19:33
Daşarda gar
DAŞARDA GAR

daşarda ýagýan gar
fonarlaryň üstüne düşýär
serçeler
üşeýär

gyralary çala ýanan
sahypalaryna gan
syçran
kitapdan
okaýan
Nazym Hikmeti

daşarda gar ýagýar
barýar
dag restoranyna
baý
şäherliler

gar ýagýar daşarda
iberen soňky hatyňdan
Ystambulyň
howasy kükeýär

daşarda gar ýagýar
söýýärin seni ýar

Behçet Aýsan
(1949-1993)

Terjime: Mango

• DIŞARDA KAR

kar yağıyor dışarda
sokak lambasına düşüyor
ve serçeler
üşüyor

kenarları hafifçe yanmış
sayfalarına kan
sıçramış
bir kitapta
nâzım hikmet
okuyorum.

dışarda kar yağıyor
ve dağ lokantasına
gidiyor
zengin
kasabalılar.

kar yağıyor dışarda
mektubun yeni gelmiş
istanbul
kokuyor.

dışarda kar yağıyor
seni seviyorum.

Behçet Aysan
(1949-1993)

• НА УЛИЦЕ СНЕГ

За окном идет снег
падает на уличные лампы
и воробьи
мерзнут

в книге
края которой слегка обгорели
страницы сбрызнуты
кровью
я читаю
Назыма Хикмета

за окном идет снег
и в рестораны на горах
идут
богатые
горожане

за окном идет снег
вот и пришло письмо от тебя
пахнуло
Стамбулом.
за окном идет снег
я люблю тебя

Бехчет Айсан
(1949-1993)





Категория: Goşgular | Просмотров: 107 | Добавил: mango | Теги: Behçet Aýsan | Рейтинг: 2.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Ömür düýşi / Goşgular - 13.01.2022
Это я... / Goşgular - 11.01.2022
Magtymguly / Goşgular - 04.01.2022
Цветы Сахары / Goşgular - 11.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022
Песнь Смерти / Goşgular - 15.01.2022
Adamyň maksady / Goşgular - 16.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 15
0
15 Aksary   [Материал]
Düşnükli

0
13 Perо   [Материал]
Fundament sözüni "esas" dp öwretdiler bize-hä

0
14 Revo   [Материал]
Binýat, esas, temel, fundament...

0
7 Ejeşa   [Материал]
Nätdi men goşgy yazsam boljakmy

0
8 Aksary   [Материал]
Eliñdäki bar bolan barlyklara şükür et,olar ozal siziñ arzuw edenlerñiziñ içindedi
Oýun etdim,asyl siz aýlyk çekýän ekeniñiz:)

0
9 Revo   [Материал]
Talantyňyz beýik ymaratlaryň B40 markaly beton bilen goýulan fundamentlerini ýarýar. Hasam, şu sowukda üşeýän serçäni kowalap tutup, öýe salyp, rehm etmeli ýeri örän duýgusal bolupdyr. Badyňyzy gowşatman, şu tempde, diňe, öňe dowam ediň. :)

0
10 Aksary   [Материал]
Saýtdaşlar fundament sözi türkmençe nähili bolýar?

0
11 mango   [Материал]
saýt sözi türkmençe nähili bolýar?

0
12 Aksary   [Материал]
Ikisinem bilmedim!onda nämçün ýazdyñ diýsene.

0
6 Ejeşa   [Материал]
Daşarda, sowuk
Üşeýär gyş
Gar üşeýär
Fanar ýananok
Üşese serče
Adam bol
Rehm et
Tutda öýe sal
Bolamda nä şäherli
Restorana girmäge
Yagday ýok
Sebäbi pul ýok
Iki aylyk bir ayda
Baryn sowurdyk!

0
5 Tumarly   [Материал]
Gowy terjime

0
4 Bagabat   [Материал]
Darajyk köçeleň keýpi üýtgeşik...
plaş,
zont,
pätiňke –
– keýphon gadam urýaň.
Ötegçiler ötýär syýyn süýkeşip,
Kafejikden kapuçino bark urýar...
Kölçeden-kölçä towusýar suduryň,
Köçäň keşbinde raks oýnaýar ýagyş.
Tigirli gygyrýar: “Seresap boluň!”.
Pyýada gygyrýar: “Seresap sürüň!”.
Baristoň eli çekýär howada nagş,
Diýýän deý: “Kofe gutarmanka geliň!”.
Witrinadan syrly garaýar gözler...
Gözler, gözler!
Sizi näme gynaýar?
Belki, aýdylman galan ajy sözler,
Bulgurdaky kofäni ajydýandyr?...

2
2 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Şulary okanymda bir sorag ÿüze çykÿar: Dogrudanam türkçeden, azeriden türkmen diline geçirilen tekstlere terjime diÿip bolýarmy??? Bu dilleriñ 70-80 prosent sözleri biri-birine meñzeş, türkmençeleşdiren diýenimizde nähili bolarkan?? Sebäbi terjime hasam şygyryñ terjimese, göwnüme bolmasa başga bir dünýä ýaly!? Mango daýy gaýrat edip jogap gaýtaraýsa minnetdar bolaryn!

1
3 mango   [Материал]
Ybraýym, daýy. näme diýip bilerin? käşgä dil ugrundan bilýän zadym bolsa...
dogry, diýşiň ýaly 80% (şu goşguda-ha 95%) meňzeşlik bar türk, azeri... dilleriniň.
şo sebäpli, terjimäň ýerine türkmenleşdirilen hem diýip bolar.
eýle boldy, beýle boldy, bir süri döwlet boldy diýlişi ýaly aslymyz, kökümiz birem bolsa döwlet, medeniýet, ykdysadyýet boýunça aýry-aýrylaşyp ýaşaýarys. islesek islemesek tapawudymyz ýüze çykýar, şo bir zadyň aýdyşynda her dilde öz owadanygy bolup biler....
(edebiýatçy däldigimi aýtmak bilen) ýokarky goşgudan mysal.
türkçesindäki (originaldaky): "kenarları hafifçe yanmış sayfalarına kan sıçramış (kitap)" sözünde sazlaşyk "ýanmyş-syçramyş"-da...
türkmençeleşdirilende (terjimede :-)) bolsa tapawutly: "gyralary çala ýanan sahypalaryna gan syçran".
sazlaşyk "an"-larda hem kem däl ýaly. "ýanan-syçran"-yň arasynda "gan" hem erbet eşdilenok. hatda "gan syçran" - has saz ýaly.... (deňemek üçin: "kan syçramyş- gan syçran)...
uzyn gep etdim.... gysgaltsam.. türk goşgusyny türkmençeleşdirilen diýip bolar, edil şonuň ýaly türkmen goşgynam türkçeleşdirilen diýip bolar. ýöne terjime diýilse dogry ýaly, sebäbi dil hökmünde (kök birem bolsa) häzirki döwürde aýrylaşdyrma bar....
many taýdan ikisem dogry.
ýöne ýagdaýlarymyza görä terjime diýip kabul etmeli ýaly.

0
1 Mähriban   [Материал]
daşarda gar ýagýar
söýýärin seni ýar

Üstünlik hemraňyz bolsun, Mango!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]