17:33
Deñiz bol!

DEÑIZ BOL!

Sary bulut gezýär deñziñ üstünde,
Kümüş gämi gezýär deñziñ ýüzünde.
Sary balyk gezýär deñziñ içinde,
Mawy otlar ösýär deñziñ düýbünde.
Ýalañaç adam dur deñziñ boýunda,
"Men näme bolsamkam?.." diýip oýlanýar.
"Balykmy,
              Bulutmy,
                           Gämimi?
                                         Otmy? -
Men näme bolsamkam?.." diýip oýlanýar.
Olaryñ hiç haýsy bolma, doganym,
Deñiz bol!
               Çaýkanyp duran deñiz bol!
Deñiz bolsañ,
                  balygyñ bor,
                                     otuñ bor,
Gämiñ bor,
                depäñde sary buludyñ bor!..

1958 ý.

Nazym HIKMET.

Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Nazym Hikmet | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýazlaryñ ýurdy / Goşgular - 01.06.2021
Aşyklar gününe / Goşgular - 14.02.2021
"Bolup bilmedik biz atamyz ýaly..." / Goşgular - 05.02.2021
Психея / Goşgular - 03.06.2021
Halypalyk / Goşgular - 03.06.2021
Selbime / Goşgular - 16.03.2021
Watan mähri / Goşgular - 09.01.2021
Dagdan agajy / Goşgular - 05.02.2021
Kalbyňyzda ýer goýuň / Goşgular - 23.05.2021
Ýodajyk / Goşgular - 08.02.2021
Всего комментариев: 3
0
3 Revo   [Mowzuga geç]
Sary bulut - bu şapagyň şekillendirmesiniň bir görnüşimi?!

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Terjimä synanyşmak aýyp däldir-ä.
Bu-da menden bolsun.

DEŇIZ

Üstünde ala bulut
Ýüzünde kümüş gämi
Içinde sary balyk
Düýbünde mawy otlar
Kenarda çyplak adam
Oý-pikire batyp dur
Bulut bolsammy, gämi bolsammy?
Deňiz otumy, balyk bolsammy?
Ne o, ne-de bu, hiçisi bolma
Bolsaň deňiz bolgun, oglum
Şonda buludyň bolar, gämiňem bolar
Balygyň bolar, otyňam bolar
Deňiz bolmalysyň oglum, deňiz…

Nazym Hikmet Ran

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Originaly original bolaýýar.

DENİZ

Üzerinde ala bulut
Üstünde gümüş gemi
İçinde sarıbalık
Dibinde mavi yosun
Kıyıda çıplak adam
Durmuş düşünüyor
Bulut mu olsam, gemi mi yoksa
Yosun mu olsam, balık mı yoksa
Ne o, ne o, ne o, ne o
Deniz olunmalı oğlum
Bulutuyla, gemisiyle
Balığıyla, yosunuyla
Deniz olmalısın oğlum Deniz...

NAZIM HİKMET RAN

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]