11:15
Daýhan
DAÝHAN

Daýhan,
Ýer başyndan dolanyp geldi.
Geldi-de ellerini ýuwdy,
Aýaklaryny ýuwdy.

Onsoň,
Topragyň üstünde,
Namaza durdy.





Категория: Goşgular | Просмотров: 146 | Добавил: Aziza | Теги: Annamuhammet Sada | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Watanym / Goşgular - 18.01.2022
Новогодний тост / Goşgular - 15.01.2022
Дума вассалов / Goşgular - 20.01.2022
Беатриче / Goşgular - 24.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Pursat / Goşgular - 20.01.2022
Gussa / Goşgular - 14.01.2022
Клянусь / Goşgular - 11.01.2022
Gül kimin / Goşgular - 03.01.2022
Seň Adyň / Goşgular - 21.01.2022



Всего комментариев: 10
0
10 Jeksparro   [Материал]
Gysgajyk hekaýa hem çalym etdi...

0
9 Mähriban   [Материал]
Bary-ýogy 15 söz, ne giden many! Ýetireniňiz üçin sag boluň!

1
4 Nurdan   [Материал]
Sagbol @Aziza, ýetirip dur,

1
3 Nurdan   [Материал]
Gysgajyk setirlere uly many,

Dogrydanam şeýle :
"onuň şygry başga bir dünýägaraýşa eýe ýaly." ýaly..

2
2 Bagabat   [Материал]
Türkmensähranyň sonky ýyllarda iň meşhur şahyrlaryndan biri bolan Anna Sada 1958-nji ýylda Kümmethowuz şäherinde dünýä indi. 2003-nji ýylda janyna kast edip, aradan çykan Annamuhammet Sada ençeme ýyllap Germanýada ýaşap, watanynyň hasratyny çekipdi. Şahyr goşgularynda türkmen şygyrlaryna täze bir äheň goşmaga dyrjaşýana çalym edýär, göwnüňe bolmasa onuň şygry başga bir dünýägaraýşa eýe ýaly.

ОJAGYM

Saňa ojagym diýýän
Saňa düýnüm
Şu günüm
Saňa
Geljegim diýýän
Ojak agöýleriň keramatydyr
Ojak diriligiň alamatydyr.

1
5 Revo   [Материал]
Örän gowy goşgy.

0
6 Bagabat   [Материал]
Dogry.
Birew: "Gum-la!" diýip topraga tüýkürýär.
Beýlekisi: "Keramat!" diýip alnyna togap edýär.
Nätjek?!
Her kime bu dünýe birhili açylýa-da...

1
7 Revo   [Материал]
Serdar aga, meň pikirimçe toprak biziň barymyz bolsa-da, toprakda keramat ýokdur-da (her bir janly, öz hususy gurluşy bolan, özünde energiýa saklaýan zatlar mukaddesdir, oňa söz ýok), topragy keramata deňeýän ynsanda keramat bardyr.

0
8 Bagabat   [Материал]
Bäh!
Mundan tutduň-ow!
Şu wagt işim agdygrak.
Ýöne onda-da, şahyrsyrap aýtmyş:
"gözüm işde,
elim klawişde" etsem...
Ikelläp gollaýan.
"Мера всех вещей человек" - bu filosofiýaň elipbiýleýin aksiomasy (jedelsiz kesgitlemesi).
"Yns bolmasa jynsyňam, jisimiňem manysyny anyklamak kyn" diýýäň-dä...
Beýleki tarapdan hurufizmiň "Enel Haky"-na-da çalarak kakdyrýaň.

1
1 mango   [Материал]
(bagabat daýyň aýdyşy ýaly) bu ilkinji impuls...
ikinji impulsynam barlamaga höwes döredi.
eýran türkmen edebiýaty bilen tanyşmak gyzykly.
üstünlikler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]