15:00 Debýut | |
DEBÝUT Men - ýer ýüzündäki ilkinji adam: ody birinji gezek görýän topragam, suwam, howanam. Men transa düşdüm ýok, ýere toba sogap etmek üçin düşdüm. Ýalňyşdym. Ýa-ha öň egridim ýa soň egreldim. Dogrulandym gaýtadan adam bolmagy öwrendim. Sebäbi men - Adamy:m (erkek) Adama mynasyp aýal (Adam) bolmaly Howadym. ♢ HOW ENÄNIŇ ADAM ATA AÝDANLARYNDAN Ojar odun ýakaly biz. gyşda sowuk bolar. galyňjak geýin. içmegiňem geý, gulakjynyňam. menem daňnaýyn ýaglygym. galoşymam geýeýin ýüň jorap bilen. gaýnadymyka çaýymyz?! gara öýüň ýyljajyklygyn!... ynha, Kündük. ynha, taýak. haýsysy gerek?! gowurdagam bar, Çöregem. kişdämizem bar ekeni azajyk. ýapsana, oglan, gapyny! sowuk alaýmasyn birden. Sensiz gyşlar sowuk boldy, Ezizim! Suraý BABANYÝAZOWA. | |
|
√ Катамаран / Goşgular - 26.02.2022 |
√ Meni saklap bilermiň sen? / Goşgular - 15.01.2022 |
√ Köňül pelsepesi / Goşgular - 01.01.2022 |
√ Şahyr hakda rowaýat / Goşgular - 22.02.2022 |
√ Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022 |
√ Bolar / Goşgular - 19.01.2022 |
√ Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022 |
√ Garrylar gerek / Goşgular - 19.01.2022 |
√ “Ýöne hakykaty aýtmaly bolsa...” / Goşgular - 31.01.2022 |
√ Предтеча / Goşgular - 17.02.2022 |
Всего комментариев: 2 | ||
| ||