07:11
Dañ
DAÑ

Säheriñ päkligne dowamat dünýe
Diñleýär meýmiräp ertiriñ ýañyn.
Ak days yşkyna düşen guşlaram,
Şadyýan saz edýär:
"Turuñ, oýanyñ!"

Zemin şeýle ajap,
Dañyñ goýnunda
Gül näz eýläp, ak çeşmeler gülüşýär.
Dünýe gije bilen hoşlaşan çagy,
Päk niýetli gündiz bilen görüşýär.

Kem-kemden ýagtylyp asmanyñ ýüzi,
Güneşem ýylgyryp gelýär salama.
Şu pursatda dünýe şeýle tolgunýar,
Täzeden dogulýan ýaly hamana...

Nurjemal BAÝRAMOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 46 | Добавил: Haweran | Теги: Nurjemal Baýramowa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Nyşan / Goşgular - 08.02.2021
Bahara hat / Goşgular - 20.02.2021
"Ägirt heñ bar ýumruk ýaly ýürekde..." / Goşgular - 11.04.2021
Habar / Goşgular - 16.02.2021
Umman kartinasy / Goşgular - 16.02.2021
Göresim geldi / Goşgular - 29.05.2021
Bu dünýä özüni görer özümde.. / Goşgular - 06.01.2021
Ырка / Goşgular - 06.03.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021
Gökdepe galasy / Goşgular - 11.03.2021



Всего комментариев: 2
0
2 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Saheriñ päkligi siñen setirler, menem meÿmiräp okadym. Belki-de okap meÿmiredim!?

0
1 mango   [Материал]
Dünýe gije bilen hoşlaşan çagy,
Päk niýetli gündiz bilen görüşýär.

Kem-kemden ýagtylyp asmanyñ ýüzi,
Güneşem ýylgyryp gelýär salama.
Şu pursatda dünýe şeýle tolgunýar,
Täzeden dogulýan ýaly
hamana...
----
öňem biri diýýädi:
gündiz – diýmek güneş bar.
güneş bar – diýmek gündiz.
gije – diýmek güneş ýok.
güneş ýok – diýmek gije.

dogulýan kişi nähili duýguny başdan geçirýänini aýdyp bilmez, ýöne pikirimçe tolgunýan däldir, belki aljyraýandyr.....
çaga özüniň öwrenişen dünýesinden gopup nätanyş bir dünýä düşeninde aljyramasyndan, gorkusyndan.... (eger ol duýgular bar bolsa) aglaýandyr....
Nurjemal hanymyň bu ýerde hödürleýän ilkinji goşgusy öýdýän.
üstünlikler.
dowam et.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]