00:12
Deñiz guşum
DEŇIZ GUŞUM

(Aýdym)

Deňiz guşum, deňiz guşum,
Aýt, nireden geldiň çöle?
Azaşdyňmy, çarlak guşum,
Ýör, gideýli biziň ile.

Ýör, gideýli Hazar ile,
Seýil edeýli biziň ile.

Hanha barýar akja ýelken,
Howalanýar goja Balkan.
Şagadamda tutup mekan,
Owaz eýle çarlak guşum.

Şatlanaýly ördek-guwa,
Aýlanaýly Gyzylsuwa.
Guwanaýly tämiz howa,
Ýaýna mydam deňiz guşum.

Bahry-Hazar galkynanda,
Oýna deňiz tolkunynda.
Awazanyň alkymynda
Owazyň eşdilsin guşum.

Owazyň eşdilsin guşum,
Guba gazym-deňiz guşum.

9.02-21.03.1991





Категория: Goşgular | Просмотров: 70 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 4.2/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ykbala haýyş / Goşgular - 14.01.2022
Bagyşla / Goşgular - 14.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
Ýitmek / Goşgular - 12.01.2022
Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
Magtymguly / Goşgular - 04.01.2022
Dostuma / Goşgular - 15.01.2022
Это я... / Goşgular - 11.01.2022
"Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Mähriban   [Материал]
Şu aýdymy diňlesem ýa hiňlensem , edil deňzi gören ýaly bolup gidýän, şeýle aýdymlaň höwri köp bolsun! Allaýar aga, ömrüňiz uzak bolsun!

0
1 Perо   [Материал]
Iñ halaýan aýdymlarymyñ biri. Sözem, sazam ýerine düşüpdir. Allaýar aga janyñyz sag bolsun! Şeýle eserleriñiziñ höwri köp bolsun!
Sazy kimiñkikä?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]