10:28
Dawud patyşa hakda rowaýat
DAWUD PATYŞA HAKDA ROWAÝAT

Dawud patyşa sowal beren Ezraýyla:
"Hepdäñ haýsy güni janym alarsen!"
Ezraýyl hem jogap gaýtaran oña:
"Jan almaga şenbe güni gelermen".

Dawdu kän oýlandy gutulmañ ýolun,
Ýada saldy Töwrat okaýan çagy
adama Ezraýlyñ degmeýänini.
Ele alyp her şenbede kitabyn,
Gaýtalady doga-sürelerini...

Emma bir gün Dawud okap otyrka,
Gulagyna goh-galmagal eşdilýär.
Ol bu sese köşkden ylgap barýarka
Büdräp, seei harsañ daşa urulýar...
Ezraýyl şolbada janyny alýar.

Netije: Kysmatdan gutulma ýok.

Hemra HUDAÝGULYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Haweran | Теги: Hemra Hudaýguly | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
Arzanladyş / Goşgular - 11.04.2021
Sen maňa dymma diýme!.. / Goşgular - 10.02.2021
Wagt hem söýgi / Goşgular - 08.02.2021
Gojalyk / Goşgular - 03.04.2021
Yşk öýüm / Goşgular - 26.02.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
Duralgada / Goşgular - 12.03.2021
O ýer.. / Goşgular - 07.02.2021
Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny... / Goşgular - 10.02.2021



Всего комментариев: 5
0
3 Revo   [Материал]
Tagat-ybadaty nirde edeniňde bolman dur. Panyda etdiň nä, bakyda. Hawa, bu ýerde eden ýagşy amallaryň bilen behişde edeniň deň bolmaz diýmegiňiz mümkin, ýöne, Alla tagala size ýagşy işleri amal etmek üçin belli bir wagty, purujany bellän bolsa, bu diýmek size şol wagtyň, ähli işleriňizi amal etmäne ýeterlik boljakdygyny aňlatmaýarmy.

-1
4 Haweran   [Материал]
Bakyda tagat-ybadat ýok. Wessalam.

0
5 Revo   [Материал]
Günälerimizden saplanmak üçin dowzah ataşlaryna ýanamyzda, sabyr, takat we behişdiň üst gatlaryna çykmak üçin bolsa, zikir, ybadat etmegimiz gerekmikä diýipdim.
Töwradyň girişindäki Hudaýyň dünýäni we adamzady alty günde ýaradyşy hemde ýedinji güni aýratyn gün hökmünde ýalkaýşy we ýewreýleriň şoňa esaslanyp her hepdäniň şenbe güni şabbat baýramyny belleýänini bilýärin. Ýöne bu Dawut pygamber döwründi hepde we hepde günleri düşünjesiniň bolandygyny we Töwratdaky agzalýan günleriňem biziň häzirki günlerimiz bilen laýyk gelýänligini aňlatmaýar. Sebäbi, Töwratda Hudaý asmandaky şam-çyraglary (güni, aýy we beýleki asman jisimlerini) dördünji gün ýaratýar.

0
1 Revo   [Материал]
Kysmatdan gutulma ýoklugyna düşündik-de, ine, Dawut pygamberiň halyna düşünmedik. Allanyň ýerdäki wekili, öz hökmürowanynyň ýanyna gitmekden gorkýarmy?! Örän geň. Birem Dawut aleýhyssalam döwründe, ýyl, pasyl, aý, aňlatmalary bolsa bolandyram welin, hepde we hepde günleri diýen ýaly düşünjeler bolan däl bolsa gerek. O wagtlar ol düşünjeleriň geregem ýokmyka diýýän.

0
2 Haweran   [Материал]
Ýalñyşmasam, Ýunus pygamberdi öýdýän, bakyýete göç etmeli pursaty gelende, ses edip aglanmyş diýýä. Ezraýyl geñ görüp: "Hakyñ pygamberine gelişenok bu bolşuñ, ölümden gorkup aglaýañmy? Allanyñ huzuryna gowuşjagyña begenmeli dälmi gaýtam" diýse Ýunus pygamber: "Men ölümden gorkup aglamok, şu dünýäde eden tagat-ybadatlarymyñ az boljagyna gynanyp aglaýan, käşgä, ýene biraz ömür sürüp, ýene biraz ybadat etsem bolmaýamy" diýipdir...
Gorkut atanyñam ölümden "gaçyşy" barada hekaýat bardyr..
Meselä birtaraplaýyn baha berýäñiz. Pygamberleriñ, aryflaryñ, danalaryñ ahwallaryna biz ýalylara baha kesdirmek kyn düşer..
Hepde we hepde günleri düşünjesiniñ bolanlygyny-bolmanlygyny bilmek ü.nem gadymy ýewreý ynanç sistemasyny bilmeli, ýewreýlerde şenbe güni - Haka ybadat edilýän, iş däl güni hasaplanýar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]