13:18
Demir döwügi / satiriki hekaýa
DEMIR DÖWÜGI

Ol mama dişän uzyn burnuny owkalap başlady. Bu endigine haýranlar galardy. Çünki "Çakyr" diýlip ýazylgy budkanyñ töwereginden geçiberse, burny gijäberýärdi. Budka girip, gan reñkli çakyrdan bir stakan püre-pürledip, başyna çekdi. Aşgazanyna soguljan düşene döndi. Myrtar ajykdy. Hasyr-husur özüni aşhana urdy. Goşa-goşadan nahar, daşynyñ gök-sökleri bilen alyşdyryp, misli, stanok kimin işläp başlady. Dürtgüç iki ýana mäki deýin gatnap, eti, hyýary, turpy, kartoşkany... haýalladyp barýardy. Owurtlary çişip, ol sement garýan barabany ýada salýardy. Dişleri bolsa degirmen daşyñ wezipesini ýerine ýetirýärdi.
Birdenkä agzynyñ içinde bir zat "gyrs" etdi-de, äñleriniñ hereketi tapba togtady. Biçäränin dişi döwläýdi öýdýän, bijaý agyrydan ýaña ýüzi-gözi üýtgäp gitdi. Agyrysy gowşan badyna uzyn dili bilen agzynyñ içindäki nägehany gözläp ugrady. Ilki owurdyna daş bölejigi düşendir öýtdi. Çykaryp görse, demir bölegi eken. Ep-esli bar - otluçöpüñ dänesiniñ ýarysy ýaly. Muny görüp, zähresi ýarylara geldi.
- Afisýantka! - diýip, ol owurdyndaky nan bölejiklerini töweregine syçradyp çygyrdy.
Gap-gaçlary ýygnaşdyryp ýören ak halatly bir zenan allaniçigsi jynssyz gygyranyñ ýanyna bardy.
- Bagyşlan, bu ýeri restoran däl, garbanyşhana. Size näme gerek?
- Näme gerek diýýäñiz? Muña bir serediñ-ä! Birden ýuwudyp, öläýen bolsam, kim jogap bererdi? Getiriñ "Şikaýat depderçäñizi".
- Jan dogan, näme meñ üstüme gygyrýañyz? Nahary men bişirdimmi? Aşpeze gygyryñ!
Aşpez müşderiniñ elindäki demir bölegini alyp, ony gözden geçirip, gaşlaryny gerdi:
- Nahardan çykdymy şü?
- Hawa, hut şundan, nahardan, agzymdan çykdy. Tas bilmän ýuwudypdym.
Aşpez ýalt edip, onuñ elindäki dürtgüje seredip, birdenem hahaýlap gülüp başlady.
- Hatyrjem boluñ, agasy! - diýip, ol müşderä kinaýa bilen garady. - Öte işdämen ekeniñiz. Nahary dannawsyz iýip otyrkañyz dürtgüjiñ bir dişini üzüp taşlaýypsyñyz-a?!

Kämil MUHAMMEDOW.

Özbekçeden terjime.

"Watan" gazeti, 1996 ý.




Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 72 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kämil Muhammedow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 Bagabat   [Материал]
Äheňdeş henek. Ependili.

Ependi bir gün horaşaja garbanyşhana sowlupdyr-da, iň arzan nahary sargyt edipdir. Nahary iýip ugranda onuň içinden hapa esgi çykypdyr. Gahary gelen Ependi hyzmatçy ýigdi ýanyna çagyryp, esgini görkezipdir:
-Ine siziň maňa beren aşyňyzdan näme çykdy!
Hyzmatçy ýigit piňine-de däl, hatda ýüz-keşbinem üýtgetmän jogap beripdir:
-Näme ýaşuly, dagam iýýäniň ýuwundy bolsa, içinden agar çäkmen çyksynmy?!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]