16:31
Demirel, Özal we Inönü...
DEMIREL, ÖZAL WE INÖNÜ...

Öñki ýolbaşçylar henek atyşmagy gowy görýän degişgen adamlar eken...
Henek näme? Henek - hoşniýetlilik, adamlaryñ biri-birlerine düşunişmegidir.
Türkiýäniñ merhum Prezidenti Turgut Özal aşa semiz, Erdal Inönü bolsa inçemik, hor adam bolupdyr.
Baýramçylyk günleriniñ birinde Turgut Özal Erdal Inönä:
- Seni gören ýurtda gytçylyk bardyr öýder, birazajyk iýjek bol, Erdal beý - diýenden, Erdal Inönü oña jogabyny şapladypdyr:
- Hormatly Özal, seni görenem bu gytçylygyñ sebäbine derrew düşüner!
Ýene bir baýramçylykda Süleýman Demirelden sorapdyrlar:
- Ýurduñ ýagdaýyny bir söz bilen aýdyp bilersiñizmi?
Demirel:
- Bir söz aýtmaly bolsa "Gowy"! - diýýär we sözüniñ üstüni ýetirýär: - Emma iki söz bilen aýtmaly bolsa "Gowy däl!"





Категория: Degişmeler | Просмотров: 75 | Добавил: Gökböri | Теги: Türk henekleri | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Degişmeler bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]