / Goşgular - 30.01.2021
Aýralyk / Goşgular - 22.02.2021
Bahar / Goşgular - 13.03.2021
Arzanladyş / Goşgular - 11.04.2021
Sen meniñ dünýämdiñ? / Goşgular - 22.02.2021
Nowaýy halan / Goşgular - 03.02.2021
Всего комментариев: 11
0
Haweri neşir wagtyny goyayyn diydim. Köpüsinde yok entegem, olary soñ goyuşdyraryn

0
Garagum zurn, noyabr 2020

0
9 Jumjume   [Mowzuga geç]
"Bu tolkunlar azaşdyrdy kän meni "- DURMUŞ

"Kän taýdyrdy şekili ýok damjalar" - IKIÝÜZLILER ya-da TÜKENIKSIZÝÜZLILER

Deñiz - Ykbal. Adamyñ öz ykbalyna ýüzlenmesi ýaly:
"Namart bolsam, goý, aparsyn gaý meni,
Şonda, belkem, gowga kalbym y:njalar "

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Bu aýdym kimiň aýdymy?
Deňizçiniňmi, Bägüliňmi?
Kimiň bagty gara?

Gögüñ ýüzi bagtym ýaly garadyr,
Çakýan ýyldyrymam hasratym meniñ,
Hudaý bilsin, indi nirä baradyr?!
Ugrumy ýitirip, entedim telim.

Hudaý bilsin, ýolum nirä baradyr?! - diýilse dogry ýaly.

Ýöne, biri garaşaýsa kenarda,
Onda men dolanyp gelerin hökman.

Düşnükli, ýöne garaşmasalar dolanjak dälmi?
Osoňam, deňizçi deňze balyga çykandyr, balygyny tutubam dolanarda.
Ýa “meniň garaşjagym ýok” diýip özüne kas etmäge deňze çykdymyka?

0
Men ä bu goşgyny görerlerem öýtmedim. Az wagt durdy bu sahypada. Soñundan Haweran edil gara bulut ýaly içini boşadyp tema baryny açdy. Şonda da okapdyrlar muny tapyp

0
1 Revo   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy.
Gowy zady wada bermeýän ýaly,
Deñiz öñküsinden bulanyk akýar - deňiz bulanyk akyp bilýärmikä?!

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Ol deňiz kaspiý bolsa-ha akmaly däl... (köl bolany üçin)...
Amyderýaň bulanyk suwuny garyşdyrypdyr ýaly.

0
.

0
.

0
7 mango   [Mowzuga geç]
Suw Hakyñ didaryny gören.

Bu söze gönüden-göni hakykat diýip düşünmelimi, ýa edebiýat-hyýal-deňeşdirme?

0
Hakykatdyr @ mango

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]